Ömür hakda oýlanmalar

27 Ýanwar 2021
1032

Säherden gözel zat bolup bilermi?! Äleme nur saçyp, Günüň dogup gelýänini görýärsiň-de, ömrümiziň ýene bir gününi uzaltmak maksady bilen ony özüň, öz eliň bilen göterip getirýändirin öýdýärsiň. Hawa, ömrüň, ýaşaýşyň ýene bir gününi döretmek üçin edýärsiň. Täze gün özüňe, seniň öýüňe, şäheriňe, ýurduňa, tutuş dünýä näme getirer? Ony bilýänem, biljegem ýok. Ýöne bir zat begendirýär — gidip barşyňa, öňde diňe gowulyk bolar diýip umyt edýärsiň.

* * *

Ka­ka­jan AÇY­LOW