«Ismim düşdi ilden-ile»

8 Iýun 2024
151

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Ismim düşdi ilden-ile, Nagyş ederler dilden-dile» diýip aýdan pikiri bu gün hakykat ýüzünde amal boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylda akyldar şahyryň 290 ýyllyk şanly senesi-de halkara derejesinde giňden bellenilip geçilipdi. Şol ýyla «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip at berlip, beýik şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan dabaralar giňden ýaýbaňlanypdy. Ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilen şol dabaralarda, edebi-medeni baýramçylyklarda Pyragynyň parasatly pikirleri, çuňňur pähim-paýhasy wagyz edilipdi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardyr edebi-medeni çärelerden görnüşi ýaly, türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna goýýan hormatynyň ýokarydygyny, döredijiligine bolan garaýşynyň çuňňurdygyny ýene bir gezek jahana äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Magtymgulynyň goşgularynyň ençeme dile terjime edilmegi, ylmy monografiýalaryň ýazylmagy, akyldar şahyryň şygyrlarynyň ylmy tekstiniň taýýarlanylmagy we onuň öňe süren çuň manyly pikirleri boýunça ylmy gözlegleriň dowam etdirilmegi ýaly onlarça ajaýyp başlangyçlar muňa aýdyň mysaldyr.

Nurtäç Annamuhammedowa,
«Garagum».