Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň kyssa eserleri hakda söhbet

17 Mart 2021
921

Şahyr, ýazyjy, dramaturg Nobatguly Rejebowyň nowellalary bilen tanyşmak, olary okamak hem aňyňa siňdirmek seniň gözýetim-garaýşyňda täze bir çeper many-mazmuny açýar. Aňyýetiň heniz açylmadyk taraplaryny mälim edýän nowellalaryň hut özüne mahsus bolan äheňi, many-mazmun ýüki, çeperçilik taýdan dil öwüşginleri bar.

N. Rejebowyň «Hajygowşan» atly rowaýat-nowellasy «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2013-nji ýylyň maý aýyndaky birnäçe sanynda çap edilipdir. Ony okanyňda ilki göze ilýän zat, ol-da Döwletmämmet Azadynyň dünýägaraýşyndaky kämillik ýoludyr. Ol kämillik ýoly halky halk edýän adalatlylyk, agzybirlik, ruhy päklik, halallyk, jogapkärçilik, sylaşyklylyk bolup, olar halka dowamly döwletlilik eçilýär. Döwletmämmet Azadynyň ýene-de bir durmuş ýörelgesi bolup, ol ylym-bilim, ýagny öýüň kitaply bolmaly, durmuşyň güli bolup açylýan bagy-bossanlyk öýüň daşyny gurşap durmaly.

Şöhrat MÜLKIÝEW