"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Taryha giren dutar ussasy

Ömrüni sungata bagyşlap, öçmejek yz galdyran belli ägirtler halkyň aňynda baky ýaşaýarlar. Gelenje ussa-da şolaryň biri. Geçen asyryň başlarynda Gelenje ussanyň at-abraýy Mary sebitlerinde örän giňden ýaýrapdyr. Şeýle bolansoň her bir bagşy-sazanda Gelenje ussanyň ýasan dutarynda saz çalmagy arzuw edipdirler. Gelenje ussa haýsy tutdan nähili sesli dutaryň çykjagyny, ony ders bilen çygly ýere gömüp goýmak, erik agajyndan dutaryň sapyny ýasamak ýaly inçe syrlary özüniň halypalaryndan öwrenip, ony has hem kämilleşdiripdir. Onuň ýasan dutarynyň kädisiniň görnüşi özboluşly bolupdyr. Şol görnüşini saklamak bilen kädisiniň içini belli bir derejede köwüp, ondan örän täsin owazy almagy başaran ussa dutar kädisiniň daşyny kyrkgünlük gawunyň daşy ýaly şekilde ýasapdyr. Şeýle owadan dutary ýasansoň, her bir bagşy-sazanda onuň dutarynyň gözleginde bolupdyr.

Yhlasly zähmet — üstünligiň açary

Meniň Nuretdin Nyýazow bilen ilkinji tanyşlygym 2004-nji ýylyň güýzünde bolupdy. Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde işe başlan ilkinji günlerimiň birinde Nuretdin aga zähmet çekýän muzeýimize gelipdi. Ol muzeýe birnäçe surat eserlerini sowgat hökmünde getiripdi. Aslynda görüp otursam, Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň çeperçilik-bezeg işlerine zehinli suratkeşiň zähmeti siňen ekeni. Zehinli suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Nuretdin Nyýazow ömrüni sungata bagyşlan adamlaryň biri. Ol sungat ugrundan ilkinji bilimini Täjigistanyň Duşenbe şäherindäki şol wagtky respublikan çeperçilik uçilişşesinde alypdyr. Ony tamamlandan soňra 1974 — 1980-nji ýyllarda Kerki şäherindäki orta mekdepde mugallym bolup işläpdir. 1975-nji ýyldan bäri ol dürli sergilere gatnaşyp gelýär.

Ömür ýolunyň ýazgylary

Ömürler menzil-menzil. Şol menzilleriň her öwrüminde, käte her ädiminde hemişe ýada düşüp duran ahwalatlardyr wakalar bolýar. Ol hemme adamda-da şeýledir. Sebäbi bu dünýä gelen ynsan diňe özi üçin ýaşanok. Çünki ömrüňi manyly geçirjek bolsaň, ilki bilen «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen gadymy ýörelgä uýup ýaşamaly. Ynsanyň yzynda ýagşy at galsa ýagşy! Gadymy kitaplaryň birinde aýdylyşy ýaly, «Atadan perzentlere galýan iň uly baýlyk — abraý-mertebedir. Sebäbi abraý-mertebe tükenmeýän, asyrlara aşyp gidýän baýlykdyr». Ynha, mähriban Watanymyz Türkmenistan 30 ýylyň içidir Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy-geografik kartasynda mynasyp orny eýeleýär. Onsoň ömür ýoluňa ser salýaň-da, «Eýsem, men bu ýurduň suwuny içip, duzuny iýip, şu özgerişliklere nähili goşant goşdumkam, il-halkyň öňünde bitiren işlerim, eden hyzmatlarym heý, ýüze tutarlyk barmyka?!» diýip oýlanýarsyň. Bu adaty ýagdaý. Adam ömrüň paýawyna ýetiberende öz ynsabynyň öňünde hasabat berýär. Şonda: «Beh, men ençe gary depelän, ýagşyny-ýamany gören, özgelerden birki sanaç uny köpräk iýen adam hökmünde häzirki nesillere durmuşymdan gürrüň berere, öwüt-ündew edere tutarygym bar eken-ä» diýseň, türkmen aýtmyşlaýyn, «içiňi dökseň» ýagşy. Magtymguly atamyz diýmişleýin, «Jahan giňdir, çendan bilende bardyr».

Başymyň jygasy başgabym

Türkmen halkynyň milli başgaplary asyrlar dowamynda kämilleşdirilip, sungat derejesine çenli ösdürilipdir. Silkme telpekler milletiň ýüzi hökmünde dünýäde tanalýar. Dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» kitabynda «Telpek» sözüniň «Telper» sözünden (köki «Telp») emele gelendigi nygtalyp geçilýär. Taryhymyza ýüzlenenimizde telpegiň örän köp görnüşleriniň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Mysal üçin, şempa telpekleri arassa, dury ak reňkli bolupdyr. Şeýle hem goňur altynsow öwüsýän sur telpekler gymmat bahaly baganadan tikilipdir. Mundan başga hem Buhara telpegi, çopan telpegi ýaly telpegiň görnüşleri bolupdyr. Käbir türkmen taýpalarynyň geýýän telpeklerinde hem tapawutly aýratynlyklaryň ýäze çykandygyny bellemek gerek. Mysal üçin ärsary türkmenleriniň arasynda gyýtyk tüýli derilerden tikilen çöwürme telpekleri giňden ýaýrapdyr. Türkmen aganyň başyny bezäp gelen telpek hysyrdyly we irginsiz zähmetiň netijesinde taýýarlanypdyr. Şol sebäpli telpek ussalary il içinde uly hormata eýe bolupdyrlar. Derini saýlap almak, ony dürli usullar arkaly eýlemek we biçüwini amala aşyrmak ýaly inçe senet işleri telpekçi ussalaryň mydama gözlegde bolmagyny we hünärini yzygiderli kämilleşdirmegini talap edipdir. Synçy ata- babalarymyz adamynyň häsiýetlerini onuň telpek geýşinden kesgitlemäge çalşypdyr. Telpegi maňlaýyna basybrak geýýän adamlar işine ykjam ýapyşýan, başlan işi

Paýhasly dürdäneler

Ata-babalarymyzyň, akyldarlaryň bize goýup giden edebi gymmatlyklary bahasyz gymmatlyk. Olar her bir kişini ýagşylyga çagyrýar, durmuş ýolunda halal ýaşamagy ündeýär. Paýhasly dürdäneleri özünde jemleýän hekaýatlary, durmuş kyssalaryny bizem ýaşlara ýetirip, öwüt-ündew edýäris. Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde hem şeýle tymsallaryň ençemesi bar. Şolaryň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Onda bellenişine görä, Amr ibn Bahrul Jahyz şeýle diýipdir: «Ybraýym ibn Sindi Kufäniň abraýly adamlarynyň birine sowal bilen ýüzlenipdir. Bu adam şol ulusyň sylagly, erjel, şirin sözlülikde bäsleşmäge taý tapylmaýan, perişde pisint adam eken. Ybraýym oňa: «Adamlaryň haýyşyny bitirmekde ýadawlygyňy duýdurmaýan, bitmesi agyr işleri ýeňil görkezýän zat näme?» Ol: «Ýagşylyk eden adamymyň alkyşy, meniň üçin, säher çagy baglaryň şahasynda saýraýan guşlaryň sesinden, bag şahalarynyň saz guralynyň kirşi kimin zarňyldysyndan, mylaýym sesli aýdymçy gyzlaryň hiňlenmesinden lezzetlidir. Bahar gülleriniň ählisini synlap çykdym, ýöne olaryň hiç biri ýagşylyk edene aýdylýan alkyş ýaly süýji we owadan däl ekeni» diýipdir. Ybraýym oňa: «Nähili ajap ýigit ekeniň. Saňa sahylygyň demi siňipdir, Alla seniň jomartlygyňy artdyrsyn. Ýöne, bu işleri süýrenjeňlige salman, tiz bitirmäge nädip endik etdiň?» diýipdir. Ol: «Men hiç haçan zorluk etmeýärin, gerekmejek zatlary soramaýaryn. Haý

Hakydada galan ýatlamalar

Adamzadyň ýady kitaby ýada salýar. Ýazylan ýazgylaryň kitap sahypalarynda hemişelik galyşy ýaly, durmuşda bolup geçýän iň täsirli wakalarynyda ynsan ýadyndan çykmaýar. Gürrüň açjak wakalarym telewideniýede işlän döwrümizde ýazyjylardyr sungat ussatlary bilen baglanyşykly ýadymyzda hemişelik galan pursatlar. Ol 1989 — 1994-nji ýyllarda telewideniýäniň edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýärdi. Talapkär, işjanly, ýeri gelende töwekgel, täzeligi goldap, redaktorlaryň çeken zähmetine görä aladasyny edýän adamdy.

Habarlar

2-nji ap­rel. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­me­giň wa­jyp me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. 5-nji ap­rel. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent ­Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da bo­lup, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň at­çy­lyk to­par­la­ry­nyň taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ge­çi­ri­len ça­py­şyk­la­ra to­ma­şa et­di we ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ne taý­ýar­lan­ýan be­dew­le­ri syn­la­dy.

Garaşsyzlygyň gadyry

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan. Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berlen täze desga, täze bina, täze önümçilik kärhanalary.

Şygryýet bossany

Aşgabat Ajap-ajap binalaryň asman bilen birigýär,Ýürek yşkym, göwün şadym, jigerim sen, Aşgabat!Säherler seretseň misli çar tarapdan Gün dogýar,Eziz Watanmyň ýüregi, geregim sen, Aşgabat!

Şygryýet bossany

Paýtagtymyz Kalp­la­ryň nu­ru­na ço­ýu­lan ýa­ly,Gö­ýä bir on dör­di gi­jä­niň Aýy,Göw­her şöh­le­sin­den alyp­syň pa­ýy,Paýtagtymyz, mermer şäher Aş­ga­bat.

Şygryýet bossany

Aýdyň ýolly Aşgabat Mer­me­re bes­le­nen aja­ýyp şä­her,Ag­zy­bir, asu­da il­li Aş­ga­bat.Gör­ki göz ga­maş­dyr her şam, her sä­her,Ge­le­je­ge aý­dyň ýol­ly Aş­ga­bat.

Şygryýet bossany

Bentler Nu­ra çü­men, ak şä­he­rim — ak bag­tym,Bag-bos­san­ly, köş­gi, eý­wan­ly tag­tym,Işiň ro­waç bol­sun, ýo­luň ak bol­sun,Ak mer­mer­li 140 ýaş­ly paý­tag­tym!* * *Türk­me­nis­tan ― pa­ra­hat­lyk Wa­ta­ny,Türk­me­nis­tan — yna­nyş­mak Wa­ta­ny,Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äş­gär­dirWa­ta­ny­myň ba­ky bag­ta ýe­te­ni.* * *Asuda, abadan, aja­ýyp şä­her,Şöh­rat­ly ta­ryh­ly, yk­bal­ly, şä­her.Jem­şi­diň ja­my dek dün­ýä­ni gör­ýän,Bag­ty­ýar döw­rüm­de ga­nat­ly, şä­her.* * *Şi­rin­den-şi­rin­dir aý­dy­my-sa­zy,Belentden ýaňlanýar bagşyň owa­zy.Gözel Aşgabadyň mährem gujagy,Ýat­la­dyp dur my­dam ba­ha­ry-ýa­zy.* * *Köp wa­ka­ny gör­di ozal, Aş­ga­bat,Bag­şy-şa­hyr­la­ra ga­zal, Aş­ga­bat,Ber­ka­rar döw­let­de – tä­ze za­man­da,Bar­ha gö­zel­leş­ýär gö­zel Aş­ga­bat! * * *Paý­tag­tym seň ynam tä­jiň be­ýik­dir,Kal­by­my­za yl­ham jä­jiň gu­ýup­dyr.Gö­ren­ler ar­mana, gör­me­dik­le­rem:«Bir gör­sem­dim, ar­ma­nym ýok» di­ýip­dir. * * *Syn­la­nym­da se­ni sä­her, Aş­ga­bat,Ju­wan şä­her, tä­miz şä­her, Aş­ga­bat!Se­ýil­gäh­ler al-ýaşyla bürenenÝy­lyň dört pas­lyn­da ba­har, Aş­ga­bat!* * *140 ýyl ýaşan çagyňda se­niň,Ke­rem bar, gud­rat bar, da­gyň­da se­niň.Tä­ze­den gal­ky­nan Aş­ga­ba­dym sen,Bil­bil nag­ma ka

Şygryýet bossany

Aşgabat, jan Aşgabat(Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna 140 bent oda) Müň sekiz ýüz segsen birde,Tutulypdyr berk binýadyň.Haýsy sözlerden döräpdir,Ajapdan ajaýyp adyň?!

Arkadagyň ak şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesine barýan günlerimizde mähriban Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli tutumly işleri her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza, amal edilýän belent tutumlara bolan buýsanjyny goşalandyrýar, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda paýtagtymyzda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnama şäheriň döwrebap düzümlerini kemala getirmäge, innowasion çemeleşmäge, dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny durmuşa işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda baş maksat Aşgabady diňe bir iň owadan şäherleriň birine öwürmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň hataryna çykarmakdan, adamlaryň zähmet çekmeginiň we dynç almagynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ösüşiň, özgerişiň şäheri

Bu gün paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz gerek, taryplamaga — söz. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň döredijiliginde gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi şeýle suratlandyrylýar: Märekeli, myhmanlydyr ojagyň,Elwan güller gelişigi gujagyň.Ak şäherim,                    ah, ajabym, ajabym,Bezeneňde bezenýärin, Aşgabat.

Geçmişi şöhratly, şu güni taryply şäher

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen birlikde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem dabaraly bellenilip geçilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň şanly taryhy bar. Şu geçilen ýyllarda Aşgabadyň ähmiýetli wakalary şöhratly taryhynyň sahypalarynda özboluşly orun aldy. Taryhçylardyr syýahatçylaryň galdyran maglumatlarynda şol wakalar öz aýdyň beýanyny tapýar. Şeýle gymmatly maglumatlar taryhçy Öwez Gündogdyýewiň Aşgabadyň şöhratly taryhy barada giňişleýin söhbet açýan «Aşgabat — keramatly Ärsagyň mekany» atly eserinde hem beýan edilýär. Bu taryhçy alym 1881-nji ýylyň ýaz paslynyň aýaklarynda Aşgabadyň Zakaspiý dolandyryş ulgamynyň ykdysady-medeni merkezine öwrülendigini belleýär. 1885-nji ýylda Aşgabada demir ýoly doly çekilýär we şol ýylyň noýabrynda ilkinji otly bu şähere gelýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şol ýylda Aşgabatda demir ýol ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlaýan hünär okuw mekdebiniň döredilendigi bellenilýär.

Milli buýsanjymyzyň beýany

Toý-baýramlara baý ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilip geçilýär. Bu günki gün buýsanç bolup pasyrdaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy türkmeniň agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurt asudalygynyň nyşanydyr. Ol ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň mähribanlygyny, mydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz başymyzyň buýsanjy bolan ýaşyl Tugumyz hakynda: «Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, şatlygymyza şatlyk, ruhumyza ruh goşýan, täze galkynyşlara, beýik ýeňişlere galkyndyrýan egsilmez ruhy güýçdür. Döwlet baýdagy türkmeniň berkararlygynyň baky kepilidir, her birimiz üçin mukaddes hem-de ezizdir» diýip, örän jaýdar belleýär. Döwlet baýdagymyz gözbaşyny taryhyň alyslyklaryndan alyp gaýdýan pederlerimiziň döwletli ýörelgeleriniň, Watanymyzyň äleme ýaýylan şan-şöhratynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Bilşimiz ýaly, 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilipdi. Döwlet baýdagymyzdaky Aýyň şekili abadançylygyň, bäş ýyldyz bäş welaýatymyzyň, şeýle hem agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň nyşanydyr. Türkmen haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, gözelligini, milli ýörelgesini aňladýar. Dünýäde abraýly halkara guramalaryň biri hasaplanylýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkm

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ilatyň saglygyny goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagy hem-de ýurdumyzyň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli şypahanalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de raýatlarymyza şypahanalarda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalarynyň tassyklanmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini has-da begendirdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine ajaýyp zamanamyzda ak ýürekden zähmet çekmäge itergi berýär hem-de olaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen beýleki ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Halkara derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, köp sanly sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şygryýet bossany

Halypalaryň hatyrasy Gara Seýitli

Şygryýet bossany

Bolaýyn Adymda beýandyr perzentlik borjum,Ata Watan, saňa gurban bolaýyn.Kalbym buz tutmakdan goraýan gorsuň,Ýerde waspçyň, gökde durnaň bolaýyn.