Parahatçylygyň we sungatyň sazlaşykly beýany

24 Aprel 2021
885

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama beýleki halklar bilen parahatçylykly ýaşamagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Muny tassyklaýan deliller bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzyň gatlaryna göz aýlanyňda az däl. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belläp geçjek «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hakynda gürrüň etmek has-da ýakymly. Halkymyzyň goňşy we alys ýurtlara tarap uzaýan dostluk ýollary barada gürrüň berýän dürli eserler, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de ýetik. Olaryň biri-de köp milletiň wekilleriniň ýüreginde baky orun alan meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylyk ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, milli sazynyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk, hoşniýetlilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyza peşgeş beren «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda pelsepewi pikirler näçe diýseň bar.

Parahatçylygy döretmek sungaty

Merjen KADYROWA,
žurnalist