Arzuwlary hasyl bolan şahyr

17 Fewral 2021
1053

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy halkymyzyň guwanjyna, buýsanjyna, şan-şöhratyna öwrülen milli şahyrdyr. Onuň umman ýaly döredijiligi adamzadyň bagtyýar ýaşaýyş durmuşy hakdaky arzuwlara beslenendir. Şeýle bolansoň, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, ynsanperwerlige ýugrulan, edep-terbiýä öwrülen şahyrana setirleri dünýä ýaýylýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda iş sapary bilen Lebap welaýatyna gelen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe wajyp meseleleri bilen birlikde, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan senesiniň 300 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilip geçilipdi. 2024-nji ýylda bolsa akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygyny bellemek we oňa häzirden taýýarlyk işlerine girişmek hakda aýdyldy.

Meret JUMADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy