Gyzym — gyzylly halka

16 Mart 2021
1028

Türkmen halkymyz baý edebi mirasa eýedir. Atalarymyzyň döreden gymmatly ruhy baýlygynda milletimiziň mukaddes ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, ahlak kadalary, terbiýeçilik tärleri aň-paýhasyň tämiz sözlügi bilen öz beýanyny tapypdyr. Gelin-gyzlaryň ahlak päkligini, el işlerine ussatlygyny, olaryň il içindäki at-abraýynyň belentde saklanylmagyny beýan edýän edebi hazynamyzyň terbiýeçilik gymmaty egsilmezdir. Halkymyzyň döreden nakyllaryny okanyňda, muňa has aýdyň göz ýetirip bilýäris.

Nakyllar halk döredijilik eserleriniň iň bir gadymy görnüşi hasaplanylýar. Şu ýerde bu gymmatly edebi mirasymyzyň nazary esaslary hakynda hem durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Nakyl sözüniň özi hekaýa etmek, hakykaty aýtmak, sözlemek diýen manylary aňladýan, taryhy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan çeper görnüşli, çuň manyly edebi eserdir. Olaryň daşky göwrümi kiçi bolup, aňladýan manysy çuň hem täsirli, paýhas ýüki ýeten, durmuşyň dürli ugurlarynda ýol görkezýän akylnamadyr. Şonuň üçin olaryň terbiýeçilik tarapy öňe saýlanýar. Ynsanyň aň kämilligini, akyl ýetiriş ukybyny artdyrýan bu paýhasnamalarda öňe sürülýän pikirler özüniň çeperçilik güýji, ruhy ahwallary tämizleýiş kuwwaty bilen hiç bir döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýär, gymmatyny gaçyrmaýar.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri