Ejemiň sowgady (hekaýa)

17 Mart 2021
1000

Durmuşda ejeň bilen baglanyşykly pursatlar aýratyn ýadyňda galýar. Ençe ýyl geçse-de, yssy mähri bilen seni ezizläp ulaldan ejelerimiziň nurana keşbi göz öňüňde janlanýar durýar. Gürrüň berjek bolýan wakam bolsa meniň henizlerem şu günki ýaly ýadymda. Ol ýyllar men gulpaklyja çagajykdym. Ejem çagalar bagynda işleýärdi. Biz alty dogan. Ejem bizi irden özi bilen bile çagalar bagyna äkiderdi. Ol döwürler ýoluň ugrunda obamyzyň dükany bardy. Ejem her gün şol dükana sowlup, bize süýji alyp bererdi. Bir gezek dükana ählimiz bile girdik. Doganlarym ejemiň elinden çekip, süýji, buzgaýmak alyp bermegini soraýardylar. Meniň gözüm bolsa owadanja, gyzyl reňkli köwüşde eglendi. Onuň ýanyna baryp, elimi şol owadanja köwşe degirdim. Şol pursat köwşi şeýle bir geýesim geldi. Hatda şol wagt owadan köwüş bilen baýramçylyk ýörişine gidişim göz öňümde janlandy.

Köwşi synlap durşuma ejem ýanyma gelip:

Jennet RAIMBAÝEWA