"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Hatyra

Diňlesem, doýmajak dessanym, Watan Türkmen okyjylary Geldi Bäşiýewi aýdymçy şahyr hökmünde, radiodiňleýjiler bolsa ony zehinli diktor hökmünde kabul edipdi. Ýöne okyjylar-da, radiodiňleýjiler-de ýalňyşmandylar. Geldi Bäşiýewiň goşgularyny okan, onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlary diňlän adamlar ony zehinli şahyr diýip tanadylar. Haçan-da, Geldi Bäşiýew radionyň mikrofonynyň öňüne geçip, gepleşik alyp baranda bolsa ol ussat diktordy. Radiodiňleýjiler ony mahmal sesinden dessine tanardylar. Ol bu hünäri saýlap, ýörite bilim alyp, tejribesini baýlaşdyryp, halypalaryň ençemesiniň mekdebini geçipdi. 1960-njy ýyllarda zähmet ýoluna başlan diktor az salymdan Geldi Döwletow, Oguljahan Mämikowa, Baýram Geldimyradow ýaly adygan diktorlaryň hatarynda tanalyp başlanypdy. Ol Moskwa radiosynda iş tejribeligini geçen döwründe meşhur diktor Ý. B. Lewitanyň diktorlyk sungaty boýunça okan leksiýalaryny diňläp, onuň ak patasyny alypdy.

Ýürek joşy - köňül nagmasy

Hiç bir döredijilik işgärine ýeke söz bilen doly baha berip bolmaýar. Ýöne: «Halypa şahyr Mämmetnazar Babanazarowa sähel sözde baha ber» diýip gyssasalar, näme aýdarkam?! Aslynda onuň şahyrana dünýäsi dogrusynda aýdyň bir zat aýtmaga güýjüm ýetermikä? Meniň kesgitlemäm, berjek baham hakyky bolmalysyndan has ýöntemrägem bolsa, megerem oňa: «Juda inçe duýgularyň şahyry» diýsem gerek. Şeýle diýmez ýalymy?! Onuň ynsan duýgularyny altyn güýzüň keşbinde berşine bir sered-ä: Baglar ýanýar seň toýuňda,Tylla monjuk ak boýunda,Agaçmy hol ýap boýunda,Äpet sary gülmükä ýa?!

Şahyry tanaryn diýseňiz

Ýazyjy-şahyrlar hakynda gürrüň edilende: «Döredijilik adamlarynyň ykbaly, hüý-häsiýetleri, garaýyşlary, gözýetimi onuň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Olary has gowy tanamak isleseň, eserlerini okabermeli» diýlen düşünje bar. Durmuş tejribesine esaslanyp aýdylan şu pikir hakykat. Elbetde, ýazyjy-şahyrlaryň eserleri mähir-yhlasa beslenen, kalp töründen gaýdyp, onuň gözýetiminiň çäginde dünýä akyl ýetirişine görä, uzak ýyllaryň dowamynda toplan genji-hazynasy. Döwrüň sesine öz wagtynda ses goşmagy başarýan, Jeýhun deýin joşgunly, ýaz kimin ýakymly, sözleri saýhally, durmuşda sabyrly-kanagatly Bazar Şalyýew hem atalaryň pentlerine uýup, nesillere ýagşy öwütleri berip, hormatly Prezidentimizi, ata Watany, il-güni, eziz Diýarymyzyň tebigatyny, bütin barlygy, durmuşy jandan söýüp, edermen eždatlarymyzyň geçmişine, edebi hem medeni mirasyna hormat-sarpa goýup, şükürli ýaşaýan, olary özüniň duýguly dünýäsine kabul edip, özüçe gaýtadan işläp, şahyrana mährine ýugrup, goşga öwrüp, okyjylar köpçüliginiň dykgatyna ýetirýän adam. Bazar aganyň ynsanperwer häsiýeti, şahyrana dünýäsi bilen tanyşmak üçin, elbetde, onuň goşgularyna ýüzlenäýmeli bolýar. Onuň goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Bazar Şalyýewiň 2018-nji ýylda neşir edilip halka ýetirilen «Ynam» atly kitaby, 2019-njy ýylda neşir edilen «Hasyl» atly kitaby onuň ýüreginden syzdyryp döreden goşgularynyň m

Alp attila

Ömür beýany (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) Ser­ker­dä­niň de­lil­le­ri im­pe­ra­to­ra ynan­dy­ry­jy gel­di we ol How ha­nyň tek­li­bin­den bo­ýun ga­çyr­dy. Go­wy ni­ýe­ti­ňem ýol al­ma­ýan wagt­la­ry az bol­ma­ýar. Çar­wa­la­ryň içe ara­la­şy­ber­me­gin­den çe­kin­ýän Hy­ta­ýyň hö­küm­dar to­par­la­ry gun­la­ry ezi­len halk köp­çü­li­gi­niň, aý­ra­ty­nam gul­la­ryň hos­sa­ry ha­sap­la­ýar.

ÖM­RÜM-EÝ!..

Ar­ka­da­gyň ho­wan­dar­ly­gyn­da öm­rüň mü­bä­rek ag­şa­myn­da dün­ýä inen şy­gyr­ly-kys­sa­ly ýaz­gy­lar­dan par­ça­lar Gaň­ňa­ly­nyň oýun­da

Adamlara täsir etmek sungaty (ýaş galamdaşlaryma maslahat)

Ýurduňy tanamak hakynda Öz ýurduňy tanamak üçin onda dogulmak, onda ýaşamak, onda ömrüňi ötürmek ýeterlik däl. Öz ýurduňy tanamak üçin ony hemişe öwrenmek zerur. Öwrenmek üçin bolsa onuň durmuşyna garylyp-gatylmak, her daban ýerini özüňe ýakyn tutmak, özüňki diýip bilmek, bagtyň hasaplamak zerur.

Bagşynyň döredijiligine siňen dost-doganlyk aýdym-sazlary

Türkmenistanyň halk bagşysy Nobat bagşy Amansähet ogly türkmen saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri hökmünde tanalýar. Onuň döredijiligi hakynda gürrüň edilende bu ussat bagşynyň azerbaýjan halk saz sungatyndan hem baş çykarandygy barada ýatladylyp geçilýär. Ýöne bu sungatyň ussat bagşynyň saz döredijiligine nähili ýagdaýlar bilen geçendigi hakynda welin maglumat az berilýär. Şundan ugur alyp, biz şu makalada bu mesele bilen dahylly, bize mälim bolan maglumatlary okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik. ХIХ asyryň ahyrlarynda demir ýoluň Tagtabazar etrabynyň üsti bilen Serhedabada (öňki Guşgy) baryp ýetmegi bilen, Tagtabazar etrabynyň merkezine dürli milletleriň wekilleri göçip barypdyrlar. Şolaryň arasynda azerbaýjan bilen ermeni milletleriň wekilleri hem bar ekeni. Şol ýyllarda häzirki etrap keselhanasy bilen sazçylyk mekdebiniň ýerleşýän ýerinde Nobat bagşynyň kakasy Amansähet bagşynyň kerwensaraýy bar ekeni.

Nazar baganyň gyjakçysy

Käbir wakalar asla ýadyňdan çykmaýar. Meniň durmuşymda hem şeýle wakalaryň biri geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda bolupdy. Baharyň ilkinji günlerinde aýdym-saza höwesek ýigitleriň birnäçesi bilen bagşy Jumamyrat Hamyýewden «Harmandälini» diňlänimiz heniz-henizlerem ýatdan çykarly däl. Bagşy aýdyma başlamanka, özara mesawy gürrüňdeşlikde Sapar Şajyk atly ýigit: — Her bagşynyň özüniň hörpüni duýýan gyjakçysy bolýar. Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Beki bolan bosa, Öre şyhyň Şajan gyjakçy bilen jyny jyňkyryşypdyr. «Nazar baganyň gapdalynda Öwez gyjakçyny çaldyrsaň ýüzüge gaş goýulan ýaly bolýar» diýerdiler. Senem Jumamyratdan ökje ogurlaman sazyny yzarlamagy başarjak bolaweri — diýip, gyjagyny gabyndan çykaryp oturan ýigide ýüzlenipdi. Meni şol pursat Öwez gyjakçynyň kimdigi, onuň ýaşan döwri, ussatlyk derejesi oýlandyrypdy. Soň-soňlaram bu pikir meniň serimden gitmedi. Görüp otursam, Öwez gyjakçy biziň etrabymyzda ýaşan ekeni. Onuň dogan-garyndaşlary, agtykdyr çowluklary bilen söhbetdeş bolup, ol barada maglumatlary jemlemek miýesser etdi.

