Türkmeniň seýisçilik sungaty

24 Aprel 2021
1456

Ata-babalarymyz atlary seýislemegiň inçe tilsimlerini tapypdyrlar. Şondan bäri halkymyzyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişli bolup, müňlerçe ýyllaryň dowamynda bedewleri ösdürip ýetişdirmek kämilleşdirilip gelnipdir. Taryhy ýazgylara görä, goňurdepeliler bürünçden, kümüşden we faýandan ýasalan tüýdügiň owazyna jemgyýetiň asylzadalaryna niýetlenen bedewleri seýisläpdirler. Tüýdügiň owazy hoşuna gelip, bedew toýnak urşuny üýtgedipdir. Türkmenleriň öz bedewini eý görşi, olary seýisleýişleri üýtgeşik bolupdyr. Seýisçiligiň tilsimlerini kämilleşdiren ussat seýisler öz bedewlerine ykballaryny baglapdyrlar. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan bu dostluk daşary ýurt alymlaryny gyzyklandyrsa, halk arasynda olar barada dürli rowaýatlar, tymsallar döräpdir. Şeýle tymsallaryň biri Beknazaryň dor bedewleri hakyndadyr. Bu bedew barada şeýle bir rowaýat halkyň arasynda häzire çenli ýaşap gelýär. Ady äleme dolan bedewi bir gün galtamanlar ogurlaýarlar. Onuň seýsi altmyş ýaşly Beknazar tutuş zehinini, ömrüni atyny seýislemäge bagyşlaýar.

Galtamanlar bedewini ogurlap gidenlerinden soň, Beknazar seýsi gaýgy basýar, bedewini tapmagyň ýollaryny gözleýär. Dor atam gaýga batyp, iýmden, suwdan ýüz dönderýär. Bedewiň gün-günden horlanyp barşyna dözmedik galtamanlar ony yzyna getirmäge mejbur bolýarlar.

Ogulgerek USSAÝEWA,
ýazyjy