Ösüşleriň depgini batlanýar

13 Sentýabr 2023
473

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dokma senagatyny depginli ösdürmek babatda başyny başlan oňyn özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli dowam etdirilip, ajaýyp zamanamyzda gazanylýan zähmet ýeňişleriniň mysalynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Innowasion tehnologiýalara, kämil enjamlara daýanýan döwrebap önümçiliklerde pagtaçy-kärendeçilerimiziň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen gowaça hasylyndan taýýarlanylan çig mal gaýtadan işlenilip, sazlaşykly işleriň ýola goýulmagy dokma senagatynyň ykdysady görkezijileriniň yzygiderli artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Ösüş depgini barha artýan döwrebap dokma kärhanalarynyň biri hem Türkmenabat pagta egriji fabrigidir. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilen häzirkizaman dokma kärhanasynda 500-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi gelin-gyzlardyr. Döwrebap dokma kärhanasynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýokary hilli dürli görnüşli ýüplükleriň 17700 tonnasyny taýýarlamaga niýetlenilip, her günde 50 tonna golaý önüm öndürilýär. Önümçiligiň ýola goýulmagy üçin gerek bolan çig mal welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Fabrikde Germaniýanyň «Trutşler» kompaniýasynyň önümi bolan ýigrimi sany darak enjamy, Italiýanyň «Marzoli» kompaniýasynyň önümi bolan ýigrimi dört sany egriji enjam, Italiýanyň «Sawiýa» kompaniýasynda öndürilen on bir sany saraýjy enjam gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýär. Önümçiligiň yzygiderliligine laýyklykda ýokary hilli önümiň alynmagy üçin işiň barşynda iki hatar tüýdüji enjam pagtany tüýdüp, awtomatik usulda geçirijileriň üsti bilen saýyjy enjama geçirýär. Bu ýerde pagta dolulygyna arassalanylyp, darak enjamlaryna gelýär. Pagtalar daraklanylyp, ýörite enjama goýberilýär hem-de dürli görnüşli we dürli hilli pagta süýümi bir görnüşe getirilýär. Ýörite enjamdan çykýan 8 sany süýüm birleşdirilip, bir görnüşe getirilýär. Soňra ýüplükler çala tow beriji enjama geçirilýär. Kärhananyň egirme bölüminde 1200 sany ik, 24 sany egirme maşyny işledilýär. Bu ýerde, esasan, halkaly egirme işi ýerine ýetirilýär. Saýyjy enjamda işlenilen pagtanyň galyndylarynyň käbir bölegi kärhananyň özünde gaýtadan işlenilýär. Saraýjy bölümde agramy 2,5 kilogramdan gowrak bolan ýumaklar taýýarlanylyp, gaplama bölümine geçirilýär. Fabrigiň önümleri ýurdumyzyň içerki bazary bilen bir hatarda daşary ýurtlara hem bökdençsiz ugradylyp, islegli haryda öwrülýär. Ýeri gelende belläp geçsek, nah pagta ýüplügini satyn alýan daşary ýurtly sarp edijileriň hatarynda Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe ýaly döwletler hem bar. Işleri barha ilerleýän bu önümçilik kärhanasynda, esasan-da, nah ýüplükleriň 20; 27; 34 belgili görnüşleri öndürilýär. Fabrikde «ak altyny» gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nah ýüplük öndürmekde agzybir işçi-hünärmenler yhlasly zähmet çekýärler. Döwrebap dokma kärhanasynda taýýarlanylýan nah ýüplügiň hil derejesine aýratyn ähmiýet berlip, berk gözegçilikde saklanylýar. Kämil enjamlara daýanýan döwrebap barlaghana çig malyň, şeýle-de öndürilýän önümleriň hil derejesini çalt we takyk kesgitlemäge uly mümkinçilik berýär. Fabrikde taýýarlanylan ýokary hilli önümler uly islegden peýdalanýar.

Şanazar ROZYGELDIÝEW,
welaýat Teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.