Akyldar alym we lukman

23 Aprel 2021
803

Türkmen topragynyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen orta asyr şäherleri özüniň giň köçeleri, baý bazarlary, kerwensaraýlary, metjit-medreseleri, kitaphanalary we beýleki medeni merkezleri bilen kerwen ýolundan geçen täjirleriň, syýahatçylaryň we alymlaryň arasynda uly meşhurlyga ýetipdir. Şeýle medeni merkezleriň arasynda hassahanalaryň — maristanlaryň halkyň saglygyny goramakda uly hyzmaty bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda näsaglan adama öý şertlerinde dürli emleriň üsti bilen bejergi edilipdir. Ýaşaýşyň ähli pudaklarynyň ösmegi bilen birlikde tebipçilikde hem uly öňegidişlikler bolupdyr. Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösendigine şäherlerde hassahanalaryň bolmagy şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak ähli döwürlerde döwletiň we hökümdarlaryň esasy meseleleriniň biri bolupdyr. Şäherlerde gurlan ilkinji maristanlar — hassahanalar diňe bir ýerli ýaşaýjylar üçin däl-de, ýolda näsaglan ýolagçylar üçin hem hyzmat edipdir. Orta asyr şäherlerinde halka hyzmat eden durmuş, jemgyýetçilik merkezleri bilen birlikde hassahanalar adatça metjit-medreseleriň, hanakalaryň ýa-da belli din ulamalarynyň aramgähleriniň golaýynda gurulypdyr. Hassahanalar diňe bir bejeriş ähmiýetli bolman, lukmançylyk edaralarynyň sahawatly işlerini özünde utgaşykly alyp barypdyrlar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji kitabynda: «Orta asyr çeşmelerinden belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherler özüniň hassahanalary — maristanlary bilen şöhratlanypdyr» diýip belleýär.

Geçmişde türkmen alymlary, lukmanlary meşhur eserleri, ensiklopediýalary döredip, dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmeginde öçmejek yz galdyrypdyrlar. Türkmen topragynda ösüp ýetişen Barzuýe, Merwezi, al-Biruny, al-Farabi, Juzjany, Abu Aly ibn Sina ýaly ägirtleriň döreden eserleri diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, häzirki döwürde-de dünýä halklarynyň genji-hazynasy hasaplanýar. Beýik alymlar ylmyň dürli ugurlary bilen bir hatarda lukmançylygyň ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy