Şygryýet bossany

17 Mart 2021
1104

Watan waspy
«Watan näme?» diýip, sorag beripdim,
Bäş ýaşlyja çaga wagtym, eneme.
Gysym gumy sessiz berip elime,
Diýdi:
— Balam, bu mukaddes topragyň,
Birje gysym altyn gumundan başlap,
Dag-düzi, deresi, sährasy bilen,
Çeşmedir çaýlary, derýasy bilen,
Baglary, ýap-ýaşyl dünýäsi bilen,
Gözelligi, çemenzarlygy bilen,
Giňligi, käte-de darlygy bilen,
Hemme zatda üstün — zorlugy bilen,
Ähli ezizligi — barlygy bilen,
Seň kalbyňa siňen söýgüdir — Watan!
Waspy soňlanmajak duýgudyr — Watan!
Watan seniň önüp-ösen mekanyň,
Watan namys-aryň, mertebäň, balam!
Watan bu parahat örýän ojagyň,
Iň ynamdar Arkadagyňdyr, balam!

...Şonda enem janyň didelerinde,
Mukaddes Watana söýgini gördüm,
Aýalarma gysyp, mele topragyn,
Watanma kalbymyň törüni berdim.
Ýyllar ätlense-de, ýyllaň üstünden,
Hergiz Watan hakda oýlanan wagtym,
Käbämiň şol aýdan sözlerin ýatlap,
Begenýän, Watanda tapanma bagtym.
Gözlermiň göreji, başymyň täji,
Bilimiň kuwwaty, bilegmiň güýji,
Sünnäläp waspyna süýjüden süýji,
Sözler saýlap, wasp edemde ýazlaryn,
Men ýene ýatlaýan eziz käbämiň,
Şonda, Watan hakda aýdan sözlerin.

Enejan ANNADURDYÝEWA