"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şahyryň «Durnalary» — öz durnalarymyz

Bu makalamyzy şeýle atlandyrmagymyzyň özüne ýeterlik sebäbi bar. Şol sebäp bizi şahyr Gurbannazar Ezizowyň edebiýata gadam basan talyplyk döwrüne we onuň yz ýanyndaky ýyllara alyp gidýär. Gurbannazar Ezizowyň goşgulary ol ýyllarda Günbatar edebiýatyna başy bilen berlen, milliligi we edebi däpleri pitiwa etmeýän, hatda türkmen nusgawy edebiýatyndan we halk döredijiliginden habarsyz ýa-da az habarly şahyr hökmünde duýulýardy. «Iki gep — bir jady» diýleni. Ol gepleriň talyp aňymyzy garyşdyryp, «Dogrudan-da, şeýle bolaýmasyn?» diýip, aram-aram oýa batanymyzy gizläp oturmalyň. Çünki nusgawy edebiýat, halk döredijiligi, edebi däpler ýaly düşünjeler milli şygryýetiň jan damary ahyryn. Emma bu düşünjeleriň düýp manysyna Gurbannazar talyplyk ýyllarynda oňat düşünipdir, biz welin «millilik», «edebi däpler» diýlen ýaly düşünjeleriň «basmagalyp» (trafaret), öňden gelýän edebi uslyby başgarak bir usulda gaýtalamak däldigine, onuň döwür bilen aýakdaş hereket edýän taryhy hadysadygyna, olaryň aňyrsynda baslygyp ýatan hazynalaryň bardygyna we ony açmak arkaly milliligi baýlaşdyryp boljakdygyna soň-soňlar — Gurbannazar «ýaş şahyrlygyny» «şahyr» diýlen mynasyp dereje bilen çalşandan soňra düşünip galdyk. Onuň şahyrçylyk şöhratyna bolsa «Men size barýan» ýaly goşgulary binýat bolup hyzmat edipdi. Aslynda, şygryýetde millilik ýa-da milli sypat näme? Bu sowal keltejik düşündirişe kanagat edip bil

Türkmen edebiýatyny öwrenen alym

Aka­de­mik Baý­mu­ham­met Gar­ry­ýe­wiň «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le se­tir­ler bar: «Ka­zan we Pe­ter­burg uni­wer­si­tet­le­ri­niň pro­fes­so­ry I. N. Be­re­zin «Tur­kes­tans­ka­ýa hres­to­ma­ti­ýa» at­ly üç tom­luk ki­ta­by­nyň II to­mun­da 1862-nji ýyl­da beý­le­ki eser­ler­den baş­ga, Mag­tym­gu­ly­nyň bir goş­gu­sy­ny türk­men di­lin­de arap har­py bi­len çap­dan çy­ka­ryp­dyr». «Mag­ru­py­nyň «Bel­li­dir» şyg­ry Ka­zan uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry I. N. Be­re­zi­niň «Tur­kes­tans­ka­ýa hres­to­ma­ti­ýa» (1862) ki­ta­by­na gi­ri­zi­lip­dir» diý­lip, «Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da» gör­ke­zil­ýär..

Çarwa nowruzynyň taryhy kökleri

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgi-sarpasyny has-da artdyrdy. Türkmen halkynyň däp-dessurlary, yrym-ynançlary, milli gymmatlyklary nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetdi. Bu ýörelge ýaş nesliň kalbynda ata Watana, ene topraga, onuň taryhyna, diline, milli däp-dessurlaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmagy özüne sapak edinmekden başlanýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Dürdäne halk döredijiligimizde, gadymy rowaýatlarymyzda, şirin aýdym-sazlarymyzda, amaly-haşam sungatymyzda Nowruz pelsepesiniň öz hakyky beýanyny tapmagy halkymyzyň bu baýramyň mazmunyny asyrlar boýy baýlaşdyryp gelýändigine hem-de mizemez däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny ebedi saklamak nesillerimiziň öňündäki mukaddes borçdur» diýip belleýär. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryndan söz açylanda, ajaýyp baýramlary barada aýdyp geçmek hökmanydyr. Şol baýramlaryň arasynda türkmen halkynyň Milli bahar baýramy-da özboluşly orun eýeleýär. Türkmen halkynyň bu baýramy belleýşi taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar.

Gyzym — gyzylly halka

Türkmen halkymyz baý edebi mirasa eýedir. Atalarymyzyň döreden gymmatly ruhy baýlygynda milletimiziň mukaddes ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, ahlak kadalary, terbiýeçilik tärleri aň-paýhasyň tämiz sözlügi bilen öz beýanyny tapypdyr. Gelin-gyzlaryň ahlak päkligini, el işlerine ussatlygyny, olaryň il içindäki at-abraýynyň belentde saklanylmagyny beýan edýän edebi hazynamyzyň terbiýeçilik gymmaty egsilmezdir. Halkymyzyň döreden nakyllaryny okanyňda, muňa has aýdyň göz ýetirip bilýäris. Nakyllar halk döredijilik eserleriniň iň bir gadymy görnüşi hasaplanylýar. Şu ýerde bu gymmatly edebi mirasymyzyň nazary esaslary hakynda hem durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Nakyl sözüniň özi hekaýa etmek, hakykaty aýtmak, sözlemek diýen manylary aňladýan, taryhy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan çeper görnüşli, çuň manyly edebi eserdir. Olaryň daşky göwrümi kiçi bolup, aňladýan manysy çuň hem täsirli, paýhas ýüki ýeten, durmuşyň dürli ugurlarynda ýol görkezýän akylnamadyr. Şonuň üçin olaryň terbiýeçilik tarapy öňe saýlanýar. Ynsanyň aň kämilligini, akyl ýetiriş ukybyny artdyrýan bu paýhasnamalarda öňe sürülýän pikirler özüniň çeperçilik güýji, ruhy ahwallary tämizleýiş kuwwaty bilen hiç bir döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýär, gymmatyny gaçyrmaýar.

Sen-sen söwerim, ha ynan, ha ynanma!

Halk pähiminde «Bar zatdan süýji-de dil, ajy-da dil» diýilýär. Ajy dil daşrakda dursun, biz bu gün süýji söz hakda, onda-da süýjüliginden ýaňa diliňi kesip barýan şirin dil hakda söhbet etmekçi. Sebäbi gujagyny al-elwan güllerden dolduryp gelen bahar paslyna — gül meňizli gözelleriň şanyna toý tutulýan mübärek aýlara diňe süýji söz­ler ýaraşýar. Bu — hemişe şeýle bolupdyr. Gadymy dünýäniň ähli döwürlerinde-de her ýyl bütin tebigata täzeden jan berýän, goja ýaşly, juwan keşpli ýaz gelende söz ussatlary aýratyn joşgun bilen galama ýapyşypdyrlar, sözleriň iň süýjülerinden çemen bogup, gözelligiň nusgasy, şahyr ýürekleriň ylham çeşmesi bolan gyz-gelinlere bagyşlapdyrlar. Şeýdibem asyrlar aşyp, heňňamlar dolansa-da könelmeýän, haýsy döwürde okalsa-da, ynsan kalbyndaky näzikden-nepis duýgulary joşdurýan ölmez-ýitmez eserlerini döredipdirler. Söz mülküne aralaşmakçy bolýan Hakdan halatly şahyrymyz Möwlana Lutfy hem bahar joşguny bilen döreden eserlerine — päk söýginiň, ynsan gözelliginiň waspyny Arşy-agla ýetiren şygryýetine hut şeýle baha beripdir: «Ki datgan — til halawatdan (süýjülikden) diline (dilinsin)!» Gadymy Horasanyň saýrak bilbili, XIV—XV asyrlarda ýaşan türkmen şahyry Möwlana Lutfy özüniň «Gül we Nowruz» poemasynyň ýazylyş taryhy barada eseriň başynda: «Sebäbi nezmi kitap» diýen bölüminde şeýle maglumat berýär. Akly-gyzylly güller pajarlap açylýan «gül paslynyň» ajaýyp gü

