Daýysynyň mynasyp dowamy

23 Aprel 2021
1569

Umu­my ­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň ede­bi­ýat­dan okuw ki­tap­la­ry bo­ýun­ça türk­me­niň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýe­ge­ni­niň Gur­ban­dur­dy Ze­li­li bo­lan­dy­gy­ny, onuň XIX asy­ryň gör­nük­li nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, da­ýy­sy Mag­tym­gu­ly­nyň il-ýurt, ag­zy­bir­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ýa­ly pi­kir­le­ri­ni öz döw­rün­de my­na­syp do­wam et­di­ren­di­gi­ni, şeý­le hem Mol­la­murt şa­hy­ryň hem XVIII asy­ryň nus­ga­wy şa­hy­ry Şeý­da­ýy­nyň ýe­ge­ni bo­lan­dy­gy­ny bil­ýä­ris. Mu­nuň özi zan­dyň­da bol­sa, ze­hin, kesp-kär ýa­ly när­se­le­riň di­ňe bir per­zent­le­re däl, eý­sem, do­ga­nyň per­zent­le­ri­ne, umu­man, şa­ha­la­ýyn ne­be­re­le­ri­ňe hem ge­çip bil­ýän­di­gi ha­kyn­da­ky pi­ki­re ge­tir­ýär. Bu pi­ki­ri türk­men ede­bi­ýa­ty­na şy­gyr düz­me­giň tä­ze öz­bo­luş­ly for­ma­la­ry­ny ge­ti­ren, li­ri­ki poe­zi­ýa­nyň us­sa­dy Reh­met Se­ýi­dow, onuň ýe­ge­ni, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Öw­lü­ýä­gu­ly Möw­la­mow ba­ra­da hem ulan­sak tüýs ýe­ri­ne dü­şer­di. Iň bol­man­da, Wa­tan, il-ýurt üçin uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren, iliň-gü­nüň söý­gü­si­ne, hor­ma­ty­na my­na­syp bo­lan bel­li pe­der­le­riň özün­den soň­ky ne­sil­le­ri, ne­be­re­le­ri, ili-gü­ni üçin yl­ham çeş­me­si, ýe­ne­ki üs­tün­lik­le­re, ýe­niş­le­re ruh­lan­dy­ryp, güýç ber­ýän dur­na­göz suw­ly paý­has aka­ba­sy hök­mün­de hyz­mat ed­ýän­di­gi ba­ra­da pi­kir hem bi­çe­me däl­dir. Çün­ki Reh­met Se­ýi­dow türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň çe­per­çi­lik taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne, ös­me­gi­ne özü­niň çuň­ňur li­riz­me ýug­ru­lan şa­hy­ra­na eser­le­ri bi­len sal­dam­ly go­şan­dy­ny go­şan bol­sa, onuň ýe­ge­ni Öw­lü­ýä­gu­ly Möw­la­mow öz­bo­luş­ly çe­per kys­sa eser­le­ri bi­len türk­men ede­bi­ýa­tyn­da öç­mez yz gal­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Onuň oky­jy­la­ryň ýü­re­gi­ne bar­ýan in­çe­jik ýo­da­ny ta­pan «Şa­hy­ryň ýaş­ly­gy», «Le­bap sä­he­ri», «Ýe­kä­niň ça­ňy», «Py­gan» ýa­ly ki­tap­la­ry­nyň çe­per­çi­lik gym­ma­ty ba­ra­da düýp­li gür­rüň et­me­gi ýa­zy­jy­la­ryň, ede­bi­ýat­çy­la­ryň pa­ýy­na go­ýup, onuň mä­hir­den, ala­da­dan do­ly nu­ra­na ýü­zü­ni syn­la­mak ne­sip eden gün­ler, ýaş­la­ra mas­la­hat­la­ry­ny diň­le­mek mi­ýes­ser bo­lan ede­bi­ýat bir­leş­me­le­rin­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň kä­bi­ri ha­kyn­da­ky ýat­la­ma­la­ry­my oky­jy­lar bi­len paý­la­şa­sym gel­ýär. Onuň üçin bol­sa, il­ki bi­len ýa­kym­ly we gy­zyk­ly ýat­la­ma­lar­dan do­ly mek­dep ýyl­la­ry­ma do­lan­ma­ly bol­ýa­ryn.

Ede­bi­ýat mu­gal­ly­my ba­ba­tyn­da me­niň we synp­daş­la­ry­myň Ha­laç et­ra­by­nyň 22-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­nyň tüýs bag­ty ge­ti­rip­di. Çün­ki bu ders­den bi­zi oba­da­şy­myz, şa­hyr mu­gal­lym Gur­ban­gel­di Ho­ja­ny­ýa­zow okad­ýar­dy. Onuň her ede­bi­ýat sa­pa­gy­na baý­ram­çy­ly­ga ga­raş­ýan ýa­ly ga­ra­şar­dyk. Ol sa­pak­da bi­zi şa­hyr-ýa­zy­jy­la­ryň gy­zyk­ly dur­mu­şy, ola­ryň ýa­zan eser­le­ri­niň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­dyr­sa, ýur­du­myz­da çyk­ýan ga­zet-žur­nal­lar­da ýy­gy-ýy­gy­dan çap edi­lip dur­ýan goş­gu­la­ry ar­ka­ly biz mäh­ri­ban mu­gal­ly­my­my­zyň eser­le­ri­niň şa­hy­ra­na dün­ýä­si­ne bar­ha iç­gin ara­laş­ýar­dyk. Türk­men oky­jy­la­ry­na bäş sa­ny goş­gu­lar ki­ta­by­ny ýa­dy­gär­lik gal­dy­ran, me­niň okuw­çy wag­tym goş­gy ýaz­ma­ga il­kin­ji sy­na­ny­şyk­la­ry­my go­wy söz­le­ri bi­len gol­dap, hö­wes­len­di­ren il­kin­ji ha­ly­pam Gur­ban­gel­di Ho­ja­ny­ýa­zow bi­ze «Reh­met Se­ýi­do­wyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi» di­ýen te­ma­ny ge­çen­de, us­sat şa­hy­ryň Öw­lü­ýä­gu­ly Möw­la­mow at­ly ýa­zy­jy ýe­ge­ni­niň hem bar­dy­gy­ny, onuň şa­hyr da­ýy­sy ba­ra­da «Şa­hy­ryň ýaş­ly­gy» di­ýen po­wes­ti­ni ýa­zan­dy­gy ha­kyn­da gy­zyk­ly gür­rüň be­rip­di. Ine, şeý­di­bem, paý­has­ly göz­le­ri bi­len äý­ne­gi­niň aňyr­syn­dan se­re­dip du­ran, okuw ki­ta­byn­da yer­leş­di­ri­len goş­gu­syn­da­ky:

Esen ÇA­RY­ÝEW,
Ha­laç et­ra­by­ndaky 18-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my