Şahyryň «Durnalary» — öz durnalarymyz

16 Mart 2021
909

Bu makalamyzy şeýle atlandyrmagymyzyň özüne ýeterlik sebäbi bar. Şol sebäp bizi şahyr Gurbannazar Ezizowyň edebiýata gadam basan talyplyk döwrüne we onuň yz ýanyndaky ýyllara alyp gidýär.

Gurbannazar Ezizowyň goşgulary ol ýyllarda Günbatar edebiýatyna başy bilen berlen, milliligi we edebi däpleri pitiwa etmeýän, hatda türkmen nusgawy edebiýatyndan we halk döredijiliginden habarsyz ýa-da az habarly şahyr hökmünde duýulýardy. «Iki gep — bir jady» diýleni. Ol gepleriň talyp aňymyzy garyşdyryp, «Dogrudan-da, şeýle bolaýmasyn?» diýip, aram-aram oýa batanymyzy gizläp oturmalyň. Çünki nusgawy edebiýat, halk döredijiligi, edebi däpler ýaly düşünjeler milli şygryýetiň jan damary ahyryn. Emma bu düşünjeleriň düýp manysyna Gurbannazar talyplyk ýyllarynda oňat düşünipdir, biz welin «millilik», «edebi däpler» diýlen ýaly düşünjeleriň «basmagalyp» (trafaret), öňden gelýän edebi uslyby başgarak bir usulda gaýtalamak däldigine, onuň döwür bilen aýakdaş hereket edýän taryhy hadysadygyna, olaryň aňyrsynda baslygyp ýatan hazynalaryň bardygyna we ony açmak arkaly milliligi baýlaşdyryp boljakdygyna soň-soňlar — Gurbannazar «ýaş şahyrlygyny» «şahyr» diýlen mynasyp dereje bilen çalşandan soňra düşünip galdyk. Onuň şahyrçylyk şöhratyna bolsa «Men size barýan» ýaly goşgulary binýat bolup hyzmat edipdi. Aslynda, şygryýetde millilik ýa-da milli sypat näme? Bu sowal keltejik düşündirişe kanagat edip biljek sowal däl. Millilik şahyrana pikirlenmäniň we şahyrana ruhuň teýinde ýatan gözli çeşme bolup, şahyryň her eserine özüniň alamatlaryny, reňklerini siňdirýär. Ol şahyryň Garagum ýa-da Amyderýa hakynda ýazýan goşgularyna nädereje öwüşgin berip bilýän bolsa, Antarktida ýa-da Arktika barada şygyr ýazsa-da, özüniň möhürini galdyryp bilýär.

Gurbandurdy GELDIÝEW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, professor