Kyssanyň Han dädesi

17 Mart 2021
950

Aş­ga­ba­dyň mer­ke­zin­de — «Ga­ra­gum» dü­ka­ny­na ýa­na­şyk du­ran ja­ýyň bi­rin­ji ga­tyn­da bir go­ja ýa­şa­ýar­dy. Ol ýa­şu­ly türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň Han dä­de­si, has any­gy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Han­gel­di Ga­ra­ba­ýew­di. Özi aýt­myş­la­ýyn, kol­hoz gur­lu­şy­gy ýyllary ýet­gin­jek­lik­de gar­şy­lan, dün­ýä­ni sars­dy­ran 1941—1945-nji ýy­llaryň Beýik Watançylyk ur­şy ýyl­la­ryn­da bri­ga­di­riň ta­bel­çi­si-ha­sap­çy­sy bo­lan, hy­ju­wy içi­ne syg­man, gi­je­ler goş­gu­dyr ma­ka­la ýa­zyp, oba­daş­la­ry aýt­myş­la­ýyn, ga­zet-žur­nal­lar­da ga­la­my­ny oka-ýa­ra­ga öw­ren, ga­za­ny­lan Ýe­ňiş­den soň bol­sa özü­niň ze­hin-ba­şar­ny­gy­ny lük­ge­li­gi bi­len ede­bi­ýa­tyň kys­sa žan­ry­na ba­gyş­lan, köp ýyl­lap şol wagt­ky Türk­me­nis­tanyň Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça ede­bi kon­sul­tan­ty-mas­la­hat­çy­sy bo­lup iş­län, en­çe­me or­den-me­dal­la­ryň eýe­si, ençe zehinlilere ha­ly­pa­lyk go­lu­ny ýe­ti­ren Han dä­de hak­da in­di ha­ky­da­lar­da ýat­la­ma gal­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Baý­ram Jüt­di­ýe­wiň su­rat­lan­dy­ry­şy ýa­ly, bo­ýy Da­şo­gu­zdaky şab­rap du­ran be­ýik de­re­ge meň­ze­ýän Han dä­de­miz ede­bi­ýat meý­da­nyn­da-da syr­dam de­rek­le­re meň­zeş ga­ba­ra­ly eser­le­ri dö­re­dip git­di.

Gur­ban­na­zar ORAZ­GU­LY­ÝEW,
ýa­zy­jy