«Namysym, imanym — azadym kany?»

23 Aprel 2021
810

Ajaýyp şygyrlary bilen hakydalarda baky orun alan nusgawy şahyrlarymyzyň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Ýyllar geçip, asyrlar aýlansa-da onuň döreden şygyrlary ähmiýetini ýitirmän, gaýtam gymmatbaha daşlar kimin barha lowurdaýar. Magtymgulynyň döredijiliginde pederi Döwletmämmet Azadynyň orny örän uly. Ol durmuş mekdebinde-de, döredijilik mekdebinde-de onuň mugallymy.

Magtymguly Pyragynyň atasyna bagyşlap ýazan, biziň günlerimize gelip ýeten «Atamyň», «Azadym kany?», «Oglum-Azadym» ýaly goşgulary beýik şahyryň pederine bolan söýgüsini, mähir-muhabbetini açyp görkezýän şygyrlarydyr.

Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy