Gudrat (hekaýa)

23 Aprel 2021
806

Wagt ýa­rygi­je­den ge­çip­di. Uzak­ly gün ýol­la­ry dol­du­ryp du­ran ulag­la­ryň sa­ny-da aza­lyp­dy. Şeý­le se­re­de­niň­de kä­te bir ulag geç­ýär diý­me­seň, iki ta­ra­py­ny gün­diz­lik ýa­ly ýag­tyl­dyp du­ran çy­ra­la­ryň ýag­ty­sy­na gö­ni hem giň ýol­lar uly aka­ba­ny ýa­da sal­ýar­dy. Şeý­le pur­sat­da şä­her adam­la­ry süý­ji uky­nyň hö­zi­ri­ni gör­ýä­nem bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ­ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň üçün­ji ga­ty­nyň çet­ki ota­gyn­da bir gyz öz işi bi­len güm­ra­dy.

Ar­zuw öňün­dä­ki su­ra­ty üns bi­len syn­la­dy. Des­si­ne-de gu­tar­nyk­ly ne­ti­jä gel­di: «Ýok, bu-da göw­nüm­dä­ki ýa­ly bol­man­dyr. Mun­da enä­niň öz per­zen­di­ne bo­lan mäh­ri has go­wy du­ýul­ma­ýar. «Ene» sö­zi ba­ry-ýo­gy üç harp­dan yba­rat bol­sa-da, ol mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ten yn­san. Ol dün­ýä­niň di­re­gi. Ýog­sa-da bi­zi ek­läp-sak­lap ýö­ren ýe­ri­mi­ziň enä de­ňel­me­gi ýö­ne ýer­den däl ahy­ry!». Ol öňün­dä­ki su­ra­ty alyp, üý­şüp du­ran ka­gyz­la­ryň üs­tün­de goý­dy. Ola­ra neb­sa­gy­ry­jy­lyk bi­len se­ret­di. Süý­ji uku­da ýa­tan jo­ra­sy­na gö­zi dü­şen­de bol­sa: «Wah, bu ma­ňa ba­şart­jak däl ýa­ly, me­nem Ser­wi­niň­ki ýa­ly te­bi­gat bi­len bag­la­ny­şyk­ly su­rat çek­sem bol­ma­dy­my? Men bu temany nä­me üçin saý­la­dym­kam?!» di­ýip, öz-özü­ne so­rag ber­di.

Hudaýberen JANGELDIÝEW