Sogaply käriň eýeleri

25 Awgust 2023
551

Düýn paýtagtymyzdaky «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde «Ussat bagban» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Oba hojalyk hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň bilelikde yglan eden bu hünär bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem paýtagtymyzdan onuň deslapky tapgyrlarynda üstün çykan bagbanlar gatnaşdylar.

Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Oraznepes Öwezgeldiýew, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Döwletjan Öwezmyradow, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Gülgün Agamämmedowa, Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ylmy-önümçilik synag hojalygynyň möwsümleýin kärendeçi bagbany Baýramdurdy Gurbanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkeziniň bagbany Jennet Towyýewa, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bekrewe tokaý hojalygynyň işçi bagbany Wepa Jumadurdyýew dagy bar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».