Söz şalygynyň ägirdi

24 Aprel 2021
978

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýä äşgär etmäge giň mümkinçilik döredildi. Aslynda, türkmen halky edebi we medeni gymmatlyklara baý halk. Dünýäniň umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi hasaplanylýan, ýokary terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýan taryhy, edebi we ruhy gymmatlyklarymyz ýaş nesli terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda ýol görkeziji mekdep bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen hem baglydyr. Häzirki döwürde beýik şahsyýetlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna, bitiren hyzmatlaryna mynasyp baha berilýär.

Ogulbaýram MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri