Düşündiriş işleri işjeňlige eýe

29 Awgust 2023
526

Bosagada oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümleriň biri bolan pagta ýygymy. Daýhanyň ýylboýy azap siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygmakda kombaýnlaryň mehanizatorlaryna möhüm orun degişlidir. Şonuň bilen baglylykda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlarydyr düşündiriş işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda geçirilýän okuw maslahatlaryň hem ähmiýeti uludyr. Hünärmenler pagtanyň gymmatly baýlykdygy, möwsümde tehnikany bökdençsiz işletmek we onuň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak arkaly hasyly ýitgisiz ýygmagyň wajypdygy barada aýdyp, pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.