Şygryýetdäki nowellaçylyk

27 Ýanwar 2021
947

XX asyr türkmen edebiýatynyň şygryýetindäki liriki gahrymanlaryň häsiýetine göz aýlanyňda, ozaly bilen bu döwrüň çeper edebiýatyndaky liriki gahrymanlarynyň özboluşlylygy göze ilýär. Dogry, gahrymanlaryň özünden öňki gahrymanlara çalymdaş häsiýetleri-de az däldirem welin, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň hem-de beýleki zehinli şahyrlaryň liriki gahrymanlary bu döwrüň şygryýetiniň özboluşly ýoluny döredip bilipdi. Olar arzuwy, hyjuwy, dünýägaraýşy bilen dürli sypatlary janlandyranlygy üçin umumy özboluşly ýoluň içinde öz «hususy» özboluşly ýollary bilen tapawutlanypdyrlar.

Aslynda-ha, biziň söhbedimiziň süňňi şahyr Halyl Kulyýewiň şygryýetindäki özboluşlylyk hakynda. Şonuň üçinem şahyryň liriki gahrymanynda ýüze çykýan häsiýet aýratynlygy dogrusynda söhbet açan alymlaryň pikirlerini-de ýatlamagy dogry bildik.

Jeren ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty