«Teşnit» halk aýdymyndaky sanawaçlar

16 Mart 2021
1037

Türkmen halk döredijiligi eserleri halkymyzyň hakydasynda galan edebi-ruhy dürdänelerdir. Bu eserler şahyrana, kyssa we kyssawy şahyrana toparlara degişli bolan birnäçe žanrlardan we görnüşlerden ybaratdyr. Çuň many-mazmunly, nesil terbiýesinde ýokary ähmiýetli bu edebi eserleri halkymyzyň her bir wekili ýadynda saklap, kämilleşdirip, geljek nesillere ýetiripdir. Şeýdip, adaty halk köpçüliginiň kömegi bilen türkmen halk döredijiligi eserlerimiziň ýaşaýşy ebedileşdirilipdir.

Halkymyzyň hakydasynda ebedileşen halk döredijiligi eserlerimiziň gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan duş gelýän görnüşleriniň biri-de, şahyrana topara degişlilikde öwrenilýän aýdymlar žanrydyr. Bu žanra halk dessanlaryndan we şadessanlaryndan alnan, şeýle hem awtory näbelli bolan halk aýdymlary degişli edilýär. Aýdymlar žanryna degişlilikde öwrenilýän aýdymlardan, şeýle hem ýazary belli bolan beýleki şadessanlardan we dessanlardan, nusgawy şahyrlaryň döredijiliginden alynýan käbir tirme aýdymlaryndan soň, bagşylar tarapyndan labza goşup goşgy setirleri sanalýar. Olar halk döredijiliginiň dilinde «aýdym sanawaçlary», bagşylaryň dilinde «halk sözi» diýip atlandyrylýar.

Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist