«Kemimdir öwretmän gidenim»

17 Mart 2021
1099

Ilkinji iş ýeriň, ilkinji işdeşleriň aňsat-aňsat unudylanok. Bu meniň üçinem şeýle. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okan ýyllarymda iş tejribeligini geçmek üçin «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bosagasyndan ätledik. Şonda toparymyzyň talyplaryna gazetiň şol wagtky baş redaktory Dörtguly Balakaýew, baş redaktoryň orunbasary Sapardurdy Baýhanow, jogapkär kätip Tirkiş Mämmedow, bölüm müdirleri Hojaberdi Hojadowdyr Maral Kömekowa dagy bilen tanyşmak, olaryň iş tejribelerini öwrenmek nesip edipdi. Gazetiň baş redaktory döredijilige höwesek talyplary tejribelik tamamlanandan soň işe çagyrypdy. Bu mümkinçilik meniň üçinem uly mekdep boldy. Biz halypalaryň birnäçesiniň iş usullaryny öwrenip, olaryň tejribelerine eýerdik.

Redaksiýada zähmet çekýän zenan işgärlerden Maral Kömekowany özümize ýakyn tutýardyk. Bilim ulgamynda geçirilýän dürli çärelere habarçy hökmünde çagyrylanymyzda, ondan ilki hökman maslahat soraýardyk. Şonda ol bize hem mugallym, hem kärdeş hökmünde maslahatlar berýärdi. Biz onuň göreldesine eýerip, ondan iş tälimlerini, usullaryny öwrendik.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum»