"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Söz bilen Gadyrdanlar, ýeňledeýin ýüküňiz,Mylaýym söz bilen, ýumşak söz bilen.Sypalaýyn nurdan doly ýüzüňiz,Mylaýym söz bilen, ýumşak söz bilen.

Şygryýet bossany

Watanym Ýazyňa ýaraşyk al-ýaşyl ýaýlaň,Döwresini bezäp otyr bägüller.Toýlara beslenen gözel DiýardaBagtymdan nyşandyr şatlykly günler.Meň Watanym şu barlykdan başlanýar,Etsem mynasypdyr beýik tarypa.Bagtyýar geljekli döwran buşlanýar,Şöhrat bilen ýaň salýandyr taryha.Asly Oguz zürýadyndan milleti,Bir supra jem bolan beýik halkyň bar,Arkadagyň berk binýatdan döwletiDöwürlerde rowaçlanýar, galkynýar.

Şygryýet bossany

Söýdügim watan Kerem keramata ýugrulan Diýar, Tozuňy mukaddes saýdygym Watan. Arafat dagyna çykan söýgüm bar, Hak bermiş yşk bilen söýdügim Watan.

Şygryýet bossany

Watan Dünýä geldim bagta meňzeş günüňde,Her demimde alýan howamsyň, Watan.Geljegimde, şu günümde, düýnümde,Nesilden-nesile dowamsyň, Watan.

Bedewiň edebi (hekaýa)

Ýaryşyň baş baýragyny almaga çapyşyga goşuljak atlaryň arasynda Garlawaçdyr Kepderiniň bolmagy Seýis agany iňkise goýdy. — Be, bularyň bu näme etdigikä? Hersi bir obanyň aty bolany bilenem ikisinem taýçanaklygyndan başlap, özüm seýisledim ahyry. Ynha, indem uly ýaryşda baş baýrak diýip ikisini-de bile goşýarlar. Beýle zat bolup bilmez. Dawa başy bolaýmagy ähtimal.

Guduman bagşy (hekaýa)

Ikindi namazyny okamaga howlugyp gelýän kerwenbaşy barha ulalyp barýan kölegesinden nazaryny sowdy-da, ýoldaşlaryna ýüzlendi: — Öňdäki gala ýetjek bolsag-a gijä galarys, şu obanyň deňesinde düşäýeliň! Hol-ha, guýam bar ekeni.

Hakdan halatly perişdäm (hekaýa)

Garry öýümizi alkymlap geçýän ene ýabyň boýundaky şatuduň aşagy çagalygymda-da meniň iň arzyly ýerimdi. Onuň her biri başam barmak ýaly bolup buldurap bişýän tudanalary ýa-da janyňa hoş ýakýan goýry kölegesi üçin däl-de, onuň täsin gudrata basyrylyp oturandygy üçin şeýledi. Täsin gudrat diýýänimiň aňyrsynda bolsa bir täsin ahwalatlar ýatyrdy. Men olar barada hiç kime gürrüňem berip bilemokdym, düşündiribem. Geliň, men ony siziň bilen paýlaşjak bolup göreýin. Bir gezek ene ýabyň boýunda oýnap otyrkam, şatuduň gür ýaprakly şahalarynyň birine gonup saýrap başlan hüýpüýpigiň geň owazy eşidildi. Men oňa kän bir ähmiýet bermesemem, beýleräkde tamdyra nan ýapyp duran enem begençli seslendi:

Dorsonanyň gaýdyp gelmegi (erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadymy eýýamda bir baýyň hyzmatynda wepaly bir atbakary bolupdyr. Ol baýa ak ýürekden hyzmat edipdir. Hojaýyn ýylky sanyny günsaýyn artdyrsa-da, atbakar olary bakmagyň hötdesinden gelipdir. Şeýle bolansoň baý hem ony sylapdyr, öz eli bilen garyp bir maşgalanyň gyzyna öýerip, onuň öýli-işikli bolmagyna kömek edipdir. Günlerde bir gün atbakaryň sürüsindäki taýçanaklardan biri gündiziň günortany nirädir bir ýana gürüm-jürüm bolupdyr. Atbakar uly alada galypdyr. Çünki ol ozallar beýle kyn ýagdaýa düşüp görmän eken. Ýogsam, ol atbakaryň körpeje ogly bilen dostlaşyp ýören taýçanak eken. Taýçanak hemişe diýen ýaly oglanjygyň ýanynda oýnap, ony ýekesiretmez eken. Şeýle bolansoň ol taýçanak hemişe sürüden çykyp, oglanjyk bilen gezer eken.

Gudrat (hekaýa)

Wagt ýa­rygi­je­den ge­çip­di. Uzak­ly gün ýol­la­ry dol­du­ryp du­ran ulag­la­ryň sa­ny-da aza­lyp­dy. Şeý­le se­re­de­niň­de kä­te bir ulag geç­ýär diý­me­seň, iki ta­ra­py­ny gün­diz­lik ýa­ly ýag­tyl­dyp du­ran çy­ra­la­ryň ýag­ty­sy­na gö­ni hem giň ýol­lar uly aka­ba­ny ýa­da sal­ýar­dy. Şeý­le pur­sat­da şä­her adam­la­ry süý­ji uky­nyň hö­zi­ri­ni gör­ýä­nem bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ­ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň üçün­ji ga­ty­nyň çet­ki ota­gyn­da bir gyz öz işi bi­len güm­ra­dy. Ar­zuw öňün­dä­ki su­ra­ty üns bi­len syn­la­dy. Des­si­ne-de gu­tar­nyk­ly ne­ti­jä gel­di: «Ýok, bu-da göw­nüm­dä­ki ýa­ly bol­man­dyr. Mun­da enä­niň öz per­zen­di­ne bo­lan mäh­ri has go­wy du­ýul­ma­ýar. «Ene» sö­zi ba­ry-ýo­gy üç harp­dan yba­rat bol­sa-da, ol mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ten yn­san. Ol dün­ýä­niň di­re­gi. Ýog­sa-da bi­zi ek­läp-sak­lap ýö­ren ýe­ri­mi­ziň enä de­ňel­me­gi ýö­ne ýer­den däl ahy­ry!». Ol öňün­dä­ki su­ra­ty alyp, üý­şüp du­ran ka­gyz­la­ryň üs­tün­de goý­dy. Ola­ra neb­sa­gy­ry­jy­lyk bi­len se­ret­di. Süý­ji uku­da ýa­tan jo­ra­sy­na gö­zi dü­şen­de bol­sa: «Wah, bu ma­ňa ba­şart­jak däl ýa­ly, me­nem Ser­wi­niň­ki ýa­ly te­bi­gat bi­len bag­la­ny­şyk­ly su­rat çek­sem bol­ma­dy­my? Men bu temany nä­me üçin saý­la­dym­kam?!» di­ýip, öz-özü­ne so­rag ber­di.

Taý tapylmadyk Täşli Taýly (oçerk)

Men ha­ly­pam, žur­na­list Möw­lam­ber­di Mäm­me­do­wyň öý­le­ri­ne ba­ra­nym­da ol te­le­wi­zo­ryň öňün­de otu­ryp, ýaý­lym­da ber­lip du­ran küşt ha­kyn­da­ky fil­me to­ma­şa edip otu­ran eke­ni. Sag­lyk-aman­lyk­ so­ra­şa­ny­myz­dan soň­ra: — Ha­ly­pa, ýa­da­man bir sa­gat­lyk fil­me to­ma­şa edäý­diň­mi?— di­ýip, ha­bar gat­dym.

Halal zähmet — watana söýgi

Redaksiýada işimiziň dowamynda edebiýat bilen bagly sowallar ýüze çykyp durýar, şonda işdeşlerimiz we redaksiýanyň işjeň awtorlary bolan halypalarymyz bilen maslahatlaşýarys. Döredijiligine we halypalyk keşbine uly hormat goýýan ýazyjylarymyzyň biri Kömek Kulyýew bilen hem aram-aram maslahatlaşyp, edebi çeşmelerdir ýazylýan makalalar babatda pikir alyşýarys. Ol öňe sürýän pikirini durmuşy mysallar bilen baýlaşdyryp düşündirýär. Şonuň üçinem anyk şahslaryň döredijiligini mysal getirip, edebi makala we onda gozgalýan mesele babatda giň düşünje berýär. Şeýle gezekleriň birinde Kömek aga terjimeçi, dramaturg hem halypalyga ýeten mugallymlaryň biri Aýmämmet Işangulyýew barada gürrüň berdi. Onuň sahna eserlerini döretmek üçin tema saýlaýşynyň ýaşlara nusgadygyny aýtdy. Ýene bir gezekde bolsa onuň terjime işlerine ünsi çekdi. Şondan soň mende A. Işangulyýewiň çeper döredijiligine bolan gyzyklanma artdy. Ol babatda Kömek aga makala giriş hökmünde şeýle pikiri hem aýtdy:

Ruhy çuňlukdan örňän şygyrlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, ussat şahyr Mämmet Seýidow 1945-nji ýylda döredijilik işine başlaýar. Ol 1952-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň bolsa gazet-žurnallaryň redaksiýasynda işläp başlaýar. Eýýäm geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ortalarynda bolsa, şahyr poeziýamyzyň görnükli wekilleriniň biri hökmünde özüni tanadýar. Lirik şahyr M. Seýidowyň döredijiligi diňe öz döwründe däl, eýsem, Garaşsyzlyk eýýamynda, has-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem edebiýat meýdanynyň ýaş zehinleri üçin nusga alarlyk çeper edebi hadysadyr. Her bir uly zehiniň ýaşan hem döreden döwrüniň edebi dünýäsinden üzňe bolmadyk kanunalaýyk edebi dünýäsi, kökleri bolýar. Mämmet Seýidow hem edebiýat meýdanynda özboluşly lirik şahyr derejesine göterildi.

Şahyryň döredijilik dünýäsi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly mümkinçilik döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işlerine itergi berjek, milli ylmymyzy täze basgançaklara ýetirjek düýpli işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň şygryýetini, şahyrana ussatlygyny düýpli hem ylmy nukdaýnazardan öwrenmäge üns güýçlendirilýär. Mähriban Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna barýan günlerinde Watan waspyny baş maksady edinen ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmek, olaryň eserlerini ylmy taýdan seljermek alymlaryň paýyna düşýär. Biz hem makalamyzda ýurdumyzda belli şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň döredijilik dünýäsi dogrusynda gysgajyk durup geçmekçi.

Daýysynyň mynasyp dowamy

Umu­my ­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň ede­bi­ýat­dan okuw ki­tap­la­ry bo­ýun­ça türk­me­niň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýe­ge­ni­niň Gur­ban­dur­dy Ze­li­li bo­lan­dy­gy­ny, onuň XIX asy­ryň gör­nük­li nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, da­ýy­sy Mag­tym­gu­ly­nyň il-ýurt, ag­zy­bir­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ýa­ly pi­kir­le­ri­ni öz döw­rün­de my­na­syp do­wam et­di­ren­di­gi­ni, şeý­le hem Mol­la­murt şa­hy­ryň hem XVIII asy­ryň nus­ga­wy şa­hy­ry Şeý­da­ýy­nyň ýe­ge­ni bo­lan­dy­gy­ny bil­ýä­ris. Mu­nuň özi zan­dyň­da bol­sa, ze­hin, kesp-kär ýa­ly när­se­le­riň di­ňe bir per­zent­le­re däl, eý­sem, do­ga­nyň per­zent­le­ri­ne, umu­man, şa­ha­la­ýyn ne­be­re­le­ri­ňe hem ge­çip bil­ýän­di­gi ha­kyn­da­ky pi­ki­re ge­tir­ýär. Bu pi­ki­ri türk­men ede­bi­ýa­ty­na şy­gyr düz­me­giň tä­ze öz­bo­luş­ly for­ma­la­ry­ny ge­ti­ren, li­ri­ki poe­zi­ýa­nyň us­sa­dy Reh­met Se­ýi­dow, onuň ýe­ge­ni, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Öw­lü­ýä­gu­ly Möw­la­mow ba­ra­da hem ulan­sak tüýs ýe­ri­ne dü­şer­di. Iň bol­man­da, Wa­tan, il-ýurt üçin uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren, iliň-gü­nüň söý­gü­si­ne, hor­ma­ty­na my­na­syp bo­lan bel­li pe­der­le­riň özün­den soň­ky ne­sil­le­ri, ne­be­re­le­ri, ili-gü­ni üçin yl­ham çeş­me­si, ýe­ne­ki üs­tün­lik­le­re, ýe­niş­le­re ruh­lan­dy­ryp, güýç ber­ýän dur­na­göz suw­ly paý­has aka­ba­sy hök­mün­de hyz­mat

Alp Attila

Ömür beýany (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) At­ti­la sy­ýa­ha­ty­nyň il­kin­ji aýyn­da dö­ret­jek bol­ýan im­pe­ri­ýa­sy­nyň äpet­li­gi­ne, ägirt­li­gi­ne dü­şü­nip baş­la­dy. Bu, dog­ru­da­nam, Be­ýik Säh­ra­dy! Bir ujy Al­ta­ýa, beý­le­ki ujy Be­ýik Hy­taý di­war­la­ry­na di­re­ýän döw­le­ti göz öňü­ne ge­ti­räý­me­gem kyn. Eger bu ba­bat­da At­ti­la­nyň özi kyn­çy­lyk çek­ýän bol­sa, taý­pa hö­küm­dar­la­ry, ti­re ser­ker­de­le­ri nä­me et­me­li?!

Tebigatyň «gözleri»

Tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň çar künjeginde miweli we saýaly agaç nahallary oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki döwürde çylşyrymly önümçilikleriň köpelmegi tebigata has eserdeň çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin-de tebigatyň hak hossarlary — halkara, jemgyýetçilik guramalary, birleşikler daşky gurşawy abat saklamak, janly-jandarlary aýamak baradaky işleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Ozaldan dowam edýän goraghanalaryň işini gowulandyrmak, möhüm ýerlerde täze goraghanalary açmak, bu ugra degişli dünýä möçberindäki kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, seýrek gabat gelýän haýwanlaryňdyr ösümlikleriň döwürleýin hal-ýagdaýy baradaky ylmy gözleglerdir hasabatlary alyp barmak ýaly wajyp çäreleri amala aşyrýarlar.

Duýgular dünýäsi

Islendik zat birtaraplaýyn ösüşe eýe bolup, kämillik derejesine ýetip bilmez. * * *

Arkadag saýasynda gülle bitarap ýurdum

Sazy: Omar IGAMOWYŇKYSözleri: Aman ROZYÝEWIŇKI

Akyldar alym we lukman

Türkmen topragynyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen orta asyr şäherleri özüniň giň köçeleri, baý bazarlary, kerwensaraýlary, metjit-medreseleri, kitaphanalary we beýleki medeni merkezleri bilen kerwen ýolundan geçen täjirleriň, syýahatçylaryň we alymlaryň arasynda uly meşhurlyga ýetipdir. Şeýle medeni merkezleriň arasynda hassahanalaryň — maristanlaryň halkyň saglygyny goramakda uly hyzmaty bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda näsaglan adama öý şertlerinde dürli emleriň üsti bilen bejergi edilipdir. Ýaşaýşyň ähli pudaklarynyň ösmegi bilen birlikde tebipçilikde hem uly öňegidişlikler bolupdyr. Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösendigine şäherlerde hassahanalaryň bolmagy şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak ähli döwürlerde döwletiň we hökümdarlaryň esasy meseleleriniň biri bolupdyr. Şäherlerde gurlan ilkinji maristanlar — hassahanalar diňe bir ýerli ýaşaýjylar üçin däl-de, ýolda näsaglan ýolagçylar üçin hem hyzmat edipdir. Orta asyr şäherlerinde halka hyzmat eden durmuş, jemgyýetçilik merkezleri bilen birlikde hassahanalar adatça metjit-medreseleriň, hanakalaryň ýa-da belli din ulamalarynyň aramgähleriniň golaýynda gurulypdyr. Hassahanalar diňe bir bejeriş ähmiýetli bolman, lukmançylyk edaralarynyň sahawatly işlerini özünde utgaşykly alyp barypdyrlar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji kitabynda: «Orta

«Namysym, imanym — azadym kany?»

Ajaýyp şygyrlary bilen hakydalarda baky orun alan nusgawy şahyrlarymyzyň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Ýyllar geçip, asyrlar aýlansa-da onuň döreden şygyrlary ähmiýetini ýitirmän, gaýtam gymmatbaha daşlar kimin barha lowurdaýar. Magtymgulynyň döredijiliginde pederi Döwletmämmet Azadynyň orny örän uly. Ol durmuş mekdebinde-de, döredijilik mekdebinde-de onuň mugallymy. Magtymguly Pyragynyň atasyna bagyşlap ýazan, biziň günlerimize gelip ýeten «Atamyň», «Azadym kany?», «Oglum-Azadym» ýaly goşgulary beýik şahyryň pederine bolan söýgüsini, mähir-muhabbetini açyp görkezýän şygyrlarydyr.