"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Bagtymyzyň binýady Arzuwydyr atalaryň ezeli,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.Ýaşyl Baýdagymyz parlar ebedi,Mähriban halkymyň şany-şöhraty,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.

Şygryýet bossany

Syrdaşym Mende bir owadan şeýle ýürek bar, Yhlas bilen, jepa bilen taplanan,Yşkdan ýaralanan ýarpy ýüregim, Keç ykbalyň täleýinden saplanan.

Şygryýet bossany

Ýollarymyň çyragy Ýer ýüzüni haýran eden, özüň bütin jahanyň,Ýüreklere soltan bolan, sen, tagty Süleýmanyň,Ýalňyzym, ýeke-tägim, sen meniň hany-manym,Synan süňňi seýiklejek, seýigimsiň, Watanym!

Şygryýet bossany

Parahatlygyň watany Behişdi Diýara eýleýäs seýran,Dünýäniň halklary galýarlar haýran.Eşretli erteler, sowulmaz döwran,Meniň ýurdum parahatlyk Watany.

Şygryýet bossany

Watan waspy«Watan näme?» diýip, sorag beripdim,Bäş ýaşlyja çaga wagtym, eneme.Gysym gumy sessiz berip elime,Diýdi:— Balam, bu mukaddes topragyň,Birje gysym altyn gumundan başlap,Dag-düzi, deresi, sährasy bilen,Çeşmedir çaýlary, derýasy bilen,Baglary, ýap-ýaşyl dünýäsi bilen,Gözelligi, çemenzarlygy bilen,Giňligi, käte-de darlygy bilen,Hemme zatda üstün — zorlugy bilen,Ähli ezizligi — barlygy bilen,Seň kalbyňa siňen söýgüdir — Watan!Waspy soňlanmajak duýgudyr — Watan!Watan seniň önüp-ösen mekanyň,Watan namys-aryň, mertebäň, balam!Watan bu parahat örýän ojagyň,Iň ynamdar Arkadagyňdyr, balam! ...Şonda enem janyň didelerinde,Mukaddes Watana söýgini gördüm,Aýalarma gysyp, mele topragyn,Watanma kalbymyň törüni berdim.Ýyllar ätlense-de, ýyllaň üstünden,Hergiz Watan hakda oýlanan wagtym,Käbämiň şol aýdan sözlerin ýatlap,Begenýän, Watanda tapanma bagtym.Gözlermiň göreji, başymyň täji,Bilimiň kuwwaty, bilegmiň güýji,Sünnäläp waspyna süýjüden süýji,Sözler saýlap, wasp edemde ýazlaryn,Men ýene ýatlaýan eziz käbämiň,Şonda, Watan hakda aýdan sözlerin.

Şygryýet bossany

Watana söýgi Asmanyň asuda, ýollaryň aýdyň,Seni her demimde hossarym saýdym,Synla, ýüregimiň dürüni ýaýdym,Saňa aşyklygmyň mahabatynda.

Şygryýet bossany

Buýsançnama Gülleri hem göwünleri,Açýan sähraň howasyndan,Dem alýan bagtly milletiň,Edýän alkyş dogasyndan.

Şygryýet bossany

Arkadag Döwletli Diýara beýik mertebe,Şanly günler şugla saçýar geljege,Alkyş aýdýas Gahrymana, Gerçege,Biz bagtyýar Siziň bilen, Arkadag!

Şygryýet bossany

Watanyň keşbi Gül Diýaryň gözel keşbi göwünlere salýar ýalkym, Berkarar döwletimizde bagtyýardyr eziz halkym,Eýesidir ýaş nesiller bagtyýar döwürde bagtyň,Güneşiň nuruna beslär, köňülleň köşgüni, Watan!