Iner kuwwatlynyň edähedine eýeren

Ol gol doly maşgalanyň eýesidi. Bir içeriden on alty baş girip çykýardy. «Teke gyzylyňkylar» diýilse, Balkan welaýatynda, ylaýta-da, ozalky Gazanjyk (häzirki Bereket), Gyzylarbat (häzirki Serdar) etraplarynyň ilatynyň aglabasy olara beletdi. Uly maşgalanyň baştutany «Ýykylsaň, ýere ýapyş» pähime eýerip, rysgalyny ene toprakdan agtarýar. Öz mekan tutan Kürendagynyň güneýindäki jülgede ne çeşme bardy, ne-de guýy. Iner kuwwatyna ynanýan Teke gyzyl Sirkeliniň oýunda howuz gazmaga ymykly girişýär. Asylly matlabyny berjaý edýär. Teke aganyň howzuny şol jelegaýlarda ýerden ýöreýäniň uludan-kiçi bilmeýäni ýokdy.

Ömür hakda oýlanmalar

Säherden gözel zat bolup bilermi?! Äleme nur saçyp, Günüň dogup gelýänini görýärsiň-de, ömrümiziň ýene bir gününi uzaltmak maksady bilen ony özüň, öz eliň bilen göterip getirýändirin öýdýärsiň. Hawa, ömrüň, ýaşaýşyň ýene bir gününi döretmek üçin edýärsiň. Täze gün özüňe, seniň öýüňe, şäheriňe, ýurduňa, tutuş dünýä näme getirer? Ony bilýänem, biljegem ýok. Ýöne bir zat begendirýär — gidip barşyňa, öňde diňe gowulyk bolar diýip umyt edýärsiň. * * *

Saglygyň sargydy

Köp çarşenbäni başyndan geçiren paýhasly akyldarlar ylym-bilime uly ähmiýet beripdirler. Çünki ylym-bilimiň çägi ýok, näçe öwrenseň, öwrenilmedik zatlar ondan-da has köpdügine göz ýetirýärsiň. Bilimsiz-ylymsyz öňegidişlik hem bolmaýar. Onsoňam, adam diňe tebigat we onda bolýan üýtgeşmeler bilen ysnyşykly ýaşamaly. Tebigy hadysalara düşünmek üçin hem ylym gerek, onda-da her ugurdan gerek. Ol ýagdaý lukmançylyk ylmyna we amalyna hem degişlidir. Tebigat bilen adam saglygynyň biri-birine gatnaşygyny öwrenmek hem-ä çylşyrymly, hem-de kyn mesele. Geçmişde hem ylym bilen içgin gyzyklanan adamlar Günüň, Aýyň aýlanyşynyň adam saglygyna ýetirýän täsiriniň barlygyny bilipdirler. Öz döwründe Abu Aly ibn Sina bu barada adamyň sagdynlygynyň daşky gurşaw bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyny belläp geçipdir. Şeýle seretseň, janly zadyň durmuşda özüne degişli ýaşaýşy, ösüşi we özboluşlylygy bar. Tebigata ünsli seretseň, bolýan hadysalar düşnükli ýaly, ýagny ösümliklerem, haýwanlaram biri dagda, beýlekisi çölde, ýene birisi suwda ýaşaýar. Biriniň bedeni sowuga, beýlekileri yssa çydamly, üçünji topar aram howada ýaşap bilýär, diýmek, olaryň bedenleri ýerli ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşandyr. Tebigat üýtgese, olaram üýtgeýärler, ýa-da degişli ýere göçmeli bolýarlar. Emma, adam tebigatda nähili ýaşamaly, nähili özüne seretmeli? Adam öz bedenine näderejede düşünmeli, näsaglyk ýüze çyksa nämäni özi bejer

Aýdym-saza siňen waka

Adamyň ömür ýoly ýaly aýdym-sazyň hem öz döreýşi bolýar. Onuň käte tötänden döreýşi hem bolýar eken. Ykbal, nesibe aýdym-sazdan gowy baş çykarmaýan bolsaňam aýdymyň döremegine dahylly bolunýan halatlary-da gabat gelinýär ekeni. Meniň durmuşymda hem şeýle waka boldy. Geň zat: her öýünde diýen ýaly dutar çalynýan, bagşyly-sazandaly obada önüp-ösen hem bolsam, men aýdymyň, sazyň heňini yzarlap bilýän adam däl. Oňa garamazdan, men «Aşgabadyň agşamy», «Ynandyr», «Toýuňa çagyr meni», «Oýar sen meni», «Düýnden bäri» diýen ýaly ondan gowrak aýdymlaryň sözleriniň awtory boldum. Meniň aýdym-saz bilen ýakynlaşmagymyňam öz sebäbi boldy. Şol mahal ýaş şahyr Italmaz Nury ikimiz 1960—1965-nji ýyllarda Moskwanyň Edebiýat institutynda okan döwürlerimizde soň tanymal kompozitorlar, aýdymçylar bolup ýetişen Nury Halmämmedow, Aman Agajykow, Myrat Ataýew, Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, Aýdogdy Gurbanow, Pendiguly Baýramow, Amanmyrat Orazmyradow, Nury Meredow, Orazgeldi Berdiýew, (soňrak Suhan Tüýliýew) dagy Moskwanyň konserwatoriýasynda okaýardylar. Biz her hepdede diýen ýaly ýa konserwatoriýada ýa-da Edebiýat institutynda duşuşýardyk, aýdym-saz diňleýärdik, goşgy okaşýardyk. Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň sözlerine döreden romanslarynyň birnäçesiniň biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzyň klubundaky roýalyň başynda dörändigine men şaýat. Myrat Annaýewiň «Aşgabadyň agşamy» diýen aýdymyny hem ilkinji bolu

Şygryýetdäki nowellaçylyk

XX asyr türkmen edebiýatynyň şygryýetindäki liriki gahrymanlaryň häsiýetine göz aýlanyňda, ozaly bilen bu döwrüň çeper edebiýatyndaky liriki gahrymanlarynyň özboluşlylygy göze ilýär. Dogry, gahrymanlaryň özünden öňki gahrymanlara çalymdaş häsiýetleri-de az däldirem welin, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň hem-de beýleki zehinli şahyrlaryň liriki gahrymanlary bu döwrüň şygryýetiniň özboluşly ýoluny döredip bilipdi. Olar arzuwy, hyjuwy, dünýägaraýşy bilen dürli sypatlary janlandyranlygy üçin umumy özboluşly ýoluň içinde öz «hususy» özboluşly ýollary bilen tapawutlanypdyrlar. Aslynda-ha, biziň söhbedimiziň süňňi şahyr Halyl Kulyýewiň şygryýetindäki özboluşlylyk hakynda. Şonuň üçinem şahyryň liriki gahrymanynda ýüze çykýan häsiýet aýratynlygy dogrusynda söhbet açan alymlaryň pikirlerini-de ýatlamagy dogry bildik.

Okan eserlerimden

Mähriban okyjylar, size hödürleýän şu ýazgylary, çeşmelerden okan eserlerim esasynda taýýarladym. Bilesigelijiligim sebäpli men dürli eserleri okaýaryn. Şolaryň arasynda islendik okyjyny gyzyklandyrjak maglumatlar, geň-taň wakalar hem gabat gelýär. Men olary ýandepderçäme belläp alýaryn. Şolardan käbirini «Garagum» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmak isleýärin. Bilguşak