Saglygyň we sagdynlygyň gymmaty

17 Fewral 2021
860

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, olara garşy göreşmekde uly işler döwlet derejesinde guraldy. Bu uly göwrümli, yzygiderli amala aşyrylýan işleriň netijesinde, tapgyrlaýyn öňüni alyş sanjymlaryň netijesinde birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi we bu babatda abraýly halkara guramalary tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri ykrar edýän şahadatnamalar gowşuryldy. Olar bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň esasy sebäpleri bolan ýaramaz endiklere, nädogry iýmitlenmäge, hereketsizlik ýagdaýlaryň garşysyna netijeli işler edilip, fiziki işjeňligi gazanmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu işleri ýokary derejede guramagy we özüniň şahsy görelde bolmagy netijesinde gazanylan sepgitlere hem abraýly halkara guramalary tarapyndan uly baha berilýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory