Bitewülik diplomatiýasy — türkmeniň milli ýörelgesi

17 Fewral 2021
721

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan we halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetini hem-de bu ugurdaky köpasyrlyk taryhy tejribesini, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen asylly maksatlary, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Zeminiň halklarynyň bähbitlerinden ugur alýan parahatçylyk söýüjiligiň nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp eser häzirki zaman dünýäsinde halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürýär. Şonuň bilen birlikde umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak babatynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň milli tejribesini giň halkara jemgyýetçiligine aýan edýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň kitabyň ilkinji babynda: «Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahat söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatyşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar» diýmeginiň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar.

Dünýäde syýasy Lider hökmünde ykrar edilen belent mertebeli Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasadyndan hem-de döwet galamyndan çykan bu ajaýyp eseri we onda beýan edilýän dünýäniň halklarynyň ählumumy bähbitlerini nazarlaýan, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen aýdyň maksatlar diňe bir ýurdumyzda däl-de, tutuş dünýäde gyzgyn seslenmä eýe bolýar. Parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň, halklaryň özara ynanyşmak we düşünişmek syýasatynyň belent waspçysy, halklaryň bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen ynsanperwerlik ýörelgeleriniň wagyzçysy bolup, häzirki zaman dünýäsinde ösen aňyýeti, kämil jemgyýeti kemala getirmegiň özboluşly bir milli nusgasyny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň mazmunyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň lebzihalallyk, ynsaplylyk, dostluk, sahawatlylyk, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, goňşuçylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri siňendir. Bu ýörelgeler, hakykatdan-da döwrebap, kämil jemgyýeti öňe alyp gidýän tükeniksiz uly güýçdür» diýen sözleri bolsa munuň aýdyň dabaralanmasydyr. Şeýle-de ol ata-baba dowam edip gelýän asylly däp-dessurlaryň, milli ýörelgeleriň biziň hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen Bitaraplyk taglymatymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýändiginiň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Akjemal DURDYÝEWA