"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Frontçy ýazyjy

Ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewde şeýle setirler bar: «Päliň-niýetiň gözel bolmak bolsa, kynam däldir. Bolarsyň. Ýekeje bir kyn ýeri ― hemişe özgeleri özüňden sähelçe gowy görmegi başarmaly. Şu parzy ýeke sen däl, hemme kişi berjaý etse, gözüň öňüne bir getirip gör, seni-de biri özünden eziz görer. Şeýdibem, adamlar arasynda ählumumy gözellik sazlaşygy berkarar bolar...» Durşy bilen pelsepä ýugrulan jümleler. «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak» diýen nakylymyzyň has giňeldilen, düýpli many-mazmun çaýylan nusgasy.

Halkyň aňyna ornan

Radioda bagşylaryň hiç biriniň sesine meňzemeýän, üýtgeşik, ýakymly owaz ýaňlananda, durkum-düýrmegim bilen gulaga öwrülmegim meni alyslyklarda galan talyplyk döwrümize alyp gidýär. Şol şirin labyz gulagymdan hiç gidenok: Eý, gözel oglan,Bäriňe dolan,Bakaýyn saňa,Dolandym yza.

Örküni oba baglan halypa

Milli mirasymyzy öwrenmäge, öten-geçen halypalary tirsegine galdyrmaga giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen sözleri uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Bazar Öwezow hem ýatlanylmaga mynasyp halypalaryň biridir. Ýazyjylar hil-hil bolýar. Bir topary alym ýazyjylar bolýar, olar öz eserlerinde ylym bilen baglanyşykly temalara köpräk ýüzlenýärler. Taryhçy ýazyjylar bolýar, olar öz eserlerinde taryhy wakalary beýan etmäge ýykgyn edýärler. Başga bir topar ýazyjylar bolsa, obada ýaşap, halka has ýakyn ýazyjylar bolýar. Olar öz eserleriniň temasynam, gahrymanlarynam oba durmuşyndan, oba adamlaryndan alýarlar. Bazar Öwezow şolaryň üçünji toparyna degişli. Ol 1927-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda gadymy Murgap derýasyny ýakalap oturan obada doglup, ýaşan bütin manyly ömrüni oba adamlarynyň arasynda geçirdi.

Türkmen sazynyň mertebesi

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada beslenen öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milletimiziň mertebesi, medeniýetimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Asyrlar aşyp gelen medeni däplerimiz, ruhy ýörelgelerimiz, milli aýdym-saz sungatymyz tutuş adamzat nesilleriniň naýbaşy baýlygy hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Munuň özi, gönüden-göni milli medeniýetimiziň mazmunyna ümmülmez baýlygyň jemlenendiginiň, asyrlar aşyp gelen milli sungat eserlerimiziň çeper kämildiginiň henize çenli doly açylmadyk syrlara beslenendiginiň aýdyň nyşanydyr. Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýar döwrümizde milli aýdym-saz sungatymyz täze röwüşe beslenip, dünýä ýüzüne parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dostanalygyň hem-de ynanyşmagyň ruhuny çaýýar. Dutaryň owazy şöhratly geçmişimizde bolşy ýaly, goňşy bilen goňşyny has-da doganlaşdyrýar, yklymlaryň halklaryny dostlaşdyrýar, medeniýetleri baýlaşdyrýar. Onuň köp asyrlyk halkymyzyň pelsepe dünýäsine çuňňur kök uran gözbaşlary bolsa ençeme nesilleriň ruhy, aň-bilim ösüşine öz goşandyny goşup geldi. Şundan ugur alsak, dutaryň sazy — halkymyzyň köňül owazy. Ol owaz taryhyň jümmüşinde halkyň ruhuna eriş-argaç ulaşyp, nurlandyryp gelen altyn sapakdyr.

Alp Attila

Ömür beýany (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) Attila... Attila... Attila...

Edebiýat – dostluk köprüsi

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly syýasatynyň netijesinde dünýä ýüzünde barha mertebeli orny eýeleýär. Türkmenistan hakyndaky çuň mazmunly pikirler bolsa, milli edebiýatymyz bilenem aýrylmaz baglanyşykly. Çünki türkmen edebiýaty — köp asyrlyk taryhly edebiýat, ol häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik dünýäsiniň ajaýyplyklary bolan kitaplary bilen has nurlanýar. Gahryman Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä döwletleriniň dillerine terjime edilmegi bolsa, häzirki zaman türkmen edebiýaty hakynda olaryň aňynda täze düşünjeleri oýarýar. Belarusly ýazyjy, türkmen edebiýatynyň muşdagy Ales Karlýukewiçiň «Gür tokaýlaryň ýurdunda Garagum hakynda» atly makalasynda hem şol dostluk barada söz açylýar.Ales KARLÝUKEWIÇ, belarus ýazyjysy Gür tokaýlaryň ýurdunda garagum hakynda

Dünýäniň söýgi we parahatçylyk ýaňlary

(Her çemenden bir gunça) Rasul GAMZATOW,awar şahyrySöýgini gora!

Aşgabadyň tarypy

Şahyr Ata Atajanow, baryp-ha geçen asyryň 40-njy ýyllarynyň ahyrynda «Men aşgabatly» atly goşgusynda: Ölsem-de adyňdan aýrylmaz ýürek,Men seniň baryňda bagtly, batly.Söýýärdim, söýýärin, söýerin jan dek,Men seniň öz ogluň, men aşgabatly —

Aýdymda ýaňlanýar waspyň paýtagtym

Aşgabat Sazy: Daňatar ÖwezowyňkySözleri: Gara Seýitliýewiňki

Dillerde dessan Aşgabat

Sazy: Merdan SähedowyňkySözleri: Süleýman Ilamanowyňky

Döredijilik älemi hakda oýlanmalar (esse)

Döredijilik düşünjesi örän giň we çuň düşünjedir. Ol durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ýöne biz şu ýazgymyzda döredijiligiň edebiýat, çeper döredijilik bilen baglanyşykly ugry barada gürrüň etmegi göz öňünde tutduk. Çeper döredijiligiň nähili döreýändigi, çeper döredijiligiň mowzuklary, näme hakda, nähili, nämä esaslanyp ýazmalydygy barada öz garaýşymyzy beýan etmegi, käbir söz ussatlarynyň döredijilik aýratynlyklarynyň üsti bilen çeper döredijiligiň aýratyn taraplaryny açyp görkezmegi maksat edindik. Bu dünýäde ruhy we maddy gymmatlyklary döredijiler iň bagtly ynsanlardyr. Çünki olar adamzadyň hiç haçan ähmiýeti ýitmejek, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlyklaryny döredýärler. Şol gymmatlyklaryň hatarynda çeper döredijilik, edebi çeşmeler, gymmatlyklar aýratyn orny eýeleýärler. Giňligi, çuňlugy, ähmiýeti, gymmatlylyk derejesi babatda deňi-taýy ýok edebi eser — halkymyzyň taryhy ösüşi, ruhy we maddy medeniýeti, gahrymançylygy, umyt-arzuwlary barada bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Görogly» şadessany muňa aýdyň mysaldyr. Bu eser ähmiýeti boýunça ensiklopedik häsiýetlidir.

Bäş menzilden bedew atlar çapylsyn

Halk döredijiligi, edebi gymmatlyklarymyz halkymyzyň gadymy, medeni baýlygydyr. Halk döredijilik eserleri bilen bir hatarda dessanlar-da halk nesillerden-nesle geçirip gelýärler. Şolaryň biri-de «Görogly» şadessanydyr. Bu şadessanyň YUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli medeni mirasymyzyň dünýäde giň gyzyklanma döredýänliginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Özüniň dil çeperçiligi taýdan kämil eserleriň biri bolmak bilen «Görogly» şadessanynyň dili doly entek öwrenilmedikdir. Onuň dilini öwrenmek alymlary gyzyklandyryp gelýän esasy meseledir. Bu şadessanda duşýan sanlary derňemek gyzykly hem derwaýysdyr. Şadessandaky sanlar bolsa halkymyzyň ynanjyna, yrymyna öwrülip gidendigi, simwollyk häsiýeti bilen tapawutlanyp, olar derňelende, olaryň dürli wezipesine, stilistik hyzmatyna göz ýetirmek bolýar:

Akyldaryň şygyrlary şahyrlara nusga

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular» diýip, edebi hem ylmy taýdan türkmeniň taryhda uly mekdep döreden şahsyýetlerimiziň hormatyny belende galdyrdy. Halklaryň ençemesi asyrlar boýy goňşuçylykda bolup, syýasy, ykdysady, medeni taýdan aragatnaşykda ýaşapdyrlar. Şeýle ýagdaýlaryň, taryhy şertleriniň netijesinde edebi hyzmatdaşlyk ýüze çykypdyr. Şeýle hem şahyrlaryň özara döredijilik gatnaşykda bolmaklary edebi hyzmatdaşlygyň ösmegine kömek edipdir.

Soltan jelaleddiniň Hindistandaky hökümdarlygy

Kitaplara sünnälenen taryhy wakalar, hakydalara ornan hatyralar, setirlere siňen ýatlamalar milletiň ykbal ýoly bilen bagly bolsa, üstünden ýüzlerçe ýyllaryň geçýändigine garamazdan, hemişe dek düýn bolan ýaly göz öňünde janlanýar. Taryh asmanyny bezeýän türkmen şahsyýetleri nesilleriň aňynda watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hiç zatdan heder etmezligiň, kynçylyklary aýgytly ädimler bilen ýeňip geçmegiň göreldesi bolup ýaşaýar. Taryhy eserleriň nagşyna öwrülen, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde mertlik hakda söz açylýan ýerlerde ady buýsanç bilen tutulýan gahryman serkerde soltanlarymyzyň biri hem Jelaleddin soltandyr. Dürli döwürlerde ençeme dillerde dünýä taryhçylary tarapyndan Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň taryhy, onuň hökümdarlarynyň ömür beýany, döwletiň syýasy-ykdysady, ylym-bilim we medeni durmuşy öwrenilse-de, ählitaraplaýyn we çuňlaşdyrylyp az öwrenilen ugurdyr. Horezmşalar-Anuşteginler döwleti yslam äleminiň ylmy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu döwlet Beýik Seljuklar döwleti synyp, onuň mirasdüşeri hökmünde syýasy arena çykandan soňra Mawerannahry, Horasany, Kermany, Sistany, Gaznany we Yragyň käbir ýerlerini özüne birikdirip, XII-XIII asyrlarda diňe sebitde däl, eýsem, Gündogarda iň uly döwletleriň birine öwrülýär. Belli taryhçylar Yzzeddin ibn Esir, Abulfida ibn Kesir, Atamälik Jüweýni, Muhammet ibn Wasyl, Ýusup ibn T

Ussat kinorežissýor

Ýagşy ynsanlary ýagşylykda ýatlamak ynsanyň tebigatyna mahsus häsiýet. Aýratynam, öz kärinde ussatlyga ýeten ynsany ýatlamak. Döredijilik adamy bolsaň-a, geçen durmuş ýoluňa täsir eden adamy — ussady ýatlamak has hem ýakymly. Sebäbi teatr, kino sungatynda üstünlik gazanmagyň onlarça adamlara, aýratyn hem halypalaryňa, kärdeşleriňe bagly bolýandygyny hökman bilmek we bellemek gerekmikä diýýärin. Islendik sahna eseri ýa-da kino eseri bolsun, tapawudy ýok, ol birnäçe sungatlary birikdirip bitirilýän eser bolýar. Şeýle-de bolsa, onda režissýoryň işi şol sungatlary biri-birine nepis baglap, zergäriň zynjyr düzüşi deý bir sapaga düzmekde bolýar eken. Ol bolsa ussatlardan tälim alan režissýorlara başardýan irnik iş we zähmetden başga-da kän başarnygy talap edýän iş. Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle režissýorlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanowdyr. Aktýor hökmünde-de bu halypa režissýory diňe bir kinodyr teatr işgärleri däl, eýsem, kino muşdaklary hem ýagşylykda ýatlaýarlar. Her bir döredijilik işgäri öz döreden eserleri bilen halkyň aňynda galýar we ýatlanylýar.

Zülmaýy barmaklar

Obamyzda nika ýüzügini barmagyna dakman, boýnundan asýan diňe Göwher gelnejem. Onuň näme üçin şeýdýändigini men bilýän. Ol ömrüni haly dokamaga bagyş eden zenanlaryň biri. Şonuň üçin iller, onuň dokan halylaryny gowy görýärler. Men bolsam onuň özi hakdaky gürrüňlerini gowy görýärin. Gyzlar, adatça ese-boýa galyp ugranyndan el işlerine meşgul bolsa-da, dokma esliräk bolansoň münýärler. Göwher gelnejem bolsa başga gyzlardan tapawutlylykda heniz has kiçikä dokma dokamagy öwrenipdir. Şondan bärem onuň bir eli dokmada. Özi-de, ökde halyçy. Töwerekde onuň bilen bäs edip biljek ýok diýerlik.

Marguş rowaýatlary

Döwletmyrat Jumadurdyýew bilen tanşyp, ýegre dostlara öwrülmegimize ikimiziňem çeper edebiýata gadyr goýmagymyz sebäp bolan bolsa gerek. Ýogsam biziň okaýan ýokary okuw mekdebimiz birem bolsa, okaýan ugurlarymyz aýry-aýrydy. Biz geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okapdyk. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlandan bäri mugallymçylyk edýär. Häzirki wagtda Garagum etrabyndaky 18-nji orta mekdepde mugallym bolup, ýaşlara bilim hem terbiýe berýär. Döwletmyrat galamyny seýregräk işledýänem bolsa, onuň ýazýan zatlarynda okyjynyň nazary bada-bat eglenýär. Soňky döwürde mugallymçylyk işini gum içindäki çarwa obasynda dowam etdirmegi bolsa, çarwa durmuşyna degişli köp sanly milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny toplamaga şert döretdi. Muňa onuň gazetlerde çap edilýän miras gymmatlyklary şaýatlyk edýär.

Şygryýet bossany

Ak şäherim Aşgabat Sözleri: Gurbanguly BerdimuhamedowyňkySazy: Kerim Berdimuhamedowyňky

Habarlar

1-nji mart. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş mas­la­ha­tyn­da paý­tag­ty­my­zy hem-de we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ne, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy­na hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne ga­ral­dy. 3-nji mart. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da 2021-nji ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. Ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge, ola­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­let em­lä­gi­ne, şol san­da ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­mä­ge hem-de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­ga de­giş­li so­rag­la­ryň bir­

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk owazlary  Oguz hanyň: «Ser bererin, ýer bermen» Diýip galkyşy sen, Garaşsyzlygym. Sähra deý giň, daglar kimin edermen, Ýeňişli ýol geçen Garaşsyzlygym.