Gazanylan netijeler, möhüm wezipeler

11 Sentýabr 2023
540

Düýn ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Toplumlarda guralan maslahatlara milli ykdysadyýetimiziň degişli ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine ýetirilen işlere baha berildi, olaryň jemleri jemlendi hem-de öňde duran wezipeler kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygy, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak we kabul etmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygy hakynda tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça hasabatlar diňlenildi.

(Ýörite habarçymyz).