«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy

11 Sentýabr 2023
416

Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kubmetr tebigy gaz berýär. Bu işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi, ylaýta-da ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk şanly baýramçylygyna konserniň gazçylarynyň taýýarlan ajaýyp toý sowgadydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy ösýär-özgerýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak babatda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».