Şygryýet bossany

23 Aprel 2021
735

Watanym

Ýazyňa ýaraşyk al-ýaşyl ýaýlaň,
Döwresini bezäp otyr bägüller.
Toýlara beslenen gözel Diýarda
Bagtymdan nyşandyr şatlykly günler.
Meň Watanym şu barlykdan başlanýar,
Etsem mynasypdyr beýik tarypa.
Bagtyýar geljekli döwran buşlanýar,
Şöhrat bilen ýaň salýandyr taryha.
Asly Oguz zürýadyndan milleti,
Bir supra jem bolan beýik halkyň bar,
Arkadagyň berk binýatdan döwleti
Döwürlerde rowaçlanýar, galkynýar.

Gözel UMAROWA