Ylham çeşmesi diňe zähmetde (oçerk)

27 Ýanwar 2021
1113

Hereketiň nyşany diýlende, ilki bilen aýlawly, göni, ýokaryk-aşak, gapdala ýol-ugur görkeziji şekiller göz öňüňde janlanýar. Meniň üçin bolsa, eli ýantorbaly işe tarap, özi hem, edil toýa barýan ýaly şähdaçyk, güler ýüzli, gadamlary hem batly adam göz öňüme gelýär. Ol adam Orazmyrat Gummadow. Onuň teatr sahnasyna, belki-de, kino surata alyş meýdançasyna tarap, ýantorbasynyň içinde hem täze dörejek kino ýa-da spektakl eseriniň edebi esasyny göterip barýan pursatlary aňymda aýlanýar. Onuň saýlan ýoly adaty ugurly ýol däl. Ol, egrem-bugram, aýdyň hem aýan bolmadyk syrly ýol. Bu ýol belgilerden, çelgilerden, simwollardan, metaforalardan, öwrümli, tilsimli, täsinliklere baý ýol. Ol — täze ýolgörkeziji nyşan.

Halypanyň sahnada döreden keşpleriniň, drama režissýory hökmünde goýan spektakllarynyň, surata düşüren kino eserleriniň, ýazan edebi esaslarynyň we pýessalarynyň sanawyny diňe agzap, barmak büküp sanap geçmek üçin, bir makalanyň möçberindäki gerimi darlyk edýär. Bu babatda, medeniýet-sungat ugrundan ylmy iş ýazjaklara, medeni aň-bilim ugry boýunça gollanma hökmünde, kitaplary ýazmaga maglumat gaznasyna baý döredijilik gory bolup biljekdigini ynamly aýtsa bolar.

Ýagmyr TÜRŞEKOW