"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Arkadag Arasynda zemin bilen asmanyň,Giň äleme belli bagy-bossanyňGujagynda ajap Türkmenistanyň,Çawuň ýaýyp dumly-duşa, Arkadag,Uzak ýaşaň,Uzak ýaşaň, Arkadag!

Şygryýet bossany

Eziz Arkadag Parahatlyk, ynanyşmak bagtdyr, Giň dünýä jar etdi eziz Arkadag. Aýdyň edip türkmenleriň ýoluny, Belent sepgitlere ýetdi Arkadag.

Şygryýet bossany

Watan Watanymdyr meniň janym-jigerim,Watanymdyr meniň damarda ganym. Mukaddesdir bize mährem topragyň,Seniň bilen bagly pikirim, aňym.

Reňbe-reň gül açýar ýaşyl ýaýlasy

Kä­bä­me de­ňe­ýän ene top­ra­gym, kyb­la­ma de­ňe­ýän ata Wa­ta­nym! Dün­ýä ine­nim­de jä­gil­däp se­si­mi ýaý­la­la­ry­ňa siň­di­re­nim, sež­de­gä­him eziz Di­ýa­rym! Siz hak­da pi­kir ede­nim­de, kal­bym heý­ja­na gel­ýär. Onu­ňam öz se­bä­bi bar. Sa­byr­ly­lyk, pa­ra­sat­ly­lyk, mer­di-mer­da­na­lyk, gaý­duw­syz­lyk, ar-na­mys­ly­lyk, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ba­tyr­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri özün­de jem­le­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň säh­ra için­de çar­wa­dar­çy­lyk, meý­dan­la­ryn­da daý­han­çy­lyk edip, iýen çö­re­gi­ni ha­lal­lyk bi­len ga­za­nyp, şu gü­ne, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ýe­te­ni­ne, ak gö­wün­li, yn­san­per­wer, he­ma­ýat­kär bo­lan­soň ýol­la­ry­nyň açyk, iş­le­ri­niň ro­waç bo­la­ny­na buý­sa­nyp, aňyr­sy­na çy­kar ýa­ly däl. Ene-ma­ma­la­ry­myz ýaş­ly­gyn­dan ne­sil­le­ri­ni öý iş­le­ri­ne wer­ziş edip, ola­ra mil­li ýö­rel­ge­le­ri, edim-gy­lym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň düz­gün­le­ri­ni öw­re­dip, asyl­ly, edep­li, zäh­met­sö­ýer, oja­gy­na we­pa­ly, ar-na­mys­ly duý­gu­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak iş­le­ri et­di­ler. Dog­ry ýol­dan ýö­re­me­gi, ýal­ňyş­maz­ly­gy aňy­my­za guý­du­lar. Wa­tan mu­kad­des­li­gi­ni özün­de jem­le­ýän, se­ni mä­hir sal­lan­ça­gyn­da üw­re­ýän, ýy­ly mäh­ri­ne çoý­ýan me­ge­rem, ene top­ra­gyň gu­ja­gy bol­sa ge­rek. Ger­çek ata-ba­ba­la­ry­myz bu top­ra­gy bet­päl­ler­den go

Parahatçylygyň we sungatyň sazlaşykly beýany

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama beýleki halklar bilen parahatçylykly ýaşamagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Muny tassyklaýan deliller bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzyň gatlaryna göz aýlanyňda az däl. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belläp geçjek «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hakynda gürrüň etmek has-da ýakymly. Halkymyzyň goňşy we alys ýurtlara tarap uzaýan dostluk ýollary barada gürrüň berýän dürli eserler, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de ýetik. Olaryň biri-de köp milletiň wekilleriniň ýüreginde baky orun alan meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylyk ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, milli sazynyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk, hoşniýetlilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyza peşgeş beren «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda pelsepewi pikirler näçe diýseň bar. Parahatçylygy döretmek sungaty

Türkmeniň seýisçilik sungaty

Ata-babalarymyz atlary seýislemegiň inçe tilsimlerini tapypdyrlar. Şondan bäri halkymyzyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişli bolup, müňlerçe ýyllaryň dowamynda bedewleri ösdürip ýetişdirmek kämilleşdirilip gelnipdir. Taryhy ýazgylara görä, goňurdepeliler bürünçden, kümüşden we faýandan ýasalan tüýdügiň owazyna jemgyýetiň asylzadalaryna niýetlenen bedewleri seýisläpdirler. Tüýdügiň owazy hoşuna gelip, bedew toýnak urşuny üýtgedipdir. Türkmenleriň öz bedewini eý görşi, olary seýisleýişleri üýtgeşik bolupdyr. Seýisçiligiň tilsimlerini kämilleşdiren ussat seýisler öz bedewlerine ykballaryny baglapdyrlar. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan bu dostluk daşary ýurt alymlaryny gyzyklandyrsa, halk arasynda olar barada dürli rowaýatlar, tymsallar döräpdir. Şeýle tymsallaryň biri Beknazaryň dor bedewleri hakyndadyr. Bu bedew barada şeýle bir rowaýat halkyň arasynda häzire çenli ýaşap gelýär. Ady äleme dolan bedewi bir gün galtamanlar ogurlaýarlar. Onuň seýsi altmyş ýaşly Beknazar tutuş zehinini, ömrüni atyny seýislemäge bagyşlaýar. Galtamanlar bedewini ogurlap gidenlerinden soň, Beknazar seýsi gaýgy basýar, bedewini tapmagyň ýollaryny gözleýär. Dor atam gaýga batyp, iýmden, suwdan ýüz dönderýär. Bedewiň gün-günden horlanyp barşyna dözmedik galtamanlar ony yzyna getirmäge mejbur bolýarlar.

Ykdysady ösüşiň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmelidir.

Saglyga ýar, salamat arzuwly aşgabat!

Asyrlara arka diräp, gözel Aşgabat şäheri ençeme heňňamlary başyndan geçirdi. Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän paýtagt şäherimiz owadan hem-de döredijilikli başlangyçlaryň badalga alýan döwrebap şäheri hökmünde dünýäde giňden meşhur bolýar. Eziz Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň, şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin amatlylygynyň üpjün edilmegi babatda iňňän köp alada edýär. Onuň netijesi bolsa, 140 ýyllyk taryhly şäheriň sportuň, medeniýetiň, ylmyň, işewürligiň merkezi diýen juda jaýdar häsiýetlendirmelerinden aýdyň görünýär. Bir tarapy Köpetdagyň belent gerşi, beýleki bir tarapy Garagumuň çägelikleri bilen jäheklenen paýtagtymyz tebigatyň iň sapaly künjeginde ýerleşýär. Şäherde amala aşyrylýan özgerişler adam eli bilen döredilen ajaýyplyklaryň tebigy gözellikler bilen sazlaşygyny düzýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň gönüden-göni aladasy bilen şäher Gündogaryň iň bir meşhur şäherleriniň biri bolup lowurdaýar. Aşgabat şäherini özgertmäge gönükdirilen işler häzirki döwürde tapgyrma-tapgyr alnyp barylýar. Şonuň özi hem paýtagtyň içinde täze, tarypyny söz bilen beýan ederden hem

Şygryýet bossany

Buýsanýan Bu dünýäde ýeke-täk, bagtymyzyň şäheri,Buýsanýan, Arkadagly Aşgabada buýsanýan.Asmany tylla nurly, ak süýt kimin säheri,Buýsanýan, Arkadagly Aşgabada buýsanýan.

Söz şalygynyň ägirdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýä äşgär etmäge giň mümkinçilik döredildi. Aslynda, türkmen halky edebi we medeni gymmatlyklara baý halk. Dünýäniň umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi hasaplanylýan, ýokary terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýan taryhy, edebi we ruhy gymmatlyklarymyz ýaş nesli terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda ýol görkeziji mekdep bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen hem baglydyr. Häzirki döwürde beýik şahsyýetlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna, bitiren hyzmatlaryna mynasyp baha berilýär.

Şygryýet bossany

Watan Juwan göwnümiň karary,Janymyň aramy Watan.Göwünlerimiziň aramy, Jigermiň parasy Watan.

Şygryýet bossany

«Bathyz etýudlary» goşgular toplumyndan Bathyzyň bahary

Şygryýet bossany

Türkmenistan Owazaň dagdan aşaÝaşa sen, Türkmenistan!Urup gadamy joşa--joşa sen, Türkmenistan!

Şygryýet bossany

Awazanyň aýdymlary Goja Hazar atýar tolkun, Awazanyň aýdymlary. Göýä diýýär: «Döret, galkyn!», Awazanyň aýdymlary.

Şygryýet bossany

Diýarym Arkadagym pata berdi ak ýola, Garaşsyz Watanym, eziz Diýarym. Herki iş baglydyr niýete-päle, Garaşsyz Watanym, eziz Diýarym.

Şygryýet bossany

Güýz alamatlary Birden töweregi tümlük büredi —Bulutlar asmana leşgerin çekdi.Gije penjiräme Aý gelmelidi,Säher bilen bolsa ― Gün görünjekdi.

Şygryýet bossany

Türkmenistanym Bir ýanyň Jeýhundyr, bir ýanyň Hazar,Eý, eziz Watanym, Türkmenistanym!Saňa bagtyýarlyk eýeledi güzer,Ak daňy atanym, köňül islänim,Eý, eziz Watanym, Türkmenistanym!

Şygryýet bossany

Watan Gujagyňda açyp gözüm,Ulaldym, ösdüm, Watan!Ýoluňda goýup yzym,Gadamym basdym, Watan!

Şygryýet bossany

Watan Halal zähmet çekip, duzuňy iýdim,Diňe öwüdiňe-pendiňe uýdum,Barlygyňda özüm barlygym duýdum,Seň bilen alýaryn nepes-dem, Watan.

Şygryýet bossany

Ajaýyp zaman Kän okaldy, kän kitaplar açyldy,Büdräp, sürçüp, ençe ýollar geçildi.Ýaş ortadan agdy, şonda-da göwün,Bes edenok ýaşlykdaky ylgawyn.Ösüp gidip otyr tehnika, ylym,Aý-gün geldigiçe çuňlaşýar bilim.Belent başly binalara seretsem,Diýýär göwün: «Menem gursam, döretsem».Gupba ýaly jaýlar, köçe lälezar,Başyňy beýgeldip, köňlüňi bezär.Onsoň ýigdelersiň bakman ýaşyňa,Dolanarsyň hol ýigrimi bäşiňe,Täzeden güýç berdi maňa Arkadag,Ýoluma nur saçdy bolup şamçyrag.