Elinden gelen gül eýlär

Biz çagakak ejemizden, enemizden iň köp eşiden pähimlerimiziň biri-de «Elinden gelen gül eýlär» nakyly bolupdy. Orta mekdepde okaýan döwrümiz zähmet sapaklarynda mugallymlarymyzam bu atalar sözüni köp gaýtalap, aňymyza guýupdylar. Özüm tikin-çatyn işleri bilen birlikde, kitap okamagy-da söýemsoň, bu nakylyň manysyny özümçe has giňeldip kabul edipdim. Şonuň üçinem, menem ýaşlykdan hem el işleri bilen bagly hünärleri öwrenmeli, hem köp okamaly, söýgüli käriň eýesi bolmaly diýen ýörelgä eýerdim. Türkmen gyzlaryna ýaşlykdan öwredilýän el işleri, dokma işleri ene-mamalarymyzyň bize miras galdyran nusgalyk senedidir. Keşde bejermek, gaýma gaýamak, milli egin-eşikleri biçmek we tikmek, halydyr palas dokamak, tarada keteni dokamak ýaly işler türkmen gyz-gelinleriniň kämillik derejä ýetiren hünärleridir. Bu günki gün milli hünärlerimize uly üns berilýär.

«Teşnit» halk aýdymyndaky sanawaçlar

Türkmen halk döredijiligi eserleri halkymyzyň hakydasynda galan edebi-ruhy dürdänelerdir. Bu eserler şahyrana, kyssa we kyssawy şahyrana toparlara degişli bolan birnäçe žanrlardan we görnüşlerden ybaratdyr. Çuň many-mazmunly, nesil terbiýesinde ýokary ähmiýetli bu edebi eserleri halkymyzyň her bir wekili ýadynda saklap, kämilleşdirip, geljek nesillere ýetiripdir. Şeýdip, adaty halk köpçüliginiň kömegi bilen türkmen halk döredijiligi eserlerimiziň ýaşaýşy ebedileşdirilipdir. Halkymyzyň hakydasynda ebedileşen halk döredijiligi eserlerimiziň gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan duş gelýän görnüşleriniň biri-de, şahyrana topara degişlilikde öwrenilýän aýdymlar žanrydyr. Bu žanra halk dessanlaryndan we şadessanlaryndan alnan, şeýle hem awtory näbelli bolan halk aýdymlary degişli edilýär. Aýdymlar žanryna degişlilikde öwrenilýän aýdymlardan, şeýle hem ýazary belli bolan beýleki şadessanlardan we dessanlardan, nusgawy şahyrlaryň döredijiliginden alynýan käbir tirme aýdymlaryndan soň, bagşylar tarapyndan labza goşup goşgy setirleri sanalýar. Olar halk döredijiliginiň dilinde «aýdym sanawaçlary», bagşylaryň dilinde «halk sözi» diýip atlandyrylýar.

Göwnümiň hoşy

Durmuş pursatlary Nartäç eje adamsyndan ir galan bolsa-da, durmuşda, işde ejizlemän, ýalňyz perzendi Beglini ösdürip-ulaldyp, adam edip ýetişdirdi. Ogluny gyzlaryň içinden saýlap-seçen gyzyna — Güljerene öýerip, toý tutdy. On bir ýylyň içinde dört agtyk söýüp, arzuwyna ýetdi.

Habarlar

4-nji ýan­war. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän tä­ze, 2021-nji ýyl­da il­kin­ji san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny gecir­di. Oňa Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri gat­naş­dy­lar. Iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne paý­tag­ty­my­zy hem-de we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, oba­se­na­gat top­lu­myn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly hem-de eziz Di­ýa­ry­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şu ýyl bel­le­nil­jek şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ula­nyl­ma­ga be­ril­jek des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de şu ýy­lyň şy­ga­ry­nyň hor­ma­ty­na gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di. 6-njy ýan­war. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Tä­ze ýy­lyň il­kin­ji Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň 2020-nji ýyl­da ama­la aşy­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri jem­le­ni­lip, ola­ryň öňün­de ýa­kyn gel­jek­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil

Şygryýet bossany

Watan Asudadyr oba-kendiň, şam-u-säheriň ajaýyp,Aňzak gyşyň, tomsuň, tylla güýzüň, baharyň ajaýyp,Binalary göge uzan merjen şäherim ajaýyp,Garaşsyz sen, Bitarap sen, ak daňlary atan — Watan!

Şygryýet bossany

Watandyr Watan yşky gursagymda gaýnaýar,Sygyndygym, seždegähim Watandyr.Türkmen ilim erkinlikde ýaýnaýar,Sygyndygym, seždegähim Watandyr.

Şygryýet bossany

Bagtyýar il Men ilimde şeýle uly bagt görýän, Gözlerde şugla bar, kalplarda nur bar. Bagtly adamlardan ruhlanyp ýörün, Halkymyň ýüregi «Watan» diýp urýar.

Şygryýet bossany

Baky bagtyň mekany Watanym gül açýar, jennete meňzäp,Türkmenistan, baky bagtyň mekany.Döwrüm ylham berýär ýüregim dyňzap,Joşup wasp etmäge bagtly mekany.

Watan waspy ýürekde

Bu gün kalplara ylham bolup dolýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly asuda asmanymyzyň astynda amala aşyrylýan beýik işlere ýene-de dowamat berýär. Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan toplumlaýyn işler şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy. Şu ýylyň adamzady beýik işlere ruhlandyryjy şygar bilen atlandyrylmagy türkmen halky üçin has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary umumadamzat bähbitlerini öňe sürüp, ýurtlary parahatçylykly gatnaşyklara, halklary dost-doganlyga çagyrýar. Ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar.

Bitewülik diplomatiýasy — türkmeniň milli ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan we halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetini hem-de bu ugurdaky köpasyrlyk taryhy tejribesini, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen asylly maksatlary, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Zeminiň halklarynyň bähbitlerinden ugur alýan parahatçylyk söýüjiligiň nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp eser häzirki zaman dünýäsinde halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürýär. Şonuň bilen birlikde umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak babatynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň milli tejribesini giň halkara jemgyýetçiligine aýan edýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň kitabyň ilkinji babynda: «Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahat söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatyşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar» diýmeginiň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar. Dünýäde syýasy Lider hökmünde ykrar edilen belent mertebeli Gahryma

Arzuwlary hasyl bolan şahyr

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy halkymyzyň guwanjyna, buýsanjyna, şan-şöhratyna öwrülen milli şahyrdyr. Onuň umman ýaly döredijiligi adamzadyň bagtyýar ýaşaýyş durmuşy hakdaky arzuwlara beslenendir. Şeýle bolansoň, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, ynsanperwerlige ýugrulan, edep-terbiýä öwrülen şahyrana setirleri dünýä ýaýylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda iş sapary bilen Lebap welaýatyna gelen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe wajyp meseleleri bilen birlikde, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan senesiniň 300 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilip geçilipdi. 2024-nji ýylda bolsa akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygyny bellemek we oňa häzirden taýýarlyk işlerine girişmek hakda aýdyldy.

Saglygyň we sagdynlygyň gymmaty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, olara garşy göreşmekde uly işler döwlet derejesinde guraldy. Bu uly göwrümli, yzygiderli amala aşyrylýan işleriň netijesinde, tapgyrlaýyn öňüni alyş sanjymlaryň netijesinde birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi we bu babatda abraýly halkara guramalary tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri ykrar edýän şahadatnamalar gowşuryldy. Olar bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň esasy sebäpleri bolan ýaramaz endiklere, nädogry iýmitlenmäge, hereketsizlik ýagdaýlaryň garşysyna netijeli işler edilip, fiziki işjeňligi gazanmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu işleri ýokary derejede guramagy we özüniň şahsy görelde bolmagy netijesinde gazanylan sepgitlere hem abraýly halkara guramalary tarapyndan uly baha berilýär.

Şygryýet bossany

Parahatçylyk aýdymy Halklaryň dostluk baýdagy bu gün türkmen gollarynda,Ynanyşmaklyk paýhasy täze ýüpek ýollarynda,Parahatçylyk aýdymy jümle-jahan dillerinde,Dostluk, doganlyk, raýdaşlyk, Gün nury deý ýagty Sizde, Halkara parahatçylyk, ynanyşmak bagty Sizde, Arkadag!

Şygryýet bossany

Döneýin Mähriban Watanym — Türkmenistanym,Ençe asyr arzuw eýläp ýetenim.Belent-belent maksatlary tutanym,Kuwwatlarňa, sazlaryna döneýin.

Şygryýet bossany

Men bu gün şat Şat bu gün men, düýnkülemden,Gaýgy-gam ýat bu gün maňa.Men sähra geldim ýene-de,Garşylamak üçin daňy.