Dünýäniň yşky (liriki-filosofiki hekaýa)

Dur­mu­şyň mäh­ri­ban­lyk­la­ry­na gu­jak ge­rip, ma­hal-ma­hal te­bi­ga­ta çy­kyp, dün­ýe­wi pi­kir­ler bi­len dar­kaş gur­mak me­niň ömür­lik en­di­gi­me öw­rü­lip­dir. Yn­ha, bu gün hem şol birwagtky da­şy­myň ýa­ny­na ge­lip aýak çek­dim, tö­we­re­ge na­zar aý­la­dym. En­di­gi­me gö­rä, har­saň da­şyň üs­tün­de çö­küp, müň öw­rüm­li dün­ýä hak­da pi­kir-oý­la­ra ba­typ baş­la­dym. Ol pi­kir­ler köp­lenç dün­ýä, te­bi­gat, söý­gi, ene hak­da bol­ýar­dy. Men pi­kir yzy­gi­der­li­li­gi bo­ýun­ça ola­ry se­rim­den ge­çi­rip baş­la­dym. Kal­bym­da bol­sa «Söý me­ni, dün­ýä!» di­ýen jüm­le­ler şol ýaň­lan­dy dur­dy. El­bet­de, kö­ňül ýaz­gy­la­ry dün­ýä bi­len öza­ra hy­ýa­ly söh­bet­deş­lik­den baş­lan­dy. Gör, dün­ýä, se­niň kä yn­jyk me­lek de­ýin nä­zik, kä­te bol­sa ýo­wuz yk­bal de­ýin ga­zap­ly göw­nü­ňi tap­jak bo­lup, men nä­hi­li kül­pet­li pur­sat­la­ry baş­dan ge­çir­dim. Aşyk bo­lup, ýol­lar­da aza­şyp, bag­la­ra düş­düm. Bag­lar­da aza­şyp, dag­lar­dan, de­re­ler­den, jül­ge­ler­den çyk­dym. Yş­kyň owa­zy­na se­si­mi go­şup, äle­me gol se­rip, kim­dir bi­ri­ne se­si­mi eşit­dir­jek bo­lup, şeý­le bir gy­gyr­dym. Öz se­si­me özüm tis­gi­nip, hon­da düş­düm. Me­niň se­da­ma çy­da­man, dag­lar san­dy­rap ler­zan ur­dy. Ba­ýyr­lar­da bi­ten dür­li agaç­lar me­niň ha­ly­ma döz­män, adam­lar ki­min dow­la dü­şüp, baş­la­ry­ny ýaý­ka­dy­lar. Me­niň se­si­me bü­tin bar­lyk

Bezelen howly (nowella)

Watan öňündäki gulluk borjuny tamamlan esgerler Aşgabada gaýtmak üçin şäheriň otly menziline geldiler. Esgerler biri-birinden beter tolgunýardylar. Akmyradyň tolgunmasy bolsa beýleki esgerleriň çeni-çaky däldi. Bu bolşuny esger ýoldaşlaryna bildirmezlik üçin aýdyma hiňlendi. Ýöne dile gelen aýdym söýgi hakynda bolup çykdy. Heý-de, beýle pursady esger oglanlar elden berjekmi?! Arslan kinaýaly söze başlady: — Akmyrat, ýürejigiň böküp dur welin, ak ýüzli gyz seni garşy aljak öýdýän?! Hä?!

Bäsleşik (hekaýa)

Je­ma­lyň bar ala­da­sy ot­ly men­zi­li­ne ba­ryp, Bal­ka­nabada ug­ra­ýan ot­la ýe­tiş­mek­di. Göw­nü­ne bol­ma­sa, mü­nüp bar­ýan ula­gam ha­ýal ýö­re­ýän ýa­ly­dy. Je­mal gi­jä gal­ma­sa-da gal­maz­dy we­lin, dü­kan­dan sow­gat al­mak üçin eg­le­näý­di-dä. Ýog­sam ýol şa­ýy­ny düýn ar­ka­ýyn­lyk­da tu­tup­dy. «Iş­den ge­lip ar­ka­ýyn ýo­la dü­şe­rin» di­ýip, pi­kir edip­di. Ýö­ne onuň iş­den ge­len­den soň, oba­da ýa­şa­ýan jo­ra­sy Gö­ze­liň to­ýu­na sow­gat al­man­dy­gy ýa­dy­na düş­di. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lap, Je­mal mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­ni ele alan­soň, öz ha­la­şan ýi­gi­di Oraz bi­len dur­muş gu­rup, şä­her­de ýa­şa­ýar­dy­lar. Olar bir og­ly, bir gy­zy­na gu­wa­nyp, bagt­ly dur­muş­da ýa­şap ýör­dü­ler. Jo­ra­sy Gö­zel bol­sa synp­daş ýi­gi­di Mak­sat bi­len ha­la­şyp, dur­muş gu­rup, oba­da ýa­şa­ýar­dy. Ola­ryň iki og­ly bar­dy. Gö­zel Je­ma­la şä­he­re gaýd­ýan oba­da­şyn­dan ça­ky­lyk ha­ty­ny ug­ra­dyp­dyr. Gö­zel jo­ra­sy Je­ma­la hök­man ga­raş­ýan­dy­gy­ny hem aý­dyp­dyr. Er­tir dynç gü­ni bo­lan­soň, Je­mal ça­ga­la­ry­ny ýol­da­şy­na go­ýup, bir özi oba bar­ýar­dy. Köp­den bä­ri oba git­män­soň, dog­duk me­ka­ny­ny hem-de ene-ata di­da­ry­ny küý­se­ýär­di. «Bu gün bol­sa eje­mi, ka­ka­my, ýa­kyn hos­sar­la­ry­my be­gen­di­re­ýin hem-de jo­ra­myň to­ýu­ny gut­la­ýyn» di­ýip, uly şat­lyk bi­len ýo­la ro­wa­na bo­lup­dy. Je­ma­lyň mü­nen ula­g

Ejemiň sowgady (hekaýa)

Durmuşda ejeň bilen baglanyşykly pursatlar aýratyn ýadyňda galýar. Ençe ýyl geçse-de, yssy mähri bilen seni ezizläp ulaldan ejelerimiziň nurana keşbi göz öňüňde janlanýar durýar. Gürrüň berjek bolýan wakam bolsa meniň henizlerem şu günki ýaly ýadymda. Ol ýyllar men gulpaklyja çagajykdym. Ejem çagalar bagynda işleýärdi. Biz alty dogan. Ejem bizi irden özi bilen bile çagalar bagyna äkiderdi. Ol döwürler ýoluň ugrunda obamyzyň dükany bardy. Ejem her gün şol dükana sowlup, bize süýji alyp bererdi. Bir gezek dükana ählimiz bile girdik. Doganlarym ejemiň elinden çekip, süýji, buzgaýmak alyp bermegini soraýardylar. Meniň gözüm bolsa owadanja, gyzyl reňkli köwüşde eglendi. Onuň ýanyna baryp, elimi şol owadanja köwşe degirdim. Şol pursat köwşi şeýle bir geýesim geldi. Hatda şol wagt owadan köwüş bilen baýramçylyk ýörişine gidişim göz öňümde janlandy. Köwşi synlap durşuma ejem ýanyma gelip:

«Kemimdir öwretmän gidenim»

Ilkinji iş ýeriň, ilkinji işdeşleriň aňsat-aňsat unudylanok. Bu meniň üçinem şeýle. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okan ýyllarymda iş tejribeligini geçmek üçin «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bosagasyndan ätledik. Şonda toparymyzyň talyplaryna gazetiň şol wagtky baş redaktory Dörtguly Balakaýew, baş redaktoryň orunbasary Sapardurdy Baýhanow, jogapkär kätip Tirkiş Mämmedow, bölüm müdirleri Hojaberdi Hojadowdyr Maral Kömekowa dagy bilen tanyşmak, olaryň iş tejribelerini öwrenmek nesip edipdi. Gazetiň baş redaktory döredijilige höwesek talyplary tejribelik tamamlanandan soň işe çagyrypdy. Bu mümkinçilik meniň üçinem uly mekdep boldy. Biz halypalaryň birnäçesiniň iş usullaryny öwrenip, olaryň tejribelerine eýerdik. Redaksiýada zähmet çekýän zenan işgärlerden Maral Kömekowany özümize ýakyn tutýardyk. Bilim ulgamynda geçirilýän dürli çärelere habarçy hökmünde çagyrylanymyzda, ondan ilki hökman maslahat soraýardyk. Şonda ol bize hem mugallym, hem kärdeş hökmünde maslahatlar berýärdi. Biz onuň göreldesine eýerip, ondan iş tälimlerini, usullaryny öwrendik.

Okyjylaryň söýgüsini gazanan ýazyjy

Bu söhbet türkmeniň şireli dili bilen beýan etsek: «Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşla degişli» söhbet. Sebäbimi? Sebäbi biziň gürrüňini etmek isleýän ýazyjymyzyň özi heniz ýetmişden bärde. Ol 1953-nji ýylyň 21-nji aprelinde doglan Goçy Annasähedow. Goçy Annasähedowyň ady uly-kiçi hemmelere, aýratyn hem kiçilere gowy tanyşdyr. Ertekiler dünýäniň ähli halklarynda bar. Diýmek, ertekiler umumadamzat gymmatlygy. Ertekileriň iň üns bermeli ýeri-de olaryň iň esasy muşdaklarynyň çagalardygyndadyr. Her bir ata-ene, uly ýaşly adamlar öz söýgüli nesilleriniň aňyny erteki bilen iýmitlendirýärler.

Kyssanyň Han dädesi

Aş­ga­ba­dyň mer­ke­zin­de — «Ga­ra­gum» dü­ka­ny­na ýa­na­şyk du­ran ja­ýyň bi­rin­ji ga­tyn­da bir go­ja ýa­şa­ýar­dy. Ol ýa­şu­ly türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň Han dä­de­si, has any­gy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Han­gel­di Ga­ra­ba­ýew­di. Özi aýt­myş­la­ýyn, kol­hoz gur­lu­şy­gy ýyllary ýet­gin­jek­lik­de gar­şy­lan, dün­ýä­ni sars­dy­ran 1941—1945-nji ýy­llaryň Beýik Watançylyk ur­şy ýyl­la­ryn­da bri­ga­di­riň ta­bel­çi­si-ha­sap­çy­sy bo­lan, hy­ju­wy içi­ne syg­man, gi­je­ler goş­gu­dyr ma­ka­la ýa­zyp, oba­daş­la­ry aýt­myş­la­ýyn, ga­zet-žur­nal­lar­da ga­la­my­ny oka-ýa­ra­ga öw­ren, ga­za­ny­lan Ýe­ňiş­den soň bol­sa özü­niň ze­hin-ba­şar­ny­gy­ny lük­ge­li­gi bi­len ede­bi­ýa­tyň kys­sa žan­ry­na ba­gyş­lan, köp ýyl­lap şol wagt­ky Türk­me­nis­tanyň Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça ede­bi kon­sul­tan­ty-mas­la­hat­çy­sy bo­lup iş­län, en­çe­me or­den-me­dal­la­ryň eýe­si, ençe zehinlilere ha­ly­pa­lyk go­lu­ny ýe­ti­ren Han dä­de hak­da in­di ha­ky­da­lar­da ýat­la­ma gal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Baý­ram Jüt­di­ýe­wiň su­rat­lan­dy­ry­şy ýa­ly, bo­ýy Da­şo­gu­zdaky şab­rap du­ran be­ýik de­re­ge meň­ze­ýän Han dä­de­miz ede­bi­ýat meý­da­nyn­da-da syr­dam de­rek­le­re meň­zeş ga­ba­ra­ly eser­le­ri dö­re­dip git­di.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň kyssa eserleri hakda söhbet

Şahyr, ýazyjy, dramaturg Nobatguly Rejebowyň nowellalary bilen tanyşmak, olary okamak hem aňyňa siňdirmek seniň gözýetim-garaýşyňda täze bir çeper many-mazmuny açýar. Aňyýetiň heniz açylmadyk taraplaryny mälim edýän nowellalaryň hut özüne mahsus bolan äheňi, many-mazmun ýüki, çeperçilik taýdan dil öwüşginleri bar. N. Rejebowyň «Hajygowşan» atly rowaýat-nowellasy «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2013-nji ýylyň maý aýyndaky birnäçe sanynda çap edilipdir. Ony okanyňda ilki göze ilýän zat, ol-da Döwletmämmet Azadynyň dünýägaraýşyndaky kämillik ýoludyr. Ol kämillik ýoly halky halk edýän adalatlylyk, agzybirlik, ruhy päklik, halallyk, jogapkärçilik, sylaşyklylyk bolup, olar halka dowamly döwletlilik eçilýär. Döwletmämmet Azadynyň ýene-de bir durmuş ýörelgesi bolup, ol ylym-bilim, ýagny öýüň kitaply bolmaly, durmuşyň güli bolup açylýan bagy-bossanlyk öýüň daşyny gurşap durmaly.

Bu gije men bir kitap okadym

Bu gije men bir kitap okadym. Çaklaňja. Şapbat ýaly. Ýeňiljek kitap. Manysy welin Ýer togalagynyň agramyça bar diýdirýär. Ol Çary Ýegenmyradowyň kitaby. Goşgularynyň ýygyndysy. Bu kitap meniň elime öňräk düşdi, ýöne öten gijä çenli ony şeýle gyzygyp, soňuna çenli okap bilmändim. Ýogsam, «Okap göreýin-le» diýip, birnäçe gezek elime-de alypdym ony. Her gezekde-de birki goşgudan aňry geçip bilmän, ýene-de tekjede goýýardym. Dogry, şeýle ýagdaý mende ozalam bir gezek bolupdy. Aýatda diri wagty halypa žurnalist, uruş weterany Mämmet Badaýew maňa Tomas Mannyň «Ýusup hem-de onuň doganlary» («Иосиф и его братя») atly rus dilinde neşir edilen kitabyny sowgat beripdi. Şol kitaby gyzygyp okap başlamagym üçin maňa ýedi ýyl gerek boldy. Ençeme gezek synanyşsam-da, ony okap bilmän gezdim, ýogsam, ol kitap barasynda öwgüli sözleri-de kän eşidipdim. Ine, bir günem ony täzeden elime aldym welin, iki jiltden ybarat şol kitaby bir demde okanymy duýman galdym. Kitabyň gahrymanlary, olaryň hereketleri, arzuw-niýetleri, gatnaşýan wakalary, ýaşan döwürleri — men olara ozaldan belet ýaly, hemmesi birin-birin göz öňümden geçdi. Kitabyň awtoryny bolsa, ylla, köneden tanaýan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Kitap meni gyzykly bir dünýä alyp gitdi. Diýjek bolýanym, kitaby okamak üçin oňa taýýarlygyň bolmagy zerur eken. Çarynyň kitaby-da şeýle kitaplardan eken, ol okyjysyny geň-taňlykdan doly täze bir dünýä

«Diňe söýgi döredýändir şahyry»

Güýz — şahyrlaryň pasly, olary heýjana salýan pursatlar. Ajaýyp eserleriň köpüsi güýz paslynda döredi, döreýär, dörär. Döwletmyrat Ýegengulyýewiň hem ilhalar şygyrlarynda güýz pasly aýratyn orun eýeleýär. Şahyr güýzi söýýär. Şahyr güýzi duýýar. Oňa garaşýar.

Alp attila

Ömür beýany (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) Oba­nyň or­ta­syn­da­ky edil Mon­juk ha­nyň­ka meň­ze­di­lip agaç­dan gu­ru­lan ja­ýyň gi­rel­ge­sin­de de­rek boý­ly, owa­dan aýal in­ti­zar bo­lup du­ran eken. At­ti­la atyn­dan dü­şüp, onuň ýa­ny­na yl­gap bar­dy-da, onuň iki eli­ni alyp öp­di, soň­ra maň­la­ýy­na syl­dy. Duý­gu­la­nan ze­nan ýi­gi­di bag­ry­na ba­syp, onuň giň maň­la­ýyn­dan öpdi. Bu At­ti­la­nyň eje­si (hiç kim oňa «eje­li­gi» di­ýip bil­me­se ge­rek) Dag­dan­dy.