"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Gyrgyz hekaýatlary

Dünýä halklary bilen dostluk gatnaşygyny barha ösdürýän Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, abadan durmuşy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmegi boldy. Parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli gatnaşyklar, dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk bular Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy sütünleri hasaplanýar. Biziň ýurdumyz goňşy hem alysky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerim bilen täze derejelere çykarýar. Çünki dostluk gatnaşyklary doganlyk halklar bilen aralykdaky köprüleri has berkidýär, jebisleşdirýär. Dünýä halklarynyň medeniýeti we edebiýaty halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Hut şonuň üçin-de bizem daşary ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime edip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Žurnalymyzyň şu sanynda gyrgyz ýazyjysy Kanybek Imanaliýewiň eserlerini okyjylara hödürleýäris.

Ýükçi

Ähli döwürde-de janly-jandar, bag-bakja, ekin-dikin üçin, umumy adamzat ýaşaýşy üçin suw ilkinji zerurlyk bolupdyr. Dagyň eteginde kärizleri gazyp, daýhanlar suwaryş işlerinde ulanypdyrlar. Derýalardan, howdanlardan suw akabalaryny çekip, tekiz ýerlerde ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Iri suw akabalaryndan birnäçe menzil ýaplary gazyp, ilatly ýerlere getiripdirler. Şol ýaplary gazmak üçin ýer tekizliginde ýapgyt ugurlary bilmek kyn bolupdyr. Suw akymynyň ýapgyt ugurlaryny bilmek üçin ata-babalarymyz özleriçe usul oýlap tapypdyrlar. Suwaryş ýaplaryny çekmezden ozal ýeriň pes ýerini anyklamakda adamlar aglaba, eşegi ulanypdyrlar. Onuň üçin kürreli eşegi ot-iým bermän, iki-üç günläp aç saklapdyrlar. Eşegi münüp derýadan, howdandan ýa-da uly suw akabasyndan saka aljak ýerine gidipdirler. Gaýdyşyn eşegiň üstüne iki çuwal çäge ýükläp gaýdypdyrlar. Üsti agyr ýükli eşek hiç mahal beýik tarapa dyrmaşmaýar. Ol hem açlygyndan hem kürresini küýsäp, ýeriň ýapgyt ugruna tarap ýapbyldap gaýdýar. Ine, şeýdip, onuň ýörän yzyny belläp, soň şol ugur boýunça ýaplary gazypdyrlar. Suw baran ýerde bolsa, dürli ekinleri ekipdirler.

Saglygyň sargydy

Lukmançylykda, adamlaryň arasynda-da düşünmeli we çözmeli zadyň biri hem keseliň haýsy ulgama, ýagny hirurgiýa ýa-da terapiýa degişlidigidir. Bu öran wajyp bolup, ol näsagyň keseliniň döreýşine, geçişine we bejergisine gönüden-göni täsir edýär. Meselem, terapiýa degişli keselleriň köpüsi adamyň durmuşda özüni alyp barşyndan gözbaş alyp, bejergisinde-de köp zatlary şahsyň ruhy we içki agzalarynyň işleýşine bagly bolup, näsagyň sagalmagyna göni täsiri bar. Bu kesellerde lukmanyň hereketi ikinji ýerde durýar diýsek ýalňyşmasak gerek. Terapiýa kesellerinde wagt näsag üçin işläp, onuň sagalmagyna esas bolup hyzmat edýär, köp halatlarda öý şertlerinde bejerip bolýar. Hirurgiýa kesellerinde onuň tersine, köplenç adamyň ösüşinde näsazlygyň barlygyny görkezip, lukmanyň hünär başarjaňlygyna we wagta bagly bolup, gyssanmaç dogry hereketi talap edýär. Adamlarda uly bolsun, kiçi bolsun iç agyry köp duşýar. Ol ýönekeý zatdan başlap, gaty agyr geçýän kesellerde duşýar. Käbir adamlar agyry ýüze çykanda biperwaýlyk edip, agyry aýyrýan derman içýärler. Bular ýaly gylyk gaty ýalňyş bolup, soňy gaýra üzülmä getirmegi mümkin. Eger agyry çalt geçýän bolsa, onda onuň sebäbini biljek bolmaly, eger agyry ýarym sagatdan geçmese, onuň üstesine güýçlense, onda hökman lukmanyň maslahatyny almaly. Durmuşda araçäk ýagdaýlar hem köp düş gelinýär, onda meseläni lukman çözse laýyk bolar.

Dostlugyň nusgasy

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň uzak müňýyllyklaryň dowamynda döreden däp-dessurlaryny, gyzyla gaplaýmaly hekaýatlaryny, adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny bize peşgeş berdi. Mähriban Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda taryhy şahsyýetler bilen baglanyşykly gyzykly, täsin rowaýatlary hem beýan edýär. Şol hekaýatlardyr rowaýatlarda meşhur şahsyýetleriň taryhy keşbi janlanýar. Dostlugyň we dilewarlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen Soltansöýün bilen Myralynyň ömür ýoly baradaky rowaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Mähriban Prezidentimiz Soltansöýüniň Myralynyň akyl-paýhasyny synap görmek üçin ondan: — Ýalan bilen çynyň arasy näçe menzildir? — diýip, sorandygyny ýazýar.

Hekaýatlar — ruhy-ahlak çeşme

Halk döredijiligi ertekiler, mifler, efsanalar, rowaýatlar, şorta sözler ýaly birnäçe görnüşleri öz içine alýar. Bu žanrlaryň iň gadymy görnüşleriniň biri-de hekaýatlardyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Halk döredijilik eserleriniň ýaremezan, erteki, rowaýat, hekaýat, tymsal, dessan, epos... ýaly görnüşleriniň hem halkymyzyň ruhy medeniýetini öwrenmekde we ýaş nesli terbiýelemekde ähmiýeti bimöçber uludyr» diýip jaýdar belleýär. Alym R. Rejebow «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly ylmy işinde hekaýat diýip nusgawy edebiýatda öwüt-nesihat mazmunly, gowy adamçylyk häsiýetlerini ündeýän goşgy, köplenç mesnewi bilen ýazylan eserlere aýdylýandygyny belleýär.

Milliligiň çeper beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu babatda edebi çeşmelere ýüzlenmek, olaryň üsti bilen halkymyzyň etnografiýasyny seljermek möhüm ylmy wezipe bolup durýar. Türkmen halkynyň etnografiýasynyň şöhlelendirilşi 1950—1970-nji ýyllaryň edebi eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Bu döwürlere degişli etnografik maglumatlar Naryman Jumaýewiň (1925—1984) eserlerinde-de giňden beýan edilýar. Tanymal ýazyjynyň kitaplary çeper dil bilen durmuşy ýagdaýlary iňňän anyk suratlandyrmagy bilen halkyň kalbynda giň orun aldy. Naryman Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» powesti 1962-nji ýylda çapdan çykdy. Onuň esasynda 1969-njy ýylda adybir kinofilm hem surata düşürildi. Kinofilmde-de halkymyzyň däp-dessurlary, maşgala gatnaşyklary görkezilýär. Powestde bu babatda has köp maglumatlar bardyr. Olaryň üsti bilen ХХ asyryň 50-60-njy ýyllarynda halkymyzyň etnografiýasyny öwrenmek bolýar. Eserde maddy-ruhy medeniýetiň köp taraplary beýan edilýär. Eseriň baş gahrymanlary Selbi we Jemşit birek-biregi gowy görýärler, toý tutýarlar. Wakalar olaryň toýuna çenli we ondan soňky bolup geçýän ýagdaýlary şöhlelendirýär. ХХ asyryň 50-60-njy ýyllarynyň durmuşynyň wakalary bu eserde giň gerim alýar, olaryň beýan edilişi etnografik jikme-jikligi bilen tapawutlanýar.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Myhmançylykda dörän saz Wiktor Uspenskiý 1927-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistan boýunça ikinji saz-etnografik saparyna çykmak üçin Aşgabada gelipdir. Saparyň birinji böleginde Kerkiden Amyderýa boýunça aşaklygyna — Çärjewe çenli (häzirki Türkmenabat) gaýykly geçmek meýilleşdirilipdir. Sapara girmek üçin ähli zerur resminamalar taýýar edilipdir. Emma birdenkä, ol näsaglap, lukman oňa sapara gitmäge rugsat bermändir. Ol lukmana özüni bejerdip, Aşgabat töwereklerinde işlemäge mejbur bolupdyr. Hally bagşynyň, Amangeldi Gönibegiň, Täçmämmet Suhangulyýewiň hem-de Sary bagşynyň çalan aýdym-sazlaryny ýazga geçiripdir. Kerkä aprel aýynyň ortalaryna gelip, şäheriň Daýhanlar öýünde düşläpdir.

Arheologik tapyndylaryň täsin nusgalary

Ta­ry­hy­myz­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry, şol san­da sun­gat eser­le­ri ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar we ýa­dy­gär­lik­ler bu gün­ki gün­de ýaş ne­sil­ler üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­lyk ha­sap­la­nyl­ýar. Se­bä­bi eziz Wa­ta­ny­my­zyň iň ga­dy­my ýa­şaý­jy­la­ry il­kin­ji di­ni ynanç­la­ry­ny, ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni di­ňe sun­gat eser­le­ri­niň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. Şol sun­gat eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­ler­den ta­py­lan ze­nan keşp­li heý­kel­le­r aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu ze­nan heý­kel­le­ri di­ňe bir bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den il­kin­ji ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ýa­dy­gär­li­gi bol­man, eý­sem, iň ga­dy­my dö­wür­ler­de ila­tyň ze­nan­la­ra go­ýan hor­ma­ty­ny, me­de­ni­ýet­de, sun­gat­da ýe­ten sep­gi­di­ni şöh­le­len­dir­ýän ta­ry­hy çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ze­nan heý­kel­le­ri­ni ýa­sa­mak tä­ze daş asy­ryn­dan (bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VII-VI asyr) göz­baş alyp gaýd­ýar. Olar şol dö­wür­de öz­bo­luş­ly sa­da gör­nüş­de ýa­sal­mak bi­len, çyl­şy­rym­ly di­ni dü­şün­jä­ni özün­de jem­läp­dir. An­tik eý­ýam­da bu ze­nan heý­kel­le­ri örän tä­sin be­ze­len gör­nüş­de çe­per­çi­lik ese­ri hök­mün­de be­ýan edi­lip­dir. Ylaý­ta-da, Ga­dy­my Mar­gia­na­dan beý­le­ki ta­pyn­dy­lar bi­len deň de­re­je­de ze­nan heý­kel

Halk hekaýatlaryndan

Beýiklik Bagban ýoluň gyrasynda almanyň nahalyny oturtdy. Ol baharda ýaşyl pyntyk çykardy. Soňam topragyň yssy mährini, Günüň ýyly çoguny sorup ösmäge başlady. Şeýde-şeýde kölegesi Gün bilen aýlanyp duran daragt boldy.

Habarlar

1-nji dekabr. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 2-nji dekabr. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresine gatnaşdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2020-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Şygryýet bossany

Arkadagymyz Täze ýyl ýylgyryp girdi gapydan,Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz!Ýurdumda bagt, bereket tapylar,Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz!

Şygryýet bossany

Mähriban watanym — eziz diýarym Täze ýyly görüp, joşdy ýüregim,Mähriban Watanym — eziz Diýarym!Şatlygyna şatlyk goşdy ýüregim,Mähriban Watanym — eziz Diýarym!

Şygryýet bossany

Bitarap mekanym meniň Täze ýyly garşy alýan —Bitarap mekanym meniň.Kalplary heýjana salýan—Bitarap mekanym meniň.

Ykdysady ösüşler — bagtyýar geljegiň binýady

Ýene-de bir ýyl taryh gatyna siňdi. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ösüşler gazanyldy we ykdysady kuwwatyň durnukly ýagdaýda galmagyny üpjün edildi. Bu elbetde, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasy, ykdysady, maliýe we medeni ulgamlarda alyp barýan syýasatlarynyň netijeleridir. Döwletimiziň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan bellenmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ählitaraplaýyn we giňden taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işlere badalga berilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli parlamentiň 2 palataly ulgama geçirilmegi bilen baglanyşykly Konstitusion kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň biragyzdan kabul edilmegi we beýlekiler geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hataryna girdi.

Ýyllar gelýär arzuwlara beslenip

Watanymyzda bagtly günler toýdur-baýramlara beslenip, adamlaryň gursagyna şatlyk bolup dolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň her bir raýatyny begendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary bilen bagly alnyp barylýan işlerde dostlukly gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Biziň durmuşymyzda esasy şygarlaryň birine öwrülen «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe halkymyzyň däl, eýsem umumadamzat bähbitlerini öz içine alýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we bu guramanyň agzalary tarapyndan goldaw tapýar.

Sagdynlyk — egsilmez baýlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmak babatda uly tagallalary edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Şygryýet bossany

Berkarar watan Sen maňa ykbalyň kerem-peşgeşi,Durmuşyň manysy, mertebe bagym.Sen maňa ömrümiň beýik manysy,Türkmenistan atly şugla-çyragym!

Şygryýet bossany

Watan Nur bolsaň, daşyňda perwanadyryn,Ojagňa ymtylan guwançlarym sen.Goýnuňda biminnet mekan tapylar,Gözümdäki begenç gözýaşlarma hem.

Şygryýet bossany

Watançylyk duýgusy Bagta alyp barýar geçilýän menzil,Lezzet berýär nurun saçýan zamanaň.Seniň waspyň etmek nähili hezil,Men behiştiň gujagynda hamana.

Şygryýet bossany

Ata watanym meniň Eşretiňe haýran, eziz mekanym,Ady bütin dünýä ýaýran mekanym.Goýnuňda taplanyp gaýym bekänim,Ýyllar arzuw edip ýetenim meniň,Türkmenistan ― eziz Watanym meniň.