Çarwa nowruzynyň taryhy kökleri

16 Mart 2021
921

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgi-sarpasyny has-da artdyrdy. Türkmen halkynyň däp-dessurlary, yrym-ynançlary, milli gymmatlyklary nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetdi. Bu ýörelge ýaş nesliň kalbynda ata Watana, ene topraga, onuň taryhyna, diline, milli däp-dessurlaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmagy özüne sapak edinmekden başlanýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Dürdäne halk döredijiligimizde, gadymy rowaýatlarymyzda, şirin aýdym-sazlarymyzda, amaly-haşam sungatymyzda Nowruz pelsepesiniň öz hakyky beýanyny tapmagy halkymyzyň bu baýramyň mazmunyny asyrlar boýy baýlaşdyryp gelýändigine hem-de mizemez däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny ebedi saklamak nesillerimiziň öňündäki mukaddes borçdur» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryndan söz açylanda, ajaýyp baýramlary barada aýdyp geçmek hökmanydyr. Şol baýramlaryň arasynda türkmen halkynyň Milli bahar baýramy-da özboluşly orun eýeleýär. Türkmen halkynyň bu baýramy belleýşi taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar.

Orazgeldi AŞYROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy