"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbit esasynda işjeňleşdirilmegi doganlyk halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de sebitde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary halkara guramalaryň  we maksatnamalaryň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Muňa mysal hökmünde agzasak, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC), Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPECA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de onuň gerimini giňeltmekde ähmiýeti uludyr. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem sebitde ulag-logistika ulgamyndaky arabaglanyşygy ýokarlandyrmak babatda möhüm äd

Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr merkezi

Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamynda ençeme oňyn teklipler öňe sürülýär we bu teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamynda ençeme Kararnamalar kabul edildi. Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugrunda ýerleşen döwletleriň hemişe ykdysady we medeni ösüş derejesi ýokary bolupdyr.

Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip

Ýurdumyz häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda täze başlangyçlary öňe sürýär, bilelikdäki uly taslamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden has ýerlikli peýdalanmak bilen, häzirki wagtda sebitleri hem-de yklymlary birleşdirýän strategik ähmiýetli ýurda öwrülýär. Sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiziň üstaşyr kuwwata eýe bolmagy milli we ählumumy maksatlara gönükdirilen ulag diplomatiýasyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan möhüm ugruna öwürmäge ýardam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlara geçen umumy sapagyndaky çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Muňa Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyz geçmişde halklary we yklymlary birleşdiren bu şöhratly ýoly gaýtadan dikeltmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olary nusgalyk derejede, işjeň durmuşa geçirýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ýokarda agzalan çykyşynda: «Garaşsyz, Bitarap

Durnukly ösüş maksatlary durmuşa ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýär we bütin dünýäde kuwwatly senagatlaşýan döwlet hökmünde tanalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenilendir. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge doly mümkinçilik berýändigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, öz milli önümçiligimiziň hasabyna içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmaga gönükdirilýär. Bu maksatlara ýetmek üçin, ýurdumyzda maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmaga, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

Obasenagat toplumynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň möhüm şerti

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, pagta ýygymy möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň doly güýjünde ulanylmagynyň şu günüň möhüm talabydygyny nygtady.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde koreýaly kärdeşler bilen gämigurluşyk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

"Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýrtyn üns çekdiler. Şol sanda, gürrüň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyklaryny taslamak barada boldy. “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri türkmen gämigurluşyk zawodynda bar bolan döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. 

Täze üstünliklere tarap

Şu günler welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen badalga berlen güýzlük bugdaý ekişi ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Bugdaý ekilýän ýerleriň, tohumyň, döküniň, tehnikalaryň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň bu möhüm möwsüme doly taýýar edilmegi ekişiň öz wagtynda, ýokary derejede tamamlanjakdygyndan habar berýär. Bu gyzgalaňly möwsümde alnyp barylýan işler dogrusynda gyzyklanyp, «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Bossan Jumaýewa bilen söhbetdeş bolduk. — Bossan, söhbedimizi zähmet çekýän kärhanaňyzyň taryhyndan başlaýaly.

Ösüşleriň depgini batlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dokma senagatyny depginli ösdürmek babatda başyny başlan oňyn özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli dowam etdirilip, ajaýyp zamanamyzda gazanylýan zähmet ýeňişleriniň mysalynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Innowasion tehnologiýalara, kämil enjamlara daýanýan döwrebap önümçiliklerde pagtaçy-kärendeçilerimiziň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen gowaça hasylyndan taýýarlanylan çig mal gaýtadan işlenilip, sazlaşykly işleriň ýola goýulmagy dokma senagatynyň ykdysady görkezijileriniň yzygiderli artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ösüş depgini barha artýan döwrebap dokma kärhanalarynyň biri hem Türkmenabat pagta egriji fabrigidir. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilen häzirkizaman dokma kärhanasynda 500-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi gelin-gyzlardyr. Döwrebap dokma kärhanasynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýokary hilli dürli görnüşli ýüplükleriň 17700 tonnasyny taýýarlamaga niýetlenilip, her günde 50 tonna golaý önüm öndürilýär. Önümçiligiň ýola goýulmagy üçin gerek bolan çig mal welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Fabrikde Germaniýanyň «Trutşler» kompaniýasynyň önümi bolan ýigrimi sany darak enjamy, Italiýanyň «

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Elektroenergetika pudagynyň gadamlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ösüşine täze mümkinçilikleri açýar.

Täze desgalarda işler ileri

Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy sag kenaryň baýlyklaryny özleşdirmäge giň ýol açdy. «Gündogar Türkmenistanyň önümçilik sebiti» diýip at alan bu çäkde gysga wagtyň içinde birnäçe kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Olaryň arasynda Lebap sement zawody, Garlyk kaliý dag magdan toplumy, Künjek kän müdirligi ýaly iri senagat kärhanalary bar. Bu senagat kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin sag kenarda kuwwatlylygy 254 MWt-a barabar bolan «Watan» döwlet elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyz desganyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, bu ýerde sözlän sözünde şeýle diýdi: «Häzirki wagtda sebitde milli we halkara möçberli iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar bolsa dürli ulgamlarda — ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýar». Bu sözler gündogar sebitiň geljeginiň örän uludygyna güwä geçýär. Köýtendag etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kuwwatly elektrik stansiýasy döwrebap tehnologiýaly desgalar toplumyndan ybaratdyr. Onuň işi doly sanlylaşdyrylandyr. Bu bolsa stansiýanyň dolandyryş merkezinden — dispetçerlik nokadyndan ähli tehnologik işlere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Täze desgalar ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň önümleri bi

«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy

Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kubmetr tebigy gaz berýär. Bu işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi, ylaýta-da ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk şanly baýramçylygyna konserniň gazçylarynyň taýýarlan ajaýyp toý sowgadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy ösýär-özgerýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak babatda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Üstünlige mynasyp goşant

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär. Baýlyk çykaryjylar tarapyndan üstümizdäki ýylyň tamamlanýan her bir aýy ýokary önümçilik görkezijilerine beslenýär. Şanly ýylyň geçen döwründe lebaply gazçylaryň gazyp alan «mawy ýangyjy» 6 milliard 454,6 million kubmetre golaý boldy. Şonuň netijesinde meýilnama 114 göterimden gowrak berjaý edildi. Geçen döwürde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň 24 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagynda müdirligiň Naýyp liniýa önümçilik böleginiň gaz kondensatyny saklaýan we ýükleýän sehiniň başarjaň hünärmenleriniň mynasyp goşandy bar. — Biz Naýyp gaz käninden sehimize gelip gowuşýan çig maly talabalaýyk saklamak we ýüklemek bilen baglanyşykly işleri bökdençsiz ýerine ýetirýäris. Bölümimizde dürli hünärli işgärleriň 34-si bolup, olaryň her biri wezipe borjunyň belentliginde bolmagy başarýar. Şonuň netijesinde önümçilik meýilnamalarymyzy aýba-aý üstünlikli berjaý edýäris — diýip, sehiň başlygy Arslan Berdinýazow gürrüň berýär.

Ösüş depgini artýar

Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen adygan «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda senagat önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda polipropilenden haltalyk matalaryň 819 tonnasy, pul hasabynda bolsa 26 million 289 müň 443 manatlygy taýýarlanyldy. Hususy kärhanada mundan başga-da her aýda gök, miwe, bakja önümlerini salmaga niýetlenilen plastmassa gaplarynyň hem 45-50 tonna golaýy öndürilýär. Önümçilige gerekli çig malyň aglabasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul edýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen «Безостая 100» we «Алексеич» ýaly görnüşlerine degişlidir.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty däneli ekinleri üstaşyr geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dürli görnüşli harytlary üstaşyr geçirmek üçin döwrebap we möhüm ulag-logistika merkezidir. Daşary döwletlerden, hususan-da, Russiýa Federasiýasyndan däneli ekinleri import edip, üstaşyr geçirmek portuň esasy işleriniň biridir.  Russiýanyň Astrahan sebitinden getirilýän däneli ekinler portuň iki sany - umumy we ürgün ýük terminallary arkaly kabul edilip, gerekli ýerlere ugradylýar. Portuň amatly döwrebap mümkinçilikleri kabul edilýän däneli ekinleri tiz düşürip, ýüklemäge we ýerleşdirmäge şertleri döredýär. Ürgün ýük terminalynda däneli ekinler ýörite silos enjamlarynda arassalanyp ugradylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, umumy kuwwaty 35 000 m3 bolan 14 sany häzirki zaman däne siloslary bolup, olar däne önümlerini çyglylykdan gorap, önümiň ygtybarly iberilmegi üçin ähli amatly şertleri döredýär.

Durnukly ykdysady ösüş — abadan durmuşyň kepili

Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ägirt uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda-da milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüş gazanylyp, önümçilik meýilnamalary öz wagtynda doly ýerine ýetirildi. Munuň şeýledigini 8-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen hasabatlardan hem aýdyň görmek bolýar. Mejlisde geçen sekiz aýda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada beýan edilen hasabatlardan görnüşi ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6 göterim, çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artdy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki wagtda takyk hasaplamalara daýanýa

Gazanylan netijeler, möhüm wezipeler

Düýn ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Toplumlarda guralan maslahatlara milli ykdysadyýetimiziň degişli ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine ýetirilen işlere baha berildi, olaryň jemleri jemlendi hem-de öňde duran wezipeler kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygy, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak we kabul etmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygy hakynda tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça hasabatlar diňlenildi.

Üç asyryň şaýady

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän kärhanalaryň iň irkileriniň biri hem Gyzylarbat etrabyndaky wagon abatlaýyş zawodydyr. Bu kärhananyň taryhy öz gözbaşyny XIX asyryň aýaklaryndan alyp gaýdýar. 1880-nji ýylda Zakaspiý demir ýolunyň çekilip başlanmagy bilen, bir ýyldan soň, bu ýerde Gyzylarbat parowoz abatlaýyş ussahanasy gurulýar. 1882-nji ýylyň maý aýynda tehniki enjamlaryň gurnalmagy netijesinde, zawodyň işgärleri tarapyndan birnäçe wagon ulanyşa goýberilýär. 1889-njy ýylda 716 adamdan ybarat zähmet topary Zakaspiý demir ýolunda 273 sany ýolagçy wagonlarynyň, 35 sany hem ýük wagonlarynyň hereket etmeginde gaýratlylyk görkezipdir. Taryhy maglumatlardan çen tutsaň, şol döwürde ýurdumyzyň çäginde üç sany wagon abatlaýyş zawody bolupdyr. Şolaryň iň irkisi Gyzylarbat etrabynda ýerleşipdir. Zawodyň gurulmagy bilen, bu ýerde ilat sany hem artypdyr. Dürli halklaryň wekilleri bu kärhana ykbalyny baglap, öz rysgyny tapypdyr. 1905 — 1907-nji ýyllarda zawodda müňden gowrak adam zähmet çekipdir. 1917-nji ýylda bu ýerde ilkinji bronlanan otly döredilýär. Şol otlynyň maketi häzir Moskwadaky degişli muzeýde saklanylýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardylan pagta süýümini, şeýle hem dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak boldy.

Katardaky «EKSPO — 2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny «Söwda öýi» kärhanasy gurar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmak hem-de «Daşky gurşawyň hatyrasyna «ýaşyl» tebigat» diýen şygar astynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Söwda öýi» kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.