Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr merkezi

17 Sentýabr 2023
435

Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamynda ençeme oňyn teklipler öňe sürülýär we bu teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamynda ençeme Kararnamalar kabul edildi. Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugrunda ýerleşen döwletleriň hemişe ykdysady we medeni ösüş derejesi ýokary bolupdyr.

Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.