Reňbe-reň gül açýar ýaşyl ýaýlasy

24 Aprel 2021
1069

Kä­bä­me de­ňe­ýän ene top­ra­gym, kyb­la­ma de­ňe­ýän ata Wa­ta­nym! Dün­ýä ine­nim­de jä­gil­däp se­si­mi ýaý­la­la­ry­ňa siň­di­re­nim, sež­de­gä­him eziz Di­ýa­rym! Siz hak­da pi­kir ede­nim­de, kal­bym heý­ja­na gel­ýär. Onu­ňam öz se­bä­bi bar. Sa­byr­ly­lyk, pa­ra­sat­ly­lyk, mer­di-mer­da­na­lyk, gaý­duw­syz­lyk, ar-na­mys­ly­lyk, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ba­tyr­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri özün­de jem­le­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň säh­ra için­de çar­wa­dar­çy­lyk, meý­dan­la­ryn­da daý­han­çy­lyk edip, iýen çö­re­gi­ni ha­lal­lyk bi­len ga­za­nyp, şu gü­ne, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ýe­te­ni­ne, ak gö­wün­li, yn­san­per­wer, he­ma­ýat­kär bo­lan­soň ýol­la­ry­nyň açyk, iş­le­ri­niň ro­waç bo­la­ny­na buý­sa­nyp, aňyr­sy­na çy­kar ýa­ly däl. Ene-ma­ma­la­ry­myz ýaş­ly­gyn­dan ne­sil­le­ri­ni öý iş­le­ri­ne wer­ziş edip, ola­ra mil­li ýö­rel­ge­le­ri, edim-gy­lym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň düz­gün­le­ri­ni öw­re­dip, asyl­ly, edep­li, zäh­met­sö­ýer, oja­gy­na we­pa­ly, ar-na­mys­ly duý­gu­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak iş­le­ri et­di­ler. Dog­ry ýol­dan ýö­re­me­gi, ýal­ňyş­maz­ly­gy aňy­my­za guý­du­lar.

Wa­tan mu­kad­des­li­gi­ni özün­de jem­le­ýän, se­ni mä­hir sal­lan­ça­gyn­da üw­re­ýän, ýy­ly mäh­ri­ne çoý­ýan me­ge­rem, ene top­ra­gyň gu­ja­gy bol­sa ge­rek. Ger­çek ata-ba­ba­la­ry­myz bu top­ra­gy bet­päl­ler­den go­ra­mak üçin baş­la­ry­ny gur­ban etmäge taý­ýar bo­lup­dyr­lar. Oguz han, Gö­rog­ly beg, Alp Ars­lan, sol­tan Je­la­led­din, Sol­tan San­jar, Mä­lik şa ýa­ly pä­him-paý­has­ly ger­çek­le­riň gaý­rat­ly­ly­gy bu gün ýaş ne­sil­le­re gö­rüm-gö­rel­de. Hal­ky­my­zyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne, Ga­raş­syz­lyk şe­ma­ly­nyň ýüz­le­ri­ni nur­lan­dyr­ýan eş­ret­li za­ma­na­sy­na ýet­me­gi­niň özi pe­der­le­ri­mi­ziň Wa­ta­na bo­lan bi­möç­ber söý­gü­si­niň, bor­ju­nyň, duý­gu­sy­nyň, şeý­le hem ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň ata­la­ry­my­zyň ýo­lu­ny do­wam et­dir­me­gi­niň ne­ti­je­si­dir.

Ogul­baý­ram TA­GA­NO­WA,
žur­na­list