Watan waspy ýürekde

17 Fewral 2021
1154

Bu gün kalplara ylham bolup dolýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly asuda asmanymyzyň astynda amala aşyrylýan beýik işlere ýene-de dowamat berýär. Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan toplumlaýyn işler şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy.

Şu ýylyň adamzady beýik işlere ruhlandyryjy şygar bilen atlandyrylmagy türkmen halky üçin has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary umumadamzat bähbitlerini öňe sürüp, ýurtlary parahatçylykly gatnaşyklara, halklary dost-doganlyga çagyrýar. Ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum»