Sen-sen söwerim, ha ynan, ha ynanma!

16 Mart 2021
1127

Halk pähiminde «Bar zatdan süýji-de dil, ajy-da dil» diýilýär. Ajy dil daşrakda dursun, biz bu gün süýji söz hakda, onda-da süýjüliginden ýaňa diliňi kesip barýan şirin dil hakda söhbet etmekçi. Sebäbi gujagyny al-elwan güllerden dolduryp gelen bahar paslyna — gül meňizli gözelleriň şanyna toý tutulýan mübärek aýlara diňe süýji söz­ler ýaraşýar. Bu — hemişe şeýle bolupdyr. Gadymy dünýäniň ähli döwürlerinde-de her ýyl bütin tebigata täzeden jan berýän, goja ýaşly, juwan keşpli ýaz gelende söz ussatlary aýratyn joşgun bilen galama ýapyşypdyrlar, sözleriň iň süýjülerinden çemen bogup, gözelligiň nusgasy, şahyr ýürekleriň ylham çeşmesi bolan gyz-gelinlere bagyşlapdyrlar. Şeýdibem asyrlar aşyp, heňňamlar dolansa-da könelmeýän, haýsy döwürde okalsa-da, ynsan kalbyndaky näzikden-nepis duýgulary joşdurýan ölmez-ýitmez eserlerini döredipdirler. Söz mülküne aralaşmakçy bolýan Hakdan halatly şahyrymyz Möwlana Lutfy hem bahar joşguny bilen döreden eserlerine — päk söýginiň, ynsan gözelliginiň waspyny Arşy-agla ýetiren şygryýetine hut şeýle baha beripdir: «Ki datgan — til halawatdan (süýjülikden) diline (dilinsin)!»

Gadymy Horasanyň saýrak bilbili, XIV—XV asyrlarda ýaşan türkmen şahyry Möwlana Lutfy özüniň «Gül we Nowruz» poemasynyň ýazylyş taryhy barada eseriň başynda: «Sebäbi nezmi kitap» diýen bölüminde şeýle maglumat berýär. Akly-gyzylly güller pajarlap açylýan «gül paslynyň» ajaýyp günleriniň birinde ýurduň soltany Lutfyny huzuryna çagyrýar. Onuň bilen edebiýat hakda, şygryýet gözelligi hakda pikir alşyp oturýar hem-de Gündogarda meşhur bolan, pars dilinde ençeme dessan döredilen «Gül we Nowruz» ýordumy boýunça, halk köpçüligine düşnükli bolar ýaly, türki dilde çeper eser ýazmagy buýurýar. Möwlana Lutfynyň kalbynda döredijilik hyjuwyny joşduran bu wakany şahyr şeýle beýan edýär:

Ejegyz ÇARYÝEWA,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty