Pyragy

8 Iýun 2024
194

Şahyryň sesine, sözüne gymmat goýlanda, döwrüň başgaça ýylgyrýan meňzini synlaýaň, oňa guwanýaň, buýsanýaň.
Eşretli eýýamyň waspyna, badyna, bagyna sözümem, söhbedimem ejiz gelýär. Diýeniňi kemter görýäň. Aýdymyň, aýdanyň az oňa. Sen derýa ýaly joşguna dolýaň. Durşuň bilen oňa sary akýaň. Gülşenli günlerine bakýaň.
Onsoňam, bizi goltugyna gysan döwrem büs-­bütin başgaça bolubam geldi. Bu ösüşleri, özgerişleri synlap durkaň, nädip saýramajak? Günler asuda, parahat akyp dur. Parahat gijeleriň senden goşgy talap edýär. Onuň raýyny ýykasyň gelenok. Seniň özüňem oňa ilgezik ahyryn.
Men näme üçindir Magtymguly Pyragynyň döwri bilen öz döwrümizi deňeşdirýän. Olaryň parhyny bilýän, bilibem joşa gelýän.
Ony direldip, şu döwrüň gujagyna getiresiň gelýär. Onda ol nähili saýrardy?! Biziň çakymyz bolmazdy, bilbilgöýä öwrülerdi, döwrüň-­döwranyň gadyr­-gymmatyny başgaça bilerdi.

Şahyrlaryň arzuwydyr diňe saňa meňzemek,
Aýdymyňa,
                 aýdyşyňa owazyny deňlemek.
Matlabyny,
               gatnawyny ünse berip diňlemek,
Ýaranymsyň,
                ýardamymsyň
                                 hem ussadym,
                                                         Pyragy!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany