"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Arkadagyň ýoly bilen Türkmen halky öňe barýar,Arkadagyň ýoly bilen.Çar tarapdan myhman gelýär,Arkadagyň ýoly bilen.

Şygryýet bossany

Baýlygymdyr jahan içre barlygyň Baýlygymdyr jahan içre barlygyň,Darlygyn bil sensiz maňa bu dünýäň.Toplasaň älemiň ähli garlarynAk bagtyňa deň däldigne düşünýän.

Şygryýet bossany

Watan, seniň topragyňda Bagt tapdym, kerem tapdym,Watan seniň topragyňda.Derim dökdüm, zerem tapdym,Watan, seniň topragyňda.

Şygryýet bossany

Gahrymany bar Bagtyýar illeriň gül açdy bagty,Geçmişi şöhratly, geljegi ýagty.Dünýä gol ýaýradýar nesil daragty,Eziz halkyň dana Gahrymany bar,Howandar Hossary, mähribany bar.

Şygryýet bossany

Eneler Ene hakda şygyrlarym,Näçe ýazsam azlyk eder.Ýöne, her dem uz ýazmasam,Öz-özümden edýän heder.

Şygryýet bossany

Şükranalyk Ykbal maňa Watan berdi söýere,Her daban ýerine gözellik ornan.Söýgim imrigensoň mährine onuň,Sermest duýgularym görküne gurban.

Şygryýet bossany

Täze ýyl arzuwy Uzasyn ömürler, uzasyn ýollar,Hakykata dönsün, arzuw-hyýallar,Kalba melhem bolsun süýji owazlar,Hoş geldiň Täze ýyl, salam Täze ýyl!

Şygryýet bossany

Aşgabat Saňa siňip gitdi ýaşlyk ýyllarym,Yhlas bilen sende tälim alanym,Sen barha gözüme juwan görünýäň,Gursagyňda bir gez beýge galanym.

Şygryýet bossany

Watan Ata ýurdum, bagrym badaşan ýurdum,Akyl, paýhas, ylym alan Watanym.Ýürekler ýürege ýol açan ýurdum,Şan-şöhraty dünýä dolan Watanym.

Şygryýet bossany

Watanym Gujagyň sapaly, dilimde senam,Seniň gül jemalyň kalbymy bezän,Dolýar seň şanyňa kalbymda kelam,Eziz Türkmenistan, ýaşa, Watanym,Mukaddes mekanym, Türkmenistanym!

Saňa ýetermi owazym?!

(«Söýgi depderi» atly liriki hekaýalar toplumyndan)(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň 2020-nji ýyldaky 7-nji sanynda) Men köp­den bä­ri kal­by­myň ýaş­lyk ýyl­la­ryn­dan eşi­dil­ýän ýaň­la­ry­na diň sa­lyp ýa­şa­ýa­ryn hem-de «Ola­ry şu gün ka­gy­za ge­çi­re­rin, er­tir ýa­za­ryn» di­ýip, her­nä­çe how­luk­sam-da, gün­de­lik ar­zuw­la­ry­myň üs­tün­den eý­ýäm ýa­rym asy­ra go­laý wagt ge­çip gi­dip­dir. Yöne, nä­me üçin­dir, ju­wan­lyk duý­gu­la­ry­na ýug­ru­lan kö­ne yş­ky owaz­lar me­ni özü­ne şo-ol çek­di dur­dy, çek­di dur­dy. Gö­ýä, ol owaz­lar­da kal­by­my ler­za­na sal­jak nä­hi­li­dir bir ben­di­wan edi­ji pur­sat­lar giz­le­nip ýa­tan ýa­ly. Ol ses­ler «Gel, sen, Aý­je­mal!» di­ýen aý­dy­myň:

Gelin (hekaýa)

Mal­la­ry­ňa se­ren­jam be­rip ge­len Ma­man eje bi­lin­dä­ki dü­ýe ýü­ňün­den do­ka­lan gu­şa­gy aýyr­dy-da, ony tu­duň şa­ha­sy­na gys­dyr­dy. Özem ýu­wun­dy-da, tu­duň kö­le­ge­si­nde ýa­zy­lan dü­şe­ge ge­çip ba­sy­ryl­gy du­ran çäý­ne­gi öňü­ne çek­di. Ol öýüň işi bi­len gi­rip-çy­kyp ýö­ren gel­ni Aý­nä­zi­gi syn­lap otu­ry­şy­na, içi­ni gep­let­di: «Äl­he­pus, mu­nuň ha­ýa­lly­gy­ny gyz, uly gel­nim Sel­bi­ni ha­ýal gör­ýär­dim. In­di ol-a şä­he­re gö­çe­li bä­ri çus­la­nyp­dyr. Ýaş ge­lin da­gy otu­ran­da-tu­ran­da ýel­ga­mak ýa­ly haý­da­ber­me­li­dir we­lin, bu onuň ýa­ly däl. Eden işi­niň-ä ke­mi­ni go­ýa­nok we­lin, ga­ty ha­ýal-da, ýö­ne, tü­we­le­me, keş­dä­ni go­wy ed­ýär. Eý­ýäm ge­lin-gyz­la­ram dü­şü­nip­dir. «Bi­ze-de ga­ýap ber­sin» di­ýip ge­lip dur­lar. Go­wy zat bol­sa, her kim der­rew bil­ýär. Aý, ha­ýal-ýa­gal­ly­gy bi­le­nem oňu­şa­rys-la». Ma­man eje oň­şa­rys diý­se-de, il­ki-il­ki­ler onuň ha­ýal­ly­gy­ny gö­rüp, ka­na­gat edip bil­män­di. Bir gün da­gy ha­myr et­mä­ge gaý­dan Aý­nä­zi­giň en­te­gem ony taý­ýar et­me­di­gi­ni gö­ren Ma­man eje bi­li­ni gu­şap: «Ge­lin jan, en­tek ga­ýy­nyň bi­lin­de gur­bat kän­dir, ha­ny, ma­ňa ber, özüm der­rew ga­ra­ýyn» di­ýip, ýe­ňi­ni çer­mäp ça­na­gyň ba­şy­na ge­çen­de, gel­ni bi­raz ga­tam gö­rüp­di. Ýö­ne ol hem ga­ýy­ne­ne­si­niň ça­la­syn he­re­ket­le­ri, öwüt-ün­de­wi bi­len ýu­waş-ýu­waş öw­re­ni­şip

Ene mähri (hekaýa)

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Döwletliler köşgüniň umumyýaşaýyş jaýynda iki jora seslerini çykarman surat synlap otyrdylar. Olaryň biri birdenkä başyny galdyryp ýylgyrdy-da, jorasyna habar gatdy. — A gyz, Gunça, şularyň barysyny şu gezekki çärede düşdüňizmi?

Pälwan (hekaýa)

— Biz oňa pälwan diýerdik — diýip, atam gürrüňe başlady. Ol nämedir bir zady ýada saljak bolýan ýaly çala sägindi-de, sözüni dowam etdi: — Ýok, ýeke biz däl, bütin obamyz ony hatyralap, pälwan diýerdiler.Ýogsam, ilçilikde göreşýän köp. Ýöne biziň pälwanymyz juda üýtgeşikdi.

Göwün (hekaýa)

Otly Aşgabada ýakynlaşdygyça, Bähbit aganyň aladasy artan ýaly boldy. «Oglum Baýrama-da duýdurman gaýdyberdim welin, onuň öýüni taparmykam? Öýünde bolsa ýagşy, iş bilen uzaklara-da gidäýmesi bardyr onuň». Ol ýene-de öz-özüne teselli berdi: «Mekgänem sorap tapypdyrlar. Her niçigem bolsa, öýüniň salgysy-ha bar». Ol birneme rahatlanan ýaly boldy. Tizdenem otly şäheriň demir ýol menziline gelip saklandy. Ýolagçylar howlukmaç düşüp ugradylar. Goja welin gyssanmady, otludan düşübem gidibermedi. Birsalym töweregine garanjaklap durdy.

Parahatçylygyň nyşany (hekaýa)

In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri öz saý­lan kä­ri­ne yh­las bi­len ýa­py­şyp, iş­läp ýö­ren Dün­ýä­gö­ze­liň bu gün­ki sa­pa­ga taý­ýar­la­ny­şy üýt­ge­şik­di. Ol mek­de­biň ga­py­syn­dan gi­rip, synp ota­gy­na ta­rap how­luk­maç bar­ýar­dy. Synp ota­gy­na gi­ren des­si­ne için­de otu­ran og­lan-gyz­la­ryň şa­dy­ýan­ja bal­kyl­da­ýan göz­le­ri­ne ba­kan­da özü­niň saý­lan kä­ri­ne bo­lan gu­wanç duý­gu­sy has-da beý­gel­di. Mu­gal­lym:

Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa)

Akar ýa­byň ýa­ka­sy­ny tu­tup otu­ran oba daş-tö­we­re­gi­ne gö­zel­lik ber­ýär­di. Og­lan­lar çe­ke­ne mal­la­ry­ny öň­le­ri­ne sa­lyp, akar ýa­byň ge­çel­ge­si­ne ta­rap bar­ýar­dy­lar. Sy­gyr­la­ryň we gö­le­le­riň yz­ly-yzy­na mo­laş­ýan ses­le­ri oba­ny ýaň­lan­dyr­ýar­dy. Kim­le­riň ga­py­syn­da at­lar kiş­ňe­ýär­di, kim­le­ri­niň­ki­de bol­sa it­ler üý­rüş­ýär­di.

Kindiwanja kyssalar

Dil Gelin ötgür dili bilen ýanýoldaşynyň göwnüne degenini bilip, dürli pikirleriň girdabyna çümdi. Pikirini düýbünden üýtgetdi. Öýke-kineleri ýadyndan çykardy.

«Hawa, men şol» (gülküli kyssa)

Ara­da bir gün ga­zet sa­tyl­ýan dü­kan­dan ga­zet­le­ri alyp se­re­diş­di­rip dur­kam bir ga­ze­tiň dör­dün­ji sa­hy­pa­syn­da­ky öz su­ra­ty­my gö­rüp haý­ran gal­dym. Gö­zü­me ynan­man, iç­gin-iç­gin se­ret­dim. Hut öz su­ra­tym. Di­ňe bir su­ra­ty­mam däl, men hak­da ýa­rym sa­hy­pa ma­ka­la-da bar eke­ni. Der­rew aw­to­ry­na se­ret­dim. Ýa­zan me­niň dö­re­di­ji­li­gim bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp ýö­ren ta­nyş og­lan eke­ni. Şol wagt güp­be ýa­dy­ma dü­şäý­di, bäş-al­ty gün­lük­de özüm hak­da bir zat­la­ry so­rap­dy. Nä­me et­je­gem diý­män, so­ra­gy­na jo­gap be­rip­dim. Ga­zet­de ýa­zy­lan zat­la­ryň gy­zyk­syz-a ýok­dur we­lin, özüň hak­da nä­me ýa­zy­la­ny­ny bil­mek has gy­zyk­ly eke­ni. Şol du­ran ýe­rim­de ma­ka­la­ny okap baş­la­dym. Oka­dy­gymça ýü­züm-gö­züm üýt­gä­ber­ýän ýa­ly du­ýul­dy. Ara­syn­da: «Öte ge­çen ýa­ly-la şu ýer­de» di­ýip, gaý­ta­dan okap gör­düm. Ýa­zy­lan zat­lar dog­rudy. Owa­dan söz­ler bi­len çe­per­leş­di­rip ýa­zy­lan bo­lan­soň bir­hi­li has ös­dü­ri­len ýa­lam bo­lup gö­rü­ni­ber­ýän eke­ni.

Ylham çeşmesi diňe zähmetde (oçerk)

Hereketiň nyşany diýlende, ilki bilen aýlawly, göni, ýokaryk-aşak, gapdala ýol-ugur görkeziji şekiller göz öňüňde janlanýar. Meniň üçin bolsa, eli ýantorbaly işe tarap, özi hem, edil toýa barýan ýaly şähdaçyk, güler ýüzli, gadamlary hem batly adam göz öňüme gelýär. Ol adam Orazmyrat Gummadow. Onuň teatr sahnasyna, belki-de, kino surata alyş meýdançasyna tarap, ýantorbasynyň içinde hem täze dörejek kino ýa-da spektakl eseriniň edebi esasyny göterip barýan pursatlary aňymda aýlanýar. Onuň saýlan ýoly adaty ugurly ýol däl. Ol, egrem-bugram, aýdyň hem aýan bolmadyk syrly ýol. Bu ýol belgilerden, çelgilerden, simwollardan, metaforalardan, öwrümli, tilsimli, täsinliklere baý ýol. Ol — täze ýolgörkeziji nyşan. Halypanyň sahnada döreden keşpleriniň, drama režissýory hökmünde goýan spektakllarynyň, surata düşüren kino eserleriniň, ýazan edebi esaslarynyň we pýessalarynyň sanawyny diňe agzap, barmak büküp sanap geçmek üçin, bir makalanyň möçberindäki gerimi darlyk edýär. Bu babatda, medeniýet-sungat ugrundan ylmy iş ýazjaklara, medeni aň-bilim ugry boýunça gollanma hökmünde, kitaplary ýazmaga maglumat gaznasyna baý döredijilik gory bolup biljekdigini ynamly aýtsa bolar.