Dorsonanyň gaýdyp gelmegi (erteki)

23 Aprel 2021
693

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadymy eýýamda bir baýyň hyzmatynda wepaly bir atbakary bolupdyr. Ol baýa ak ýürekden hyzmat edipdir. Hojaýyn ýylky sanyny günsaýyn artdyrsa-da, atbakar olary bakmagyň hötdesinden gelipdir. Şeýle bolansoň baý hem ony sylapdyr, öz eli bilen garyp bir maşgalanyň gyzyna öýerip, onuň öýli-işikli bolmagyna kömek edipdir.

Günlerde bir gün atbakaryň sürüsindäki taýçanaklardan biri gündiziň günortany nirädir bir ýana gürüm-jürüm bolupdyr. Atbakar uly alada galypdyr. Çünki ol ozallar beýle kyn ýagdaýa düşüp görmän eken. Ýogsam, ol atbakaryň körpeje ogly bilen dostlaşyp ýören taýçanak eken. Taýçanak hemişe diýen ýaly oglanjygyň ýanynda oýnap, ony ýekesiretmez eken. Şeýle bolansoň ol taýçanak hemişe sürüden çykyp, oglanjyk bilen gezer eken.

Goçy ANNASÄHEDOW