"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Ýyllar ýyllara badalga Meni bir ýara duşuran,Dagdyr derýadan aşyran,Synag salan, sapak beren,Ýyllar bagtyň badalgasy.

Şygryýet bossany

Alabaý «It wepa» diýilýär alabaý hakda,Taryha bir ser sal geçmişe bak-da,Batyrlykda hem-de gaýduwsyzlykda,Mala-mülke gorag bolan alabaý.

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — bagtymyz Garaşsyzlyk diýmek manysy ömrüň,Bitaraplyk sözi ýylysy kalbyň.Parahatlyk bolsa şygary döwrüň,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — bagtymyz.

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk Watan, bakylyk aýdymy, owazynda Garaşsyzlyk,Watan, erkinlik şemaly, howasynda Garaşsyzlyk,Watan, görer görejimiz, owasynda Garaşsyzlyk,Yranmajak ynamlaryň batly bady Garaşsyzlyk,Külli türkmen halkymyzyň göwün şady Garaşsyzlyk.

Şygryýet bossany

Kär hakynda hekaýat Hünärsiz ýaş ýigit bolupdyr birçak,Kyn düşüpdir güzeranyn dolamak.

Şygryýet bossany

Göwün kelamy Ýene başky sözüm aýtsam gaýtalap:— Heý, seni ýürekden söýmän bolarmy?A. Rejebow.

Şygryýet bossany

Ajap ilim bar Watan waspyn beýan etsem, sözlesem,Bäş müň ýyllyk geçmiş ýolun gözlesem,Şöhratly taryhyn ýazyp sözme-söz,Kemlik bolar tarypyn kem sözleseň,Bu toprakda atam-babam, düýnüm bar,Bir supra jem bolan jebis ilim bar.

Şygryýet bossany

Arkadagym nusga beýik işlere Bilimli nesilde kuwwatly Watan,Arkadagym sargyt edýär ýaşlara.Barha beýgeltmeli Watany, çünki,Arkadagym nusga beýik işlere.

Şygryýet bossany

Sähra I

Şygryýet bossany

Enäniň sowaly Geçen asyr, nägehan uruş,Giden balam, sen gelmezmiň?Gözlerimden ganly gözýaş,Dökemde, balam gelmezmiň?

Şygryýet bossany

Watanym Seleň sähralaňda serim sämedip,Watanym, men seniň ýazyňa gurban.Topragyňy togap edip alnyma,Keramatly ýurdum, tozuňa gurban.

Şygryýet bossany

Watanym Erkanadyr il-günler, Garaşsyzdyr Watanym.Buýsançly saýrar diller,Garaşsyzdyr Watanym.

Şygryýet bossany

Bentler Üstünlik getirýän yhlas bolýandyr,Täk-täk çitimlerden palas bolýandyr,Ynsan zähmet çekip rysgyn gazanýar,Şeýdip ähli dertden halas bolýandyr.* * *Geregiň görjek bol öňe seredip,Ataş gör, ot saýgar doňa seredip,Oduň içindäki buzy görüp bor,Yhlas ediberseň siňe seredip.* * *Düşünene durmuş durşuna many,Aňsat düşünmersiň emgemän jany,Syryny açarsyň, ornuň taparsyň,Halal zähmet çekip gazansaň nany.* * *Işleýşiňe görä berip peýdany,Bek hasap ýöreder zähmet meýdany.Boş haltaly gaýdar bolsady eken,Hasyl bilen sylar işläp haýdany.* * *Boýuň kelteligi aýyp zat däldir,Diliň kelte bolsa ýamany şoldur.Gögeren agaja zyýan ýetirme,Barlygňy başarsaň bag ekip bildir.* * *Şeýle rowaýat bar: Bir bölek külçe,Ajygyp iýene duýlanmyş balça.Anyk ödediňmi zähmetiň bilen,Iýeniň hasabyn bil, dogry ölçe.* * *Gül açmaga şulaň bary gerekdir,Zemin mähri, günüň nury gerekdir.Ýer goýnunda köke gurp bermek üçin,Gyş aňzagy, buzy, gary gerekdir.* * *Zähmet çekip öýüň düzedibergin,Eşretini görüp hezil edibergin.Ýene-de ýagdaýňy bilip aýagňyÝorganyňa görä uzadybergin.* * *Ynsan işläp derin saçyp gün görýär, Guşlar al-asmanda uçup gün görýär, Mekan eýläp gizlin, çola kertleri,Keýik, umga ylgap, gaçyp gün görýär.

Şygryýet bossany

Watanym  Seň goýnuňda birden şahyr bolaýdym,Seň waspyň elmydam dillerde aýdym,Sende dünýä indim, ösdüm, ulaldym,Saňa uly hormatym bar Watanym.

Şygryýet bossany

Bahar Gündogaryň ýylap süňňi,Ýylylyk ýaýrady dünýä.Ýaran eýläp ýagşylygy,Ýene gülüp bahar gelýä.

Keýik (hekaýa)

Gün dogup gelýärdi. «Ýyldyz boýy» diýilýän gaýanyň gap bilindäki gowakdan çykan maral keýik pese inip başlady. Ol her basjak ýerine ünsli garap, töweregine eserdeňlik bilen bakýardy. Sähel howatyrly şygyrdy eşitdigi bes, gelen ýerine ökje götermäge taýýardy. Maral keýigiň toýnaklarynyň astyndan owunjak daşlar aşak gaçyşlaryna, özboluşly ses çykarýardylar. Häzir jülgede asudalyk höküm sürýärdi. Muny kemsiz aňlan maral keýigiň hem süňňüne rahatlyk aralaşdy. Ol gaýanyň etegine düşen badyna ýüzüni gündogara öwürdi. Suwuň ysy maral keýigiň burnuna haplap uruldy. Ol temegini göge tutup ysyrgandy. Golaýda çeşme özboluşly seslenip, akyp ýatyrdy. Ol şoňa tarap gadam urdy. Barandan hem çeşmä eňek basdy. Ol bir täsinlige haýran galyp, başyny göterdi. Çeşmä dykgatly garady. Suwdan ýanyp duran iki sany göreç oňa dikanlap seredýärdi. Maral keýik diňe jübüt gözleri däl, çeşmede özüne meňzeş keýigiň hem keşbini gördi. Ol çalasynlyk bilen töweregi didelerinde eledi. Emma onuň özünden gaýry ýeke jandara hem nazary düşmedi. Maral keýik çeşmä täzeden eňek basdy. Ol suwdan ganýança, başga zada imrinmedi. Hiç hili howpuň ýokdugyna mazaly aň ýetirenden soň, ol jülgäniň has ýaýraw berýän ýerindäki meýdana bakan ýol saldy. Günüň sahylyk bilen saçýan şöhlesine nurlanyp görünýän meýdany görmäge gözleriň jowahyry gerekdi. Bu ýerde dagda bitýän otlaryň ählisi diýen ýaly el bilen ekilene çalym edýärdi. Ola

Parahatçylyk sazy (hekaýa)

Ogulnäzik adamsyny Watan goragyna ýollap, onuň agyr jeňden sag-aman gelmegini diläp, obanyň meýdan işlerine işeňňir gatnaşyp başlady. Onuň gaýratlylygy, ýaşlygyndan zähmete werdişligi agyr zähmetden zeýrendirmedi. Adamsy Myratdan ilkinji hat gelende, Ogulnäzik haty alyp, tolgunyp-tolgunyp okady. Onda Myrat Ogulnäzigiň ýagdaýlaryny sorapdyr, oňa göwnünde beslänlerini aýdypdyr. Ol hatda Myradyň kakasyna ýüzlenip ýazanlary-da bardy. Ogulnäzigiň gaýyn atasy sowatly adamdy. Akmämmet aga hatda oglunyň hut özüne ýüzlenip ýazanlaryny sessiz-üýnsüz okady. Myrat frontdaky ýagdaýlar hakynda hem aýdyp, birnäçe şäherleri azat edendiklerini belläpdir. Haty okan Akmämmet aganyň gür gaşlary ýazylyp, ýüzüne şatlyk çaýyldy. Onsoň ol ör turaga-da, köne patefona ýapyşdy. «Ýeňiş» diýen türkmen sazy ýaňlanyp başlady. Belent mukam gazma dutardan çykyp, ýaňlanyp başlady. Bu sazda ruhubelentlik joşguny örän güýçlüdi. Mukam soňlanýança, Akmämmet aga aýak üstünde durdy. Ol bütin düýrmegi bilen saza berlip, bar zady unutdy. Bu saz oňa gujur-gaýrat berdi. Akmämmet aga ep-esli wagtlap sazyň täsirinden çykyp bilmedi. Soň daşary çykdy-da, haty aýaly Dürnabat ejä berip:

Ömür menzilleri (hekaýa)

1942-nji ýylyň baharydy. Tebigat adatdaky endigine görä, ýene-de läle-reýhana bezenip-beslenipdi. Hamala diýersiň, dünýäniň ýüzi parahat, asuda ýalydy. Emma jahanda aldym-berdimli ýowuz uruş dowam edýärdi. Ähli halk: «Ähli zat front üçin, ähli zat ýeňiş üçin!» diýen şygar bilen ýaşaýardy. Uludan-kiçä hemmeler geljekde gazanyljak ýeňşiň hatyrasyna islendik kynçylyga döz gelmäge taýyndy. Açlyga-da, horluga-da, agyr zähmete-de, öwezini dolduryp bolmajak elhenç ýitgä-de mertlerçe döz gelinýärdi. — Saňa aýtmaly zadym bar — diýip, Serdar bir gün gelnine ýüzlendi.

Ömür menziliniň käbir pursatlary

Şahyr Baýram Jütdiýew: «Edebiýat — bu durmuşdyr» Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Baýram Jütdiýew bilen baglanyşykly aýdasym gelen zatlarymyň käbiri mundan ozalky makalalarymda hem aýdylypdy. Aýdylmadyk zatlar has köp. Derejeli bir şahyryň bütin döredijiliginiň, durmuşynyň, ony özüň bilen baglanyşdyrýan zatlaryň gürrüňi-hä däl, çaklaňja kitabynyň, hatda bir topbak goşgusynyň gürrüňini diýseňizläň! Her tarapyndan baryp, ol hakynda mydama söhbet etmek mümkin.

Ömrüň hoşlugy — ylham maýasy

Her bir dörediji adamyň galam ýöretmekde özüne mahsus äheňi bolýar. Biziň gürrüňini etjek bolýan ýazyjymyzyňam durmuşa, ýaşaýşa garaýşy özboluşly äheň bilen ýazýan eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Ýurt Garaşsyzlygynyň edebiýata täze öwüşgin çaýyşy ýaly, Garaşsyzlyk onuň edebi pikirleriniň-de millilik duýgulary bilen baýlaşmagyna getirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan eserleri bilen öňe çykan ýazyjy-şahyrlaryň hatarynda, onuň ýüzlenýän temalary-da halkymyzyň milli duýgulary bilen bagly boldy.  Her haçan onuň hekaýasyny ýa nowellasyny eliňe alyp, okap başlanyňdan bu ýazyjydan uly zatlara garaşýarsyň, haýsydyr bir durmuşdan alnan wakanyň çeper beýanyny okanyňda bolsa, kyssada hereket edýän gahrymanlaryň täsirinden çykyp bilmän, esli salym pikirlenýärsiň. Şonda ýazyjynyň beýan ediş, çeperleşdiriş ukybyna üns berýärsiň. Bu ýazyjynyň türkmen edebiýatynyň kyssa žanrynda mynasyp ornunyň bardygyna göz ýetirýärsiň.