Bu gije men bir kitap okadym

17 Mart 2021
997

Bu gije men bir kitap okadym. Çaklaňja. Şapbat ýaly. Ýeňiljek kitap. Manysy welin Ýer togalagynyň agramyça bar diýdirýär. Ol Çary Ýegenmyradowyň kitaby. Goşgularynyň ýygyndysy.

Bu kitap meniň elime öňräk düşdi, ýöne öten gijä çenli ony şeýle gyzygyp, soňuna çenli okap bilmändim. Ýogsam, «Okap göreýin-le» diýip, birnäçe gezek elime-de alypdym ony. Her gezekde-de birki goşgudan aňry geçip bilmän, ýene-de tekjede goýýardym. Dogry, şeýle ýagdaý mende ozalam bir gezek bolupdy. Aýatda diri wagty halypa žurnalist, uruş weterany Mämmet Badaýew maňa Tomas Mannyň «Ýusup hem-de onuň doganlary» («Иосиф и его братя») atly rus dilinde neşir edilen kitabyny sowgat beripdi. Şol kitaby gyzygyp okap başlamagym üçin maňa ýedi ýyl gerek boldy. Ençeme gezek synanyşsam-da, ony okap bilmän gezdim, ýogsam, ol kitap barasynda öwgüli sözleri-de kän eşidipdim. Ine, bir günem ony täzeden elime aldym welin, iki jiltden ybarat şol kitaby bir demde okanymy duýman galdym. Kitabyň gahrymanlary, olaryň hereketleri, arzuw-niýetleri, gatnaşýan wakalary, ýaşan döwürleri — men olara ozaldan belet ýaly, hemmesi birin-birin göz öňümden geçdi. Kitabyň awtoryny bolsa, ylla, köneden tanaýan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Kitap meni gyzykly bir dünýä alyp gitdi. Diýjek bolýanym, kitaby okamak üçin oňa taýýarlygyň bolmagy zerur eken. Çarynyň kitaby-da şeýle kitaplardan eken, ol okyjysyny geň-taňlykdan doly täze bir dünýä däl-de, eýsem, seniň öz dünýäňe — düýnüňe, şu günüňe hem ertäňe alyp gidýär. Şeýle kitaplaryň belli bahasy bolmaýar.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti