Ruhy çuňlukdan örňän şygyrlar

23 Aprel 2021
799

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, ussat şahyr Mämmet Seýidow 1945-nji ýylda döredijilik işine başlaýar. Ol 1952-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň bolsa gazet-žurnallaryň redaksiýasynda işläp başlaýar. Eýýäm geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ortalarynda bolsa, şahyr poeziýamyzyň görnükli wekilleriniň biri hökmünde özüni tanadýar. Lirik şahyr M. Seýidowyň döredijiligi diňe öz döwründe däl, eýsem, Garaşsyzlyk eýýamynda, has-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem edebiýat meýdanynyň ýaş zehinleri üçin nusga alarlyk çeper edebi hadysadyr.

Her bir uly zehiniň ýaşan hem döreden döwrüniň edebi dünýäsinden üzňe bolmadyk kanunalaýyk edebi dünýäsi, kökleri bolýar. Mämmet Seýidow hem edebiýat meýdanynda özboluşly lirik şahyr derejesine göterildi.

Baba SARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty