Saglyga ýar, salamat arzuwly aşgabat!

24 Aprel 2021
1140

Asyrlara arka diräp, gözel Aşgabat şäheri ençeme heňňamlary başyndan geçirdi. Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän paýtagt şäherimiz owadan hem-de döredijilikli başlangyçlaryň badalga alýan döwrebap şäheri hökmünde dünýäde giňden meşhur bolýar. Eziz Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň, şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin amatlylygynyň üpjün edilmegi babatda iňňän köp alada edýär. Onuň netijesi bolsa, 140 ýyllyk taryhly şäheriň sportuň, medeniýetiň, ylmyň, işewürligiň merkezi diýen juda jaýdar häsiýetlendirmelerinden aýdyň görünýär. Bir tarapy Köpetdagyň belent gerşi, beýleki bir tarapy Garagumuň çägelikleri bilen jäheklenen paýtagtymyz tebigatyň iň sapaly künjeginde ýerleşýär. Şäherde amala aşyrylýan özgerişler adam eli bilen döredilen ajaýyplyklaryň tebigy gözellikler bilen sazlaşygyny düzýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň gönüden-göni aladasy bilen şäher Gündogaryň iň bir meşhur şäherleriniň biri bolup lowurdaýar. Aşgabat şäherini özgertmäge gönükdirilen işler häzirki döwürde tapgyrma-tapgyr alnyp barylýar. Şonuň özi hem paýtagtyň içinde täze, tarypyny söz bilen beýan ederden hem owadan täze şäherçeleriň döremegi bilen hakyda ýazylýar. Indi Aşgabatda gadymy binagärlik ülňülerini ýadyňa salýan nusgawy görnüşleriň, jennete taý görülýän seýilgähleriň hatary giňeýär. Bularyň bary hem döredijiligi, adamlar üçin ajaýyplyk we täsinlik döretmäge güýçli ymtylyşy aňladýar.

Şäheriň şu güni gyzykly taryha we beýik şöhrata beslenýär. Özboluşly binagärlik nusgaly binalar, ajaýyp ýaşaýyş jaýlary paýtagtymyzyň bezegini artdyrdy. Paýtagtymyzyň ilerisinde Saglyk şäherçesi döredildi diýsek hem dogry bolar. Döwrebap hassahanalar saglygy goraýşyň iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Saglyk maksatly binalaryň täzeleriniň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi, diňe bir ulgamyň mysalynda hem şäheriň häzirki ýeten derejesini açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Halk arasynda «Gyzyl haç» diýlip atlandyrylan hassahana Aşgabat şäheriniň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol hakyndaky taryhy maglumatlar merkezi şäherimiziň geçen ýoluna ser salmaga mümkinçilik berýär.

Bägül ANNABAÝEWA