Elinden gelen gül eýlär

16 Mart 2021
797

Biz çagakak ejemizden, enemizden iň köp eşiden pähimlerimiziň biri-de «Elinden gelen gül eýlär» nakyly bolupdy. Orta mekdepde okaýan döwrümiz zähmet sapaklarynda mugallymlarymyzam bu atalar sözüni köp gaýtalap, aňymyza guýupdylar. Özüm tikin-çatyn işleri bilen birlikde, kitap okamagy-da söýemsoň, bu nakylyň manysyny özümçe has giňeldip kabul edipdim. Şonuň üçinem, menem ýaşlykdan hem el işleri bilen bagly hünärleri öwrenmeli, hem köp okamaly, söýgüli käriň eýesi bolmaly diýen ýörelgä eýerdim.

Türkmen gyzlaryna ýaşlykdan öwredilýän el işleri, dokma işleri ene-mamalarymyzyň bize miras galdyran nusgalyk senedidir. Keşde bejermek, gaýma gaýamak, milli egin-eşikleri biçmek we tikmek, halydyr palas dokamak, tarada keteni dokamak ýaly işler türkmen gyz-gelinleriniň kämillik derejä ýetiren hünärleridir. Bu günki gün milli hünärlerimize uly üns berilýär.

Oguljeren BